Türkmenistan — BMG: parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmak ugrunda hyzmatdaşlyk

3 Mart 2021
1040

AŞGABAT, 2-nji mart (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygyna bagyşlanyp, “Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty geçirildi.

Maslahatyň barşynda ikitaraplaýyn resminamalara onlaýn tertipde gol çekmek dabarasy boldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) arasynda bilelikde maliýeleşdirmek hakynda Ylalaşyga, şeýle hem Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we ÝUNFPA arasynda 2021-nji ýyl üçin “Ýaşlaryň milli ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge hem-de gender deňligini ilerletmäge gatnaşmagynyň gurallaryny pugtalandyrmak” taslamasynyň çäklerinde Iş meýilnamasyna gol çekildi.

Beýleki habarlar