Goňşudan goňşa nur ýagýar

10 Mart 2021
1099

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň 14-nji ýanwarda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki «Ruhyýet» köşgünde geçirilen giňişleýin göçme mejlisinde sözlän sözünde şeýle diýdi: «Örän iri energetika ýurdy, Ýewraziýanyň örän möhüm ulag-üstaşyr geçiriji merkezleriniň biri hökmünde biziň ýurdumyz öz mümkinçiliklerini parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, giň möçberli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bähbitlerine hyzmat etmäge gönükdirdi». Ine, şu sözlerden görnüşi ýaly, Türkmenistan 14-nji ýanwarda goňşy Owganystan döwletine kömek-goldaw bermekde dünýä nusgalyk iş etdi. Şol gün bu iki halkyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň nyşany hökmünde amala aşyrylan iri taslamalaryň işe girizilmegine badalga berildi. Şol taslamalaryň biri-de, Kerki — Şibirgan ugry boýunça gurlan elektrik geçiriji ulgamydyr. Umumy uzynlygy 153 kilometre barabar bu elektrik geçiriji güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik toguny goňşy Owganystan döwletiniň Mazari-Şarif şäherine çenli eltip bilýär. Bu şäherde ol ýörite gurlan beketde kabul edilip, degişli ugurlara paýlanylýar. Häzirki wagtda türkmen elektrik energiýasyny, bu goňşy ýurt, ylaýta-da, onuň demirgazyk welaýatlary peýdalanýar. Bu ulgam 2022-nji ýylyň başyna Owganystanyň Puli-Humri we Kabul şäherlerine barar. Şunlukda, goňşy ýurtda türkmen elektrik energiýasyny ulanýanlaryň sany 9 million adama ýeter.

Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň bahasy hem öňküsinden arzanladyldy. Bu bolsa ýurduň ykdysadyýetiniň dikeldilmeginde we Owganystanyň halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Şeýlelikde, Türkmenistan bu goňşy ýurdy parahatçylykly dikeltmäge işjeň gatnaşmak bilen, onuň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine ýardam edýär. Ýurdumyz Owganystana diňe elektrik energiýasyny däl-de, eýsem, suwuklandyrylan gazy hem ýeňillikli şertlerde iberýär. Şeýle hem ýurdumyz goňşy döwletde durmuş maksatly desgalaryň-da birnäçesini gurup berdi we bu iş ýene-de dowam etdirilýär.

Hudaýberen ABRAÝEW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Merdan ORAZOW.
Beýleki habarlar