"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Ha­zar — kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gyň mer­ke­zi

Türk­me­nis­tan ge­og­ra­fik taý­dan amat­ly çäk­de — Mer­ke­zi Azi­ýa we Ha­zar deň­zi se­bi­tin­de ýer­leş­mek bi­len, Ýew­ra­zi­ýa­nyň iri söw­da ýol­la­ry­ny bir hal­ka bi­rik­dir­ýän Ha­zar­ýa­ka gi­ňiş­lik­dä­ki ägirt uly te­bi­gy baý­lyk­la­ryň me­ka­ny hök­mün­de ta­nal­ýar. Bu se­bi­tiň yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­ri di­ňe bir ulag we ener­ge­ti­ka däl, eý­sem, söw­da, se­na­gat, ma­ýa go­ýum we sy­ýa­hat­çy­lyk bi­len hem bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Ag­za­lan ugur­lar bo­ýun­ça bar bo­lan müm­kin­çi­lik­le­ri ne­ti­je­li peý­da­lan­mak Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň her bi­ri üçin yk­dy­sa­dy taý­dan örän bäh­bit­li­dir. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýur­du­myz «Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­nyň 2017 — 2023-nji ýyl­lar üçin Kon­sep­si­ýa­sy­na» la­ýyk­lyk­da üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň Ha­zar ug­ru­ny has-da iş­jeň­leş­dir­ýär. Mu­nuň şeý­le­di­gi Türk­me­nis­ta­nyň Ha­zar­ýa­ka se­bi­ti söw­da, se­na­gat, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka, ulag we sy­ýa­hat­çy­lyk ul­gam­la­ry bo­ýun­ça ösen mer­ke­ze öwür­mek ba­bat­da alyp bar­ýan iş­le­rin­d

Dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine eýerip

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Buýrugynyň esasynda özara hormat goýmak we özara kömek bermek ýörelgelerinden ugur alyp, Türkmenistan dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň nyşany hökmünde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatyna ynsanperwerlik ýüküni ugratdy. Goňşy ýurtlar bilen netijeli, ynanyşmak gatnaşyklaryny ösdürmek Bitarap Watanymyzyň daşary syýasy ýörelgeleriniň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhletli geljege gönükdirilen hemişelik dostlukly we oňyn hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Iki ýurduň halklarynyň arasynda taryhy taýdan ýola goýlan gatnaşyklar häzirki döwürde täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

ÝUNESKO: özara hyzmatdaşlygyň taryhy, şu güni we geljegi

Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamy BMG-niň özünden we onuň bilen baglanyşykly işleri alyp barýan maksatnamalar, gaznalar we ýöriteleşdirilen edaralar diýlip atlandyrylan guramalaryň 30-dan gowragyndan ybaratdyr. Bu guramalar BMG-niň çäklerinde öz işlerini alyp barýandyklaryna garamazdan, özbaşdak agzalyk düzüme, ýolbaşçylara we býujete eýedir. Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary onuň bilen bilelikde işleýän özbaşdak guramalar bolup, olaryň BMG bilen özara gatnaşyklarynyň tertibi ýörite ylalaşyklarda beýan edilendir. Bu ylalaşyklar BMG-niň çäklerinde hereket etmäge kanuny esas bolup hyzmat edýär.

Abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk

Milli Liderimiz Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen maslahatyna gatnaşdy 31-nji martda döwlet Baştutanymyz Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň hormatly başlygy Nursultan Nazarbaýewiň çakylygy boýunça Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen (Türki geňeş) resmi däl maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Ýurdumyzyň wekiliýetiniň Moskwa sapary türkmen-rus gatnaşyklarynyň köpugurly häsiýete eýedigini tassyklaýar

Bilşimiz ýaly, 30-njy martda hormatly Prezidentimiz Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň wekiliýeti 30-njy martdan 2-nji aprel aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine iş saparyna ugradyldy. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklaryny, iki ýurduň daşary işler ministrleriniň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek iş saparynyň esasy maksady boldy. Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň gadymdan gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak däplerine esaslanýan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge bolan gyzyklanmalary Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň 30-njy martda geçirilen duşuşygynda tassyklanyldy. Topara Russiýa tarapyndan başlyklyk ediji, Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary A.Owerçuk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň sazlaşykly ösýändigini, şunda döwletara aragatnaşyklaryň netijeli guraly bolan hökümetara topara möhüm ornuň degişlidigini nygtady.

Özara bähbitli gatnaşyklar ösdürilýär

Hormatly Prezidentimiziň 30-njy martda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, ýurdumyzyň wekiliýeti 30-njy martdan 2-nji aprel aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine iş saparyna ugradyldy. 30-njy martda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Bu topara türkmen tarapyndan başlyklyk ediji, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hem-de wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygy M.Mişustin bilen bolan duşuşykda Russiýanyň aýry-aýry sebitlerini, iri senagat we medeni merkezlerini öz içine alýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdylar. Hökümetara toparyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, türkmen-rus we rus-türkmen işewürlik geňeşleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly teklipler öňe sürüldi. Bu işe iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň çekilmeginiň möhümdigi bellenildi.

Dostluk däplerine eýerip

Beýik işlere badalga

Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan parasatly syýasaty ilatyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakdan, ykdysadyýetimizi ösdürmekden we halkara gatnaşyklarymyzy has-da kämilleşdirmekden ybaratdyr. Türkmenistan häzire çenli dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Türkmenistan bu günki gün diňe bir Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolman, eýsem, ykdysady hyzmatdaşlykda netijeli nusgalary işläp taýýarlamaga ýardam berýändigi bilen döwletler arasynda dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmekde işjeň orny eýeleýär.

Ählumumy abadançylygyň hem-de durnuklylygyň hatyrasyna

Milli Liderimiz Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen maslahatyna gatnaşdy 31-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň hormatly başlygy Nursultan Nazarbaýewiň çakylygy boýunça Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen (Türki geňeş) resmi däl maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Türkmenistan — Russiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýoly bilen

Mälim bolşy ýaly, 30-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň wekiliýeti 30-njy martdan 2-nji aprel aralygynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklaryny, iki ýurduň daşary işler ministrleriniň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek maksady bilen Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine iş saparyna ugradyldy. Şeýle hem saparyň meýilnamasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak we Russiýanyň döwlet edaralarynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk hakyndaky resminamalara gol çekmek bellenildi. Türkmenistany we Russiýa Federasiýasyny gadymdan gelýän dostluk gatnaşyklary, taryhy taýdan ýola goýlan hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde strategik hyzmatdaşlyk esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda sazlaşykly ösdürilýär. Biziň ýurtlarymyz abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklary ýola goýmak arkaly, sebit hem-de ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, abadançylygyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly wajyp meseleler b

Ebedi dostluk

Daşkent şäherindäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi. Russiýa Federasiýasynyň G.W.Plehanow adyndaky ykdysadyýet institutynyň Daşkent şahamçasynyň «Daşary ýurt dilleri we ynsanperwer dersleri» kafedrasynyň dosenti, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Röwşen Nazarow türkmen we özbek halklarynyň geçmiş-taryhyny, medeniýetini, sungatyny ylmy taýdan öwrenýär. Ol ýurdumyzda geçirilýän halkara ylmy maslahatlara, forumlara yzygiderli gatnaşýar. Golaýda tanymal özbek alymy Röwşen Nazarow iki dostlukly halkyň geçmiş-taryhy we şu güni barada gürrüň berýän makalasyny redaksiýamyza iberdi.

Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahaty

Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de ikitaraplaýyn, şonuň ýaly-da, köpugurly görnüşde özara bähbitli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti – Ýelbasy, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň hormatly başlygy Nursultan Nazarbaýewiň çakylygy boýunça Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen resmi däl maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. 2009-njy ýylda döredilen bu halkara guramasynyň düzümine Azerbaýjan Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Özbegistan Respublikasy we Türkiýe Respublikasy girýär. Türki dilli ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy kökleriň, medeni hem-de ruhy däpleriň umumylygy baglanyşdyrýar. Häzir bu hoşniýetli däpler täze dowamata hem-de mazmuna eýe bolup, köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin oňyn şertleri döredýär. Onuň binýadynda bolsa hoşniýetli erk, egsilmez mümkinçilikler hem-de öňegidişlige we gülläp ösüşe umumy maksatlar durýar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Energiýa howpsuzlygy, ulag we ekologiýa sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarydyr

Milli Liderimiz Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen maslahatyna gatnaşdy Aşgabat, 31-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň hormatly başlygy Nursultan Nazarbaýewiň çakylygy boýunça Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen (Türki geňeş) resmi däl maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatynda eden çykyşy

(2021-nji ýylyň 31-nji marty) Türki dilli ýurtlaryň hormatly döwlet Baştutanlary!

Türkmen halkynyň köpasyrlyk ynsanperwerlik, watançylyk we edermenlik däpleri baýlaşdyrylýar

Aşgabatda Muhammet Baýram han Türkmene bagyşlanan halkara maslahat geçirildi AŞGABAT, 31-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzda sanly ulgam arkaly “Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri” atly halkara maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilen maslahat ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi, Bilim ministrligi hem-de Ylymlar akademiýasy tarapyndan guraldy.

Halkara hyzmatdaşlyk

Türkmenistan halkara guramalar, esasan-da, Birleşen Milletler Guramasydyr onuň düzümleri, şonuň ýaly-da dünýä döwletleri üçin işjeň, ynamdar, ygtybarly hyzmatdaş bolmak bilen, hemişe halkara hukuk kadalarynyň ileri tutulmagynyň tarapdary bolup çykyş edýär. Şonuň bilen birlikde-de, olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine, demokratik ýörelgeleriň rowaçlanmagyna mynasyp goşant goşýar. Türkmenistanda geçirilen halkara maslahatlarda kabul edilen resminamalaryň BMG-niň resminamasy hökmünde kabul edilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň iri halkara bileleşigiň döwrebap ýörelgelerine we maksatlaryna laýyk gelýändigini görkezýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmegi, BMG-niň Baş Assambleýasynyň agza döwletleriniň 73-siniň awtordaş bolmagynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýetiniň uludygyny görkezýär.

Parlamentara gatnaşyklar ösdürilýär

Mejlisiň wekilleri Parlamentara birleşigiň 22 — 26-njy mart aralygynda wideoaragatnaşyk arkaly «Parlamentariler üçin maslahat» atly bäş günlük maglumat forumyna gatnaşdylar. Forumyň dowamynda Parlamentara birleşigiň işiniň esasy ugurlaryna, onuň BMG-niň Baş Assambleýasynyň synçysy derejesiniň çäklerinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň işine gatnaşmagynyň möhüm ugurlaryna garaldy. Adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekde, milli kanunçylygy halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryna utgaşdyrmakda, kommunikasiýa hyzmatlaryny sanlylaşdyrmakda, parlament diplomatiýasyny ösdürmekde, Parlamentara dostluk toparynyň ornuny berkitmekde parlamentiň eýeleýän orny boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Hyzmatdaşlyk berkidilýär

Mejlisiň wekilleri Parlamentara birleşigiň 22 — 26-njy mart aralygynda wideoaragatnaşyk arkaly «Parlamentariler üçin maslahat» atly bäş günlük maglumat forumyna gatnaşdylar. Forumyň dowamynda Parlamentara birleşigiň işiniň esasy ugurlaryna, onuň BMG-niň Baş Assambleýasynyň synçysy derejesiniň çäklerinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň işine gatnaşmagynyň möhüm ugurlaryna garaldy. Adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekde, milli kanunçylygy halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryna utgaşdyrmakda, kommunikasiýa hyzmatlaryny sanlylaşdyrmakda, parlament diplomatiýasyny ösdürmekde, Parlamentara dostluk toparynyň ornuny berkitmekde parlamentiň eýeleýän orny boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk Mejlisiň wekilleri Parlamentara birleşigiň 22 — 26-njy mart aralygynda wideoaragatnaşyk arkaly «Parlamentariler üçin maslahat» atly bäş günlük maglumat forumyna gatnaşdylar.

Halkara gatnaşyklaryň esasy ugry

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň dost-doganlyk ýörelgesiniň esasy bolup durýar. Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda gazanýan üstünlikleri, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumadamzat ösüşlerine bagly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk ýörelgesi dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren teklibi esasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Ýer ýüzünde ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk ýörelgesiniň belent dabaralanmasy boldy. Döwletimiziň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan «Açyk gapylar» syýasaty hoşniýetli daşary syýasatymyzyň esasy ýörelgesi bolup durýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasynda «2021-nji ýylyň — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy boýunça işlere halkara bileleşigini jebisleşdirmäge, hususan-da, durnukly parahatçylyga,