Özara bähbitli gatnaşyklar ösdürilýär

2 Aprel 2021
840

Hormatly Prezidentimiziň 30-njy martda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, ýurdumyzyň wekiliýeti 30-njy martdan 2-nji aprel aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine iş saparyna ugradyldy. 30-njy martda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi.

Bu topara türkmen tarapyndan başlyklyk ediji, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hem-de wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygy M.Mişustin bilen bolan duşuşykda Russiýanyň aýry-aýry sebitlerini, iri senagat we medeni merkezlerini öz içine alýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdylar. Hökümetara toparyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, türkmen-rus we rus-türkmen işewürlik geňeşleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly teklipler öňe sürüldi. Bu işe iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň çekilmeginiň möhümdigi bellenildi.

Beýleki habarlar