Halkara hyzmatdaşlyk

30 Mart 2021
1035

Türkmenistan halkara guramalar, esasan-da, Birleşen Milletler Guramasydyr onuň düzümleri, şonuň ýaly-da dünýä döwletleri üçin işjeň, ynamdar, ygtybarly hyzmatdaş bolmak bilen, hemişe halkara hukuk kadalarynyň ileri tutulmagynyň tarapdary bolup çykyş edýär. Şonuň bilen birlikde-de, olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine, demokratik ýörelgeleriň rowaçlanmagyna mynasyp goşant goşýar. Türkmenistanda geçirilen halkara maslahatlarda kabul edilen resminamalaryň BMG-niň resminamasy hökmünde kabul edilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň iri halkara bileleşigiň döwrebap ýörelgelerine we maksatlaryna laýyk gelýändigini görkezýär.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmegi, BMG-niň Baş Assambleýasynyň agza döwletleriniň 73-siniň awtordaş bolmagynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýetiniň uludygyny görkezýär.

Eziz ANNAÝEW,
Ahal welaýat kazyýetiniň kazysynyň kömekçisi.
Beýleki habarlar