"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

«EKSPO-2020» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli güni

Türkmenistanyň «EKSPO-2020» sergisine gatnaşmagynyň esasy maksady özygtyýarly ösüşiň 30 ýylynda dürli ugurlarda gazanylan üstünlikleri dünýä ýaýmakdan, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekden, öndürilýän harytlaryň eksportyny artdyrmakdan ybaratdyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmen döwletiniň Bütindünýä sergä gatnaşmagyna tutuş dünýäde parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine hoşniýetli başlangyç hökmünde garaýandygyny bellemek gerek. Mähriban Arkadagymyz BAE iş saparyny amala aşyryp, Dubaý şäherinde geçirilýän «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guralan Türkmenistanyň milli gününe gatnaşdy. 4,3 inedördül kilometr meýdanda ýörite gurlan ägirt uly «EKSPO-2020»-niň esasy konsepsiýasy serginiň «Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris» diýen şygarynda öz beýanyny tapdy. Serginiň çägi «Mümkinçilik», «Ykjamlylyk» we «Durnukly ösüş» diýlip atlandyrylan bölümlere bölündi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisiniň Baş kabul ediş merkeziniň girelgesiniň öňünde BAE-niň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri, «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisiniň baş direktory Rimal Al Haşimi garşylady. Merkeziň eýwanynda iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bil

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen onlaýn duşuşyklar

Türkmen-russiýa ykdysady forumy

Aşgabat, 20-nji oktýabr (TDH). Şu gün sanly ulgam arkaly VIII türkmen-russiýa ykdysady forumy geçirildi. Iki ýurduň Söwda-senagat edaralary tarapyndan guralan bu çäre bilelikdäki maýa goýum we önümçilik taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak, senagat we gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, dokma pudagy, oba hojalygy hem-de logistika, syýahatçylyk, sanly tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek, giňeltmek maksady bilen guraldy.

Halkara habarlar

AWSTRIÝADA Golaýda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky ilçihanasy Türkmen-awstriýa jemgyýeti hem-de Wenanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Söwda öýi bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirdi. Awstriýanyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň wekilleri, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, işewür toparlaryň agzalary, Wenanyň Diplomatiýa akademiýasynyň professor-mugallymlary, bu ýurtda okaýan türkmen talyplarydyr žurnalistler dabaranyň myhmanlary boldular.

Köpýyllyk hyzmatdaşlyk — belent ynam

Hormatly Prezidentimiz «Lukoýl» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi 19-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Lukoýl» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Myhman milli Liderimize wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. «Lukoýl» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy şeýle hem döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady we milli Liderimize eziz Watanymyzyň hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Netijeli gatnaşyklar pugtalandyrylýar

Hormatly Prezidentimiz «Rönesans Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi 19-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Rönesans Holding» türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy hem-de özara söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygyň birnäçe wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi. Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimizi, ähli türkmen halkyny döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk senesi bilen gutlady hem-de belent halkara abraýa eýe bolan Türkmenistanyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna tarap mundan beýläk-de okgunly öňe gitmegini arzuw etdi.

Netijeli hyzmatdaşlyk ösdürilýär

19-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Lukoýl» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Myhman milli Liderimize wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýanyň işewür toparlarynyň, hususan-da, ýolbaşçylyk edýän nebit kompaniýasynyň ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. «Lukoýl» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady we milli Liderimize eziz Watanymyzyň hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Parlamentara gatnaşyklar pugtalandyrylýar

Şu hepdäniň duşenbe güni Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenkonyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyny Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady hem-de üçünji Ýewraziýa zenanlar forumynyň ýokary guramaçylyk derejesini belledi.

Türkmen halysy — gözellik baýdagy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň baýramy mynasybetli ulanylmaga berlen il- -ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli döwrebap binalardyr desgalar ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatynyň has-da artýandygynyň subutnamasydyr. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, halyçylyk sungatynda hem uly ösüşler gazanylýar. Şeýle ajaýyp günlerde ýurt bähbitli belent sepgitlere nazar aýlamak has-da ýakymlydyr. Hut şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýlanan ýylynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde beýik binalaryň, ajaýyp desgalaryň açylyp, ulanylmaga berilmegi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Pähimdar ata-babalarymyzyň gurmak, döretmek, bina galdyrmak ýaly asylly ýörelgeleri bu günki bagtyýarlyk döwrümizde dünýä ýaýylýar. Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Baýramalydaky önümhanasynyň täze binasynyň ulanylmaga berilmegi hem halkymyz üçin begençli wakalaryň biri boldy. Bu taryhy waka ussat halyçy gyz-gelinlerimiziň şatlygyna şatlyk goşdy. Bu önümhananyň müdiri, Türkmenistanyň at gazanan halyçysy Orazsoltan Baýramowa biziň bilen şatlygyny paýlaşdy.

Demokratik ýörelgelere daýanyp

Düýn Özbegistan Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasynda dostlukly goňşy döwletde şu ýylyň 24-nji oktýabrynda geçiriljek Prezident saýlawlaryna bagyşlanan brifing geçirildi. Oňa paýtagtymyzdaky ilçihanalaryň, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Brifingde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Akmaljon Kuçkarow çykyş edip, saýlawlary demokratik ýörelgelere laýyklykda, açyklyk hem-de aýdyňlyk ýagdaýynda geçirmek boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda gürrüň berdi. Habar berlişi ýaly, saýlawlara syýasy partiýalar tarapyndan hödürlenen 5 dalaşgär gatnaşýar. Olaryň dalaşgärlik maksatnamalarynda ýurdy, özbek jemgyýetini geljekde-de ösdürmegiň möhüm ugurlary beýan edilýär.

«EKSPO — 2020»: ösüşleriň hem özgerişleriň aýnasy

Halkara sergiler edarasy häzirki döwürde EKSPO sergileriniň 4 görnüşini guraýar we olaryň arasynda «EKSPO» Bütindünýä sergisi has meşhurdyr. Bu sergini medeniýet, taryh, bilim we sungat ugurlary boýunça geçirilýän olimpiýa meňzetsek hem ýalňyş bolmasa gerek. «EKSPO» Bütindünýä sergisi oňa gatnaşyjy döwletleriň ykdysady mümkinçiliklerini, senagat taýdan ösüşini, milli aýratynlyklaryny, eksport artykmaçlyklaryny açyp görkezýän we dünýäniň tas ähli döwletlerini özünde birleşdirýän çäredir. Şu ýylyň 1-nji oktýabrynda açylan we 6 aý dowam etjek «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisiniň «Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris» diýen şygar astynda geçirilmegi dünýäniň ählumumylaşýandygyny we onda her bir döwletiň öz ornunyň, garaýyşlarynyň, sözüniň bardygyny hem-de bolmalydygyny ýene bir ýola ýüze çykardy. Gürrüňi edilýän şygaryň saýlanylyp alynmagy dünýä ykdysadyýetiniň kynçylykly döwri başdan geçirýän häzirki günlerinde has-da aýratyn mana eýedir. Bu şygar halkara jemgyýetçilikde we döwletara gatnaşyklarda emele gelen hem-de çözgüdine garaşýan «gyzgyn» meseleleri aradan aýyrmakda, döwletara, halkara gatnaşyklarda ikitaraplaýyn, şeýle-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde, ykdysady gatnaşyklary kadalaşdyrmakda, şonuň b

Özara bähbitli gatnaşyklar berkeýär

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz sebitde we dünýäde umumadamzat bähbitlerini nazarlaýan ynsanperwer syýasaty alyp barýar. Bu ugurda yzygiderli teklipler we başlangyçlar bilen çykyş edýär. 15-nji oktýabrda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň onlaýn tertipde geçirilen Geňeşine gatnaşmak bilen, döwlet Baştutanymyz, däp bolşy ýaly, sebitiň durmuşy bilen bagly birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. hormatly Prezidentimiz onlaýn tertipde eden çykyşynda GDA-nyň umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän deňhukukly gatnaşyklary giňeltmek üçin täsirli gurama bolup durýandygyny belledi.

Parlamentara gatnaşyklar ösdürilýär

18-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyny Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady hem-de üçünji Ýewraziýa zenanlar forumynyň ýokary guramaçylyk derejesini belledi.

Merkezi Aziýa: hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly mümkinçilikler

Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen 3-nji konsultatiw duşuşygy gazanylan netijeler babatda alanyňda, juda ähmiýetli boldy. Şol gün birbada 6 sany halkara derejeli çäräniň geçirilmegi sebitiň ýurtlarynyň ykdysady mümkinçiliklerine, ösüşlerine göz ýetirmäge, halklaryň milli däp-dessurlary, aşhana sungaty bilen tanyşmaga, doganlyk döwletleriň hususy pudaklarynyň wekilleri bilen özara tejribe we pikir alyşmaga mümkinçilik berdi. Biziň hem Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde geçirilen milli önümleriň halkara sergisinde Gyrgyz Respublikasynyň Söwda-senagat palatasynyň uly wise-prezidenti Roman Kasymow bilen eden söhbetdeşligimiz soňra internet arkaly dowam etdi. — Roman Pazylowiç, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 3-nji konsultatiw duşuşygynda sebitiň ykdysady we telekeçilik işjeňligine ýardam bermek boýunça Işewürler geňeşini döretmek baradaky teklibi öňe sürdi. Şeýle geňeşiň döredilmegi sebitiň söwda dolanyşygyny artdyrmakda neneňsi orun eýelär di

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy

(2021-nji ýylyň 15-nji oktýabry) Hormatly döwlet Baştutanlary!

Türkmenistan — GDA: köpugurly, netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlylyk

15-nji oktýabrda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň onlaýn tertipde geçirilen mejlisine gatnaşdy Ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibine GDA-nyň çäklerinde dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de birnäçe resminamalary kabul etmäge degişli möhüm meseleleriň birnäçesi girizildi. Şunuň bilen baglylykda, tamamlanyp barýan ýylda bilelikdäki işiň jemleri jemlenildi, geljek döwür üçin ileri tutulýan ugurlar bellenildi.

Türkmenistan — dünýä ýollarynyň altyn derwezesi (Ýaş žurnalistiň sözi)

Mälim bolşy ýaly, 14 — 16-njy oktýabr aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekin şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahaty geçirildi. «Durnukly ulag, durnukly ösüş» atly utgaşykly tertipde geçirilýän bu foruma HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça onlaýn tertipde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Onuň dowamynda döwlet Baştutanymyz giň mazmunly taryhy çykyş etmek bilen, häzirki döwürde Ýer ýüzünde durnukly ulag ulgamyny kemala getirmekde Türkmenistanyň örän möhüm orun eýeleýändigini ýene bir ýola doly subut etdi. DURNUKLY ULAG ULGAMY — XXI ASYRYŇ TALABY

Gatnaşyklar ösdürilýär

15-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň onlaýn tertipde geçirilen mejlisine gatnaşdy. Ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibine GDA-nyň çäklerinde dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de birnäçe resminamalary kabul etmäge degişli möhüm meseleleriň birnäçesi girizildi. Şunuň bilen baglylykda, tamamlanyp barýan ýylda bilelikdäki işiň jemleri jemlenildi, geljek döwür üçin ileri tutulýan ugurlar bellenildi.

Dosta uzaýan ak ýollar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesi ýokarlanýar. Türkmenistanyň «Açyk gapylar» syýasaty dünýäniň ýurtlary bilen işjeň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga uly mümkinçilikleri döredýär. Häzirki döwürde ýurdumyzy senagatlaşdyrmakda, ykdysadyýetiň täze pudaklaryny ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar. Türkmenistan ägirt uly mümkinçilikli, güýçli depginlerde ösýän, sebitde we bütin dünýäde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmekde uly işleri alyp barýan döwlet hökmünde giňden tanalýar. Biziň ýurdumyz ägirt uly ulag-üstaşyr mümkinçiliklerine eýe bolmak bilen, bu ugurda halkara giňişliginde möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Halkara ulag-kommunikasiýa infrastrukturasyny netijeli peýdalanmak, ösdürmek we üstaşyr geçirilýän ýükleri artdyrmak döwletleriň arasyndaky özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmäge uly ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag syýasatynyň baş maksady ýurdumyzyň çäk taýdan amatly ýerleşişini we Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky üstaşyr geçelge hökmündäki ulag düzüminiň mümkinçiliklerini üstünlikli

Türkmenistan arkalaşygyň çäginde netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny ýene bir gezek tassyklaýar

15-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň onlaýn tertipde geçirilen mejlisine gatnaşdy. Ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibine GDA-nyň çäklerinde dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de birnäçe resminamalary kabul etmäge degişli möhüm meseleleriň birnäçesi girizildi. Şunuň bilen baglylykda, tamamlanyp barýan ýylda bilelikdäki işiň jemleri jemlenildi, geljek döwür üçin ileri tutulýan ugurlar bellenildi.