Parlamentara gatnaşyklar ösdürilýär

19 Oktýabr 2021
1057

18-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyny Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady hem-de üçünji Ýewraziýa zenanlar forumynyň ýokary guramaçylyk derejesini belledi.

«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar