Özara bähbitli gatnaşyklar berkeýär

19 Oktýabr 2021
961

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz sebitde we dünýäde umumadamzat bähbitlerini nazarlaýan ynsanperwer syýasaty alyp barýar. Bu ugurda yzygiderli teklipler we başlangyçlar bilen çykyş edýär.

15-nji oktýabrda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň onlaýn tertipde geçirilen Geňeşine gatnaşmak bilen, döwlet Baştutanymyz, däp bolşy ýaly, sebitiň durmuşy bilen bagly birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. hormatly Prezidentimiz onlaýn tertipde eden çykyşynda GDA-nyň umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän deňhukukly gatnaşyklary giňeltmek üçin täsirli gurama bolup durýandygyny belledi.

Zybagözel KARAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar