"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Beýik işlere çuňňur alkyşlar

14-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Akina — Andhoý menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanmaga berilmegi, Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar boldy. Gysga möhletde amala aşyrylan bu üç taslama Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň uzak möhletleýin ösüşine kuwwatly itergi berip, türkmen we owgan halklarynyň gülläp ösmegine we abadan durmuşda ýaşamagyna ýardam eder. Häzirki wagtda goňşy döwletiň parahatçylykly ösüşine goldaw bermek maksady bilen Türkmenistan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasyna 2020 — 2022-nji ýyllarda ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça Maksatnamanyň hem işjeň durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek. Sebitde ulag-logistika, energetika we kommunikasiýa düzümleriniň kämilleşmegine hem-de giň halkara hyzmatdaşlyga, özara düşünişmäge, syýasy we durmuş taýdan durnukly ösüşe ýardam etjek taslamalaryň işe girizilmegi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň oňyn halkara başlangyçlarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň özboluş

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysyna minnetdarlyk hatyny iberdi

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji jenap Maýkl Iranä mähirli salamyny we minnetdarlyk hatyny ýollady. Hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 45 kilograma çenli agram derejesinde türkmenistanly türgen Ýulduz Jumabaýewanyň itekläp götermekde altyn medalyň we silterläp götermekde kümüş medalyň eýesi bolandygy baradaky hoş habary ýazan Maýkl Iraniniň hatyny uly kanagatlanma we şatlyk duýgusy bilen kabul edendigini belledi.

Türkmenistan gaz pudagynyň tehniki kuwwatyny artdyrýar

Bu ýerde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Köp sanly dabara gatnaşyjylar eziz Diýarymyzyň iň täze taryhyna altyn sahypalar bilen ýazyljak bu waka sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň dikuçary täze desganyň öňündäki meýdança gonýar. Ýygnananlar milli Liderimizi ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.

Türkmenistanyň energetika strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär

Geçen anna güni Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Çärjew etrabynyň “Malaý” gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu waka Türkmenistanyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene-de bir möhüm ädim boldy. Gaz pudagynyň eksport kuwwatyny artdyrmak şol strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Belent maksatly işlere giň gerim berilýär

14-nji ýanwarda Lebap welaýatyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Ruhyýet” köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garalan bu mejlisde döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz mejlisi açyp, türkmen-owgan dost-doganlyk nyşany hökmünde amala aşyrylan üç sany taslamanyň — Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat —Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr ulgamlaryň gurluşygynyň tamamlanmagy mynasybetli dabaralaryň geçirilýändigini aýtdy.

Hyzmatdaşlygyň täze ugurlary

14-nji ýanwarda Türkmenabatda Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar boldy. Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani gatnaşdylar.

Taryhy waka bagyşlanan maslahat

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýyl taryhy wakalara beslenip başlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýakynda Lebap welaýatynda bolan taryhy wakalar munuň aýdyň subutnamasydyr. Şolaryň hatarynda Akina — Andhoý menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanmaga berilmegini, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamyň, Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegini bellemek bolar. Öňňin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Akina — Andhoý menzilleriniň aralygyndaky demir ýoly, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisini hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr ulgamlaryny işe girizmek dabaralaryna bagyşlanan metbugat brifingi geçirildi. Çärä ministrler, Türkmenistanda işleýän diplomatik korpusyň, halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazet-žurnallaryň redaktorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtly žurnalistler gatnaşdylar. Şeýle hem bu çärä sanly wide

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

14-nji ýanwarda Lebap welaýatyna iş sapary bilen baran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Ruhyýet» köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz mejlisi açyp, şu gün türkmen-owgan dost-doganlyk nyşany hökmünde amala aşyrylan iri üç sany taslamanyň — Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisi-

Türkmen-owgan hyzmatdaşlygy doganlyk halklaryň abadançylygyna gönükdirilýär

14-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatyna bolan iş saparynyň barşynda Türkmenabat şäherindäki «Ruhyýet» köşgüne — Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli Türkmenistanda we Owganystanda dabara gatnaşyjylary birleşdiren teleköpriniň geçirilýän ýerine geldi. Dabaralara Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani hem gatnaşdy.

Maksatlar aýdyň, işler ileri

14-nji ýanwarda Lebap welaýatyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz «Ruhyýet» köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň Başlygy ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän düzümlerindäki alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Wise-premýerleriň hasabatlaryny degişli yzygiderlilikde diňläp, milli Liderimiz ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi, anyk tabşyryklary berdi.

Ygtybarly ösüş — bagtyýar geljek

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maslahat geçirdi 13-nji ýanwarda milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň häkimleriniň, ýurdumyzyň bilim ministriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly wezipelere hem-de döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy.

Parahatçylyk we ynanyşmak ― Arkadagyň ak ýoly

Parahatçylygy we ynanyşmagy dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda agzybir halkymyz täze ― 2021-nji ýyla ýagşy niýetler, hoşniýetli arzuwlar bilen gadam basdy. Halkymyzyň ykbalyna ýar bolýan her täze ýylyň taryhy özgerişleri bagtyýar watandaşlarymyzy belent maksatlara ruhlandyrýar. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda ähli ugurlarda gazanylýan uly üstünlikler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyryp, eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny barha artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy netijesinde täze, 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi bagtyýar halkymyzyň köňül şatlygyny goşalandyrdy. Bu şygar Türkmenistan döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny şöhratlandyrmakda, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermekde, berkarar döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmekde hem-de dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Ýurdumyzyň durmuş syýasatynyň baş maksady — halkymyzyň abadançylygy

14-nji ýanwarda Lebap welaýatyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Ruhyýet» köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz mejlisi açyp, türkmen-owgan dost-doganlyk nyşany hökmünde amala aşyrylan iri üç sany taslamanyň — Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr ulgamlaryň gurluşygynyň tamamlanmagy mynasybetli dabaralaryň geçirilýändigini aýtdy.

Resmi habarlar

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, edaralary, kärhanalary, jemgyýetçilik birleşiklerini, hususy telekeçileri we ilaty nebit önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmek, şeýle hem bu önümleri has rejeli peýdalanmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2021-nji ýylda nebit önümleriniň möçberleri, şol sanda awtobenzin, dizel ýangyjy we awiakerosin boýunça möçberi tassyklanyldy. * * *

Sebitleriň ykdysady ösüşini ýokarlandyrmagyň wezipeleri

13-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň häkimleriniň hem-de ýurdumyzyň bilim ministriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly wezipelere hem-de döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy. Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaýa geçirilýän ideg işleri we ýaz ekişine görülýän toplumlaýyn taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatyň çäklerinde bar bolan umumybilim berýän orta mekdeplerde okuw ýylynyň ikinji ýarymyna başlamaga görülýän taýýarlyk işleri, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Durnukly ösüşiň bähbidine

Lebap welaýatynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňňin Türkmenabat şäheriniň «Ruhyýet» köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we beýleki käbir ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, her bir ugur boýunça anyk wezipeleri kesgitledi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

14-nji ýanwarda Lebap welaýatyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Ruhyýet» köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz mejlisi açyp, şu gün türkmen-owgan dost-doganlyk nyşany hökmünde amala aşyrylan iri üç sany taslamanyň — Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr ulgamlaryň gurluşygynyň tamamlanmagy mynasybetli dabaralaryň geçirilýändigini aýtdy.

Möhüm ugurlara garaldy

13-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň häkimleriniň hem-de ýurdumyzyň bilim ministriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly wezipelere hem-de döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy. Mejlisde Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow we Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow öz gözegçilik edýän sebitlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ak ekinlere agrotehniki kadalara laýyk derejede ideg edilişi, şol bir wagtyň özünde ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ýaz ekişine taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler, şeýle hem milli Liderimiziň Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin hasabat berdiler.

Türkmenistanyň ministrler kabinetiniň göçme mejlisi

Milli Liderimiz mejlisi açyp, şol gün türkmen-owgan dost-doganlyk nyşany hökmünde amala aşyrylan iri üç sany taslamanyň — Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr ulgamlaryň gurluşygynyň tamamlanmagy mynasybetli dabaralaryň geçirilýändigini aýtdy. Soňra Mejlisiň Başlygy G. Mämmedowa söz berildi. Ol ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň ýerine ýetirýän işleri, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasat bilen baglylykda, alnyp barylýan işler, şeýle hem ýerlerde deputatlaryň düşündiriş-wagyz ediş işleri barada habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti maslahat geçirdi

13-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň häkimleriniň hem-de ýurdumyzyň bilim ministriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly wezipelere hem-de döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy. Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Ahal welaýatynyň häkimi Ý. Gurbanow, Daşoguz welaýatynyň häkimi N. Nazarmyradow öz ýolbaşçylyk edýän sebitlerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.