Türkmenistanyň ministrler kabinetiniň göçme mejlisi

15 Ýanwar 2021
1002

Milli Liderimiz mejlisi açyp, şol gün türkmen-owgan dost-doganlyk nyşany hökmünde amala aşyrylan iri üç sany taslamanyň — Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr ulgamlaryň gurluşygynyň tamamlanmagy mynasybetli dabaralaryň geçirilýändigini aýtdy.

Soňra Mejlisiň Başlygy G. Mämmedowa söz berildi. Ol ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň ýerine ýetirýän işleri, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasat bilen baglylykda, alnyp barylýan işler, şeýle hem ýerlerde deputatlaryň düşündiriş-wagyz ediş işleri barada habar berdi.

Beýleki habarlar