Sebitleriň ykdysady ösüşini ýokarlandyrmagyň wezipeleri

15 Ýanwar 2021
1012

13-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň häkimleriniň hem-de ýurdumyzyň bilim ministriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly wezipelere hem-de döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy.

Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaýa geçirilýän ideg işleri we ýaz ekişine görülýän toplumlaýyn taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatyň çäklerinde bar bolan umumybilim berýän orta mekdeplerde okuw ýylynyň ikinji ýarymyna başlamaga görülýän taýýarlyk işleri, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar