"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Durmuş-ykdysady syýasatyň esasy ugry

Geçen anna güni hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda geçen ýyl ýurdumyzyň söwda toplumyny ösdürmek ugrunda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy. Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň gün tertibine geçip, oňa gatnaşýan ýolbaşçylara degişli yzygiderlilikde söz berdi. Milli Liderimiz olaryň her biriniň hasabatyny diňläp, öňde durýan wezipelere ünsi çekdi hem-de tabşyryklary berdi.

Gurýan döwlet gurpludyr

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan ösýän senagat döwletine öwrülýär. Bu ösüş-özgeriş milli ykdysadyýetimiziň muňa ýardam edýän toplumlarynyň we pudaklarynyň, şol sanda gurluşyk-senagat toplumynyň hem-de onuň düzümleriniň işine möhüm ähmiýet berilmegi, sazlaşykly işiniň üpjün edilmegi netijesinde gazanylýar. Şu ýylyň 4-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda bellenilişi ýaly, döwletimiz bu pudaklaryň ösüşine möhüm ähmiýet berýär. Şu maksat bilen, oňa ägirt uly maliýe serişdeleri gönükdirilýär. Şeýle hem döwrebap kärhanalar gurulýar we öňdebaryjy tehnikalar satyn alynýar.

Anyk wezipeler kesgitlenildi

3-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň rektorlarynyň gatnaşmagynda oba hojalygyny ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda geçen ýyl alnyp barlan işleriň netijelerine serediljekdigini bellemek bilen, agrosenagat toplumynyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biridigini nygtady. Şoňa görä-de, biziň bu ugurda gazanýan üstünliklerimiz, ýurdumyzda azyk bolçulygyny we halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek köp derejede bu pudagyň netijeli ösdürilmegine baglydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 6-njy fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň rektorlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Geçen ýylda ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan iş maslahatyny açyp, döwlet Baştutanymyz bu ugruň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynda özgertmeleriň ýokary depgini gazanylmalydyr

3-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda oba hojalygyny ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýew, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanow, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýew 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdiler.

Anyk wezipeler kesgitlenildi

Milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri bolan gurluşyk-senagat toplumynda gazanylýan netijeler halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň binýadyny berkitmekde uly orny eýeleýär. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda topluma degişli ugurlaryň işini yzygiderli kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň 4-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda gurluşyk-senagat toplumynda geçen ýylyň dowamynda gazanylan netijeler seljerildi we öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda 2020-nji ýylda ýurdumyzyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika ulgamlarynda amala aşyrylan işler, gazanylan netijeler seljerildi. Şeýle hem paýtagtymyz Aşgabat şäherini mundan beýläk hem ösdürmek meselelerine garaldy.

Oba hojalyk toplumyny ösdürmek ugrunda tagallalar

3-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda oba hojalygyny ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda geçen ýyl alnyp barlan işleriň netijelerine serediljekdigini bellemek bilen, agrosenagat toplumynyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biridigini we häzirki wagtda döwletimiziň bu pudagy ösdürmäge köp möçberde maýa goýumlaryny goýýandygyna garamazdan, heniz pudakda kemçilikleriň we ulanylmaýan mümkinçilikleriň köpdügini belledi. Şulardan ugur alnyp, milli Liderimiz şu günki iş maslahatynyň dowamynda pudagyň netijeli dolandyrylyşyny ýokarlandyrmak, ony ösdürmegiň gazanylan depginini saklamak, döwlet maksatnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek üçin pudakda amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini güýçlendirmek barada meseleler ara alnyp maslahatlaşylar diýip aýtdy.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekip, bu ministrligiň merkezi edarasynyň gurluşyny tassyklady. * * *

Özgertmeleriň depgini ýokary derejede alnyp barylmalydyr

4-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmaklarynda gurluşyk-senagat toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Hormatly Prezidentimiz bu maslahatda ýokary ösüş depginini saklamak, toplumyň ähli kärhanalarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, umuman, ýubileý ýylynda döwletiň maksatnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini artdyrmak üçin işleri ýokary guramaçylyk derejesinde alyp barmaga degişli meselelere serediljekdigini belledi we maslahata gatnaşyjylaryň hasabatlaryny hem-de tekliplerini diňledi.

Önümçilik kuwwatlyklaryny toplumlaýyn ösdürmek ugrunda

3-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmaklarynda oba hojalygyny ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda geçen ýylyň dowamynda alnyp barlan işleriň netijelerine serediljekdigini bellemek bilen, agrosenagat toplumynyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biridigini nygtady. Şoňa görä-de biziň bu ugurda gazanýan üstünliklerimiz, ýurdumyzda azyk bolçulygyny we halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek köp derejede bu pudagyň netijeli ösdürilmegine baglydyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň geçiren iş maslahatlary

3-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda oba hojalygyny ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda geçen ýyl alnyp barlan işleriň netijelerine serediljekdigini bellemek bilen, agrosenagat toplumynyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biridigini nygtady.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Orazgeldiýew Esenmyrada berk käýinç yglan edildi. ***

Oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleriň depgini güýçlendirilmelidir

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda oba hojalygyny ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda geçen ýyl alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, pudagyň netijeli dolandyrylyşyny ýokarlandyrmak, ony ösdürmegiň gazanylan depginini saklamak, ýer we suw serişdeleriniň netijeli ulanylmagy, şu ýyl ähli döwlet maksatnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek üçin pudakda amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini güýçlendirmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär

2-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň dowamynda häzirki ýagdaýda pudagyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, nebitiň çykarylýan möçberleriniň ösüşini saklamak, pudagyň şu ýyl üçin kesgitlenen döwlet maksatnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly meseleleriň wajypdygyny belledi.

Welaýatlary ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy

1-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, geçiriljek ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy hem-de welaýatlaryň ýolbaşçylarynyň hepdäniň dowamynda alnyp barlan işler baradaky hasabatlary diňlenildi.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar

1-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň barşy bilen tanyşdy. Wakanyň bolan ýerinde milli Liderimizi Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary garşyladylar.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Meredow Myratgeldi Resulowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy. ***

Watan goragçylary hakynda alada

1-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň barşy bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy 27-nji ýanwarda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylar üçin ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelýän we ýokary ýakymlylyk ölçeglerine kybap gelýän harby lybaslaryň täze nusgalaryny taýýarlamak barada tabşyryklary berdi.

Demokratik özgertmeleriň täze tapgyry

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň demokratik başlangyçlary esasynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň taslamasy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň karary bilen makullanyldy we Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzda parlamentarizmiň we demokratik özgertmeleriň ösüşinde täze tapgyryň başlanandygyny alamatlandyrmak bilen, Watanymyzyň şöhratly taryhyna möhüm sahypany ýazýar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw möwsümine badalga berilmegi hem ýurdumyzda demokratiýanyň dabaralanmasyna gönükdirilen çäreleriň täze tapgyrydyr. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kararyna laýyklykda, bu saýlawlary 2021-nji ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde, ýagny 28-nji martda geçirmek bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä guramaçylykly taýýarlyk görmek we geçirmek maksady bilen, geçen ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi hem-de onuň dowamynda senenamalaýyn çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Parahatçylyk tugunyň astynda

­­ Parahatçylyk — ösüşe, abadançylyga, rowaçlyga, agzybirlige, bagta barýan ýolda elimizde pasyrdaýan nurana tugdur. Ol tuguň astynda menziller hatarsyz, ýollar kötelsiz, müşgiller asan bolýar. Häzirki bagtyýar döwürde halkymyz hut şol tugy depesinde pasyrdadyp, dünýä ýüzüne raýdaşlygy, ynanyşmagy ündäp, belent sepgitleri nazarlap barýar. Munuň şeýledigi Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen ýola goýýan dost-doganlyga, ysnyşykly hyzmatdaşlyga esaslanýan gatnaşyklarynda, iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynda, gyşarnyksyz eýerýän «Ösüş arkaly parahatçylyk» atly ýörelgesinde, ylaýta-da, 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagynda has-da aýdyň görünýär.