Ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynda özgertmeleriň ýokary depgini gazanylmalydyr

5 Fewral 2021
803

3-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda oba hojalygyny ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýew, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanow, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýew 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdiler.

«Balkan».
Beýleki habarlar