Anyk wezipeler kesgitlenildi

5 Fewral 2021
950

Milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri bolan gurluşyk-senagat toplumynda gazanylýan netijeler halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň binýadyny berkitmekde uly orny eýeleýär. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda topluma degişli ugurlaryň işini yzygiderli kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň 4-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda gurluşyk-senagat toplumynda geçen ýylyň dowamynda gazanylan netijeler seljerildi we öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda 2020-nji ýylda ýurdumyzyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika ulgamlarynda amala aşyrylan işler, gazanylan netijeler seljerildi. Şeýle hem paýtagtymyz Aşgabat şäherini mundan beýläk hem ösdürmek meselelerine garaldy.

Beýleki habarlar