"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Elektron aragatnaşyk hyzmatlary täze röwüşde

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgama geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň mümkinçilikleriniň giňden peýdalanylmagy sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçmek üçin oňyn şertleri döredýär. Bu bolsa ykdysady ösüşiň netijeliligini üpjün edýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak ugrunda hem uly üstünlikler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak ugrunda berýän tabşyryklaryny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça ýurdumyzda möhüm işler alnyp barylýar. «Tmchat» — döwrebap aragatnaşyk

Eltip bermek hyzmaty

Hormatly Prezidentimiz 9-njy dekabrda söwda toplumyny ösdürmek boýunça geçiren iş maslahatynda, ilkinji nobatda, içerki bazarlaryň azyk we zerur bolan beýleki harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmagyň, ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmagyň, şol sanda elektron söwdalary we eltip bermek hyzmatlaryny giňden guramagyň döwrüň ösen talabydygyna ünsi çekip, bu ugurda degişli görkezmeleri berdi. Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy esasynda ählumumy internet ulgamlarynda ýurdumyzyň harytlaryny hödürlemek, söwda kärhanalaryň web-sahypalaryny açmak, onlaýn söwdalary guramak arkaly, ýurdumyzyň harytlaryny ýerlemek, ykjam telefonlaryň degişli goşundylaryny döretmek, harytlary uzak aradan satmak, satyn almak we eltip bermek hyzmatlaryny guramak üçin mümkinçilikler giňelýär. Täze ýyl baýramynyň giňden bellenilen günlerinde bu hyzmatlardan peýdalanýanlaryň sany has-da artdy.

Wirtual muzeý: döwür bilen aýakdaş

Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Döwlet medeniýet merkeziniň wirtual muzeýiniň işi ýola goýuldy. Ýurdumyzda ilkinji gezek açylan bu wirtual muzeý Döwlet muzeýine degişli bolan gymmatlyklary özünde jemleýär. Indi ata Watanymyzyň taryhy bilen tanyşmak isleýän syýahatçylar özleriniň kompýuterlerinde hem-de ykjam telefonlarynda internet arkaly «virtualmuseum.gov.tm» websaýtyna girip, Döwlet muzeýindäki eksponatlary wirtual görnüşde, oturan ýerlerinden hem synlap bilerler.

Kämil innowasion ösüş

Täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak, tehnologiýalaşdyrmak boýunça öňe sürýän döwlet syýasaty ýurdumyzy innowasion taýdan ösdürmegiň baş şerti bolup çykyş edýär. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn çäreler bilimli jemgyýeti kemala getirmek, ähli pudaklarda maglumat giňişligini döretmek, döwrebap we iň täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, öndürilýän harytlaryň we hyzmatlaryň elýeterliligini hem-de hilini ýokarlandyrmak arkaly ilatyň hal-ýagdaýyny we durmuş derejesini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzda sanly reformanyň geçirilmegi — önümçilige iň täze we döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy öndürilýän harytlaryň we ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokary bolmagyna, ýokary islegden peýdalanylýan gymmaty ýokary bolan harytlaryň öndürilmegine mümkinçilik berýär. Bu bolsa milli ykdysadyýetimizde öndürilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň dünýä bazaryndaky ornunyň berkemeginiň esasy şerti bolup durýar.

Jümle-jahan habarlary

Dünýäniň iň uly drony Amerikanyň «Aevum» hususy kompaniýasy dünýädäki iň uly drony öndürdi. «Ravn X» atly bu dron emeli hemralary ýer togalagynyň orbitasyna çykarmak üçin ulanylar. Doly özbaşdak işleýän, uçarmansyz dron 1,6 kilometr uzynlykdaky uçuş-gonuş zolaklaryndan uçmaga we özbaşdak gonmaga ukyplydyr. Kompaniýanyň hünärmenleriniň bellemeklerine görä, «Ravn X» dronynyň uzynlygy 24 metre, ganatlarynyň uzynlygy bolsa 18 metre barabar bolup, ol islendik howa şertlerinde uçmaga ukyplydyr.