Hytaýda öndürilen elektrokarlaryň söwdasy 34% ýokarlandy

12 Sentýabr 2021
1177

Hytaýyň ýeňil awtoulag bileleşiginiň resmi portalynda çykan soňky maglumatlara laýyklykda, «Tesla» kompaniýasy awgust aýynda 44 264 sany Hytaýda öndürilen elektrokarlarynyň söwdasyny amala aşyrdy. Şeýlelikde, «Tesla» kompaniýasynyň awgust aýynda elektrik hereketlendirijili awtoulaglarynyň söwdasy iýun, iýul aýlaryna garanyňda, 34% artdy.

Maglumat üçin, amerikaly işewür Uorren Baffet tarapyndan goldanylýan «BYD» kompaniýasy awgust aýynda 60 858 elektomobil, Hytaýyň «General Motor» bilen bilelikdäki kärhanasy bolsa 43 783 elektrokar satdy.

Beýleki habarlar