«Kroger» garaşylandan has gowy netije gazandy

12 Sentýabr 2021
1383

10-njy sentýabrda «Kroger» kompaniýasy 2021-nji ýylyň ikinji çärýeginde ABŞ-nyň 467 million dollary (her bir paýnama 61 sent) möçberinde girdeji gazanandygy barada habar berdi. Bu geçen ýylky görkeziji — ABŞ-nyň 819 million dollary bilen deňeşdireniňde, her bir paýnama 1,03 dollar köpdür. Hasabat döwri kompaniýanyň girdejisi ABŞ-nyň 30,49 milliard dollaryndan ABŞ-nyň 31,68 milliard dollaryna çenli ýokarlandy. Awtobenzini hasaba almanyňda, «LFL»-niň satuwy 0,6 göterim ýokarlandy. «Kroger» kompaniýasy söwdalarynyň jeminde ABŞ-nyň 29,97 milliard dollary möçberinde sap girdeji gazanmagy meýilleşdirýär.

Häzirki wagtda kompaniýa her ýylda paýnama başyna düşýän girdejisini ABŞ-nyň 3,10 dollaryndan ABŞ-nyň 3,35 dollaryna çenli ýokarlandyrmagy başardy.

Taýýarlan: Saparnepes Atabaýew,
Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýänumumybilim berýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar