"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

«Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda sanly ykdysadyýete geçmek bilen bagly hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryna seljerme geçirmek hem-de degişli üýtgetmeleri girizmek, sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça her ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň içki meýilnamasyny taýýarlamak we tassyklamak ilkinji wezipeleriň hatarynda görkezilendir. Häzirki wagtda hereket edýän «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary ýurdumyzy ýeke-täk sanly ulgama birikdirmäge gönükdirilip, olar ýurdumyzyň döwrebap ösüşini gazanmak ugrunda amala aşyrylýan işleriň hukuk esaslaryny emele getirýär. Häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakyndaky» Kararyna laýyklykda, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat

Tejribeler toplanýar we taslamalar taýýarlanýar

Hormatly Prezidentimiz 16-njy martda paýtagtymyz we Ahal welaýaty boýunça amala aşyran iş saparynyň barşynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna häzirki zamanyň ösen tejribesini ornaşdyrmakda, maglumat merkezleriniň işini kämilleşdirmekde, «akylly» şäher bilen baglanyşykly tehnologiýalary ösdürmekde ýurdumyzyň bilim ulgamyna möhüm ornuň degişlidigini belledi. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň aýdanlaryndan we beren degişli tabşyryklaryndan ugur alyp, häzirki wagtda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary welaýatyň edara ediş merkeziniň toplumlaýyn gurluşygynyň alnyp barylýan ýerinde okuw-tejribelik, synag-önümçilik işlerini geçýärler. Bu ýerde ýaş alymlaryň toparlary «akylly» şäherler konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň ýöriteleşdirilen ugurlaryny durmuşa geçirmek üçin işläp düzen täze taslamalaryny, innowasion we inženerçilik çözgütleriniň täze nusgalaryny ýola goýmak ugrunda ylmy-tehniki synaglary hem-de amaly barlaglary amala aşyrýarlar. Ahal welaýatynyň döwrebap edara ediş merkezinde öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we internet serişdeleriniň sazlaşygyna esaslanýan durmuş hyzmatlary we medeni maksatlary öz içine alan taslamalary ornaşdyrmak bu ýerde tejribelikde bolýan toparyň esa

Innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýet

Döwür ösýär, özgerýär. Adamyň durmuşy kämillige, köneden täzä, has anyk aýdylanda, ýönekeýlikden döwrebaplyga tarap barha öňe ümzük atýar. Şonuň bilen birlikde, şeýle döwürde ýaşamak üçin onuň adamyň öňünde goýýan talaplary hem artýar. Adam gündelik iş-aladalary, şahsy zerurlyklary, maşgala garamaty ýaly köp sanly hysyrdylarynyň her biri üçin aýratyn wagt tapyp, olaryň hemmesine-de ýetişmeli. Munuň üçin ol özüniň iň gymmatly baýlyklarynyň biri bolan wagtyny tygşytly we rejeli, netijeli peýdalanyp bilmegi başarmaly. Wagt häzirki zaman dünýäsiniň barha ösýän bazar ykdysadyýeti, maglumatlardyr bähbitleriň sansyz köpdürlüligi şertlerinde öz gadyr-gymmatyny has-da artdyrýar. Durmuş tejribesi bilen muňa kemsiz düşünýän adam welin, hemişe ondan ýerlikli peýdalanmagyň, täzeçilligiň, ösüşleriň gözleginde. Döreden «akyl önümleri» bolan sanly tehnologiýalar häzirki zaman dünýäsinde agzalan hysyrdylaryň ählisine-de ýetişmegi üçin adamyň iň dessin hem ygtybarly kömekçilerine öwrülýär. Eýsem-de, sanly tehnologiýalaryň bir adamyň durmuşyndaky orny, zerurlygy şeýle köptaraply bolsa, olaryň tutuş halkyň, jemgyýetiň, döwletiň durmuşyndaky ähmiýetiniň näderejede uludygy öz-özünden düşnüklidir. Adamzat indi maglumatlar jemgyýetinde, innow

Jümle-jahan habarlary

Mikroskoply smartfon «Xiaomi» kompaniýasy smartfonlar üçin niýetlenilen täze görnüşli telefon kameralaryny öndürmäge girişdi. Öňkülerden tapawutlylykda bu kameralar özüne mikroskoply enjamy hem birleşdirýär. «Find X3 Pro» atly bu mikroskoply kameralar smartfonlaryň soňky görnüşleri üçin niýetlenilip, olar şekili 60 esse ululykda görmäge mümkinçilik berýär. «Xiaomi» tarapyndan şeýle kameralarda düşürilen suratlar gyzyklanma bildirýän müşderilere ýaýradylyp hem başlandy. Kompaniýanyň menejeriniň habar bermegine görä, bu kameralary «Redmi» smartfonlarynda ornaşdyrmak meýilleşdirilýär, emma täze telefonlaryň geljekde nähili atlandyryljakdygy we nähili görnüşde boljakdygy welin heniz belli däl. Lamantinalar ýa-da deňiz sygyrlary Süýdemdirijileriň bu görnüşlerine, esasan, Demirgazyk, Merkezi we Günorta Amerikanyň ýalpak suwly ýerlerinde, şeýle hem Karib deňzinde, Afrikanyň kenar ýakalarynda duş gelmek mümkin. Olaryň agramy 400 ― 550 kilograma we uzynlygy ortaça 2,8—3 metre barabardyr. Täze doglan lamantinalaryň agramy bolsa 30 kilograma ýetýär. Olar süýji we şor suwly ýerlerde gezýärler we suwda ösýän dürli ösümlikler bilen iýmitlenýärler. Bu jandarlaryň kürek şekilli guýruklary we täzelenip durýan dişleri bolýar. Alymlar g

Sanly bank hyzmatlary ösdürilýär

Häzirki döwürde döwrebap ösen innowasion sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna daýanýan ykdysadyýetiň görnüşlerini ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan bankyň müşderilerine we ilata edilýän sanly bank hyzmatlarynyň gerimini has-da giňeltmek, olaryň elýeterliligini üpjün etmek maksady bilen, täze görnüşli döwrebap sanly bank hyzmatlary yzygiderli ösdürilýär. Olaryň hatarynda, «Internet bank», «Mobil bank», «QR-cod» sanly tehnologiýaly galtaşyksyz töleg ulgamlary, «Cash back» höweslendiriji hyzmaty, «Halkbank terminal» sanly bank hyzmaty, «Goýum bank karty», «Maşgala» bank karty we başga-da birnäçe bank kartlary bilen nagt däl görnüşinde geçirilýän hasaplaşyklary işe girizildi. Bu döwrebap sanly bank hyzmatlary ýurdumyzyň söwda we hyzmat ediş nokatlarynda nagt däl tölegleriň gerimini giňeltmek, harytlar we hyzmatlar üçin hasaplaşyklaryň ygtybarlylygyny artdyrmak maksady bilen, işlenilip taýýarlanylan sanly bank hyzmatlarydyr.

Jümle-jahan habarlary

Jennet guşy Jennet guşlarynyň beýleki görnüşleri ýaly, bu guş hem adatdan daşary owadanlygy bilen tapawutlanýar. Suratdan görnüşi ýaly, olaryň horazlarynyň ýiti reňkli ýelekleri bolýar. Olar Awstraliýanyň we Täze Gwineýanyň tokaýlarynda we daglyk ýerlerinde ýaşaýarlar. Bu guşlaryň agramy ortaça 200 grama barabardyr. Olaryň agaçlaryň şahalaryna aňsatlyk bilen ýapyşmaga mümkinçilik berýän, uzynlygy ortaça 12 millimetre ýetýän dyrnaklary bardyr. Bu täsin guşlar uçan wagtlarynda olaryň ganatlary şakyrdap ses edýär. Olar agaçlaryň miweleri, kökleri, ösümlikleriň tohumlary bilen iýmitlenýärler.

Zenanlaryň täsin açyşlary

Durmuşymyza giňden ornan enjamlaryň, esbaplaryň birnäçesi zenanlar tarapyndan oýlanyp tapylandyr. Olardan doňdurma ýasaýjy enjamy, elektrik sowadyjyny, gap-gaç ýuwujy maşyny, awtoulaglar üçin niýetlenen aýna arassalaýjy we gyzdyryjy enjamlary, ütük edilende peýdalanylýan stoly, awtoulag gyzdyryjysyny we beýlekileri mysal getirmek bolar. Hormatly okyjylar! Geliň, zenanlaryň täsin açyşlary barada gysgaça tanyş bolalyň.

Döwrebap çözgütler

Döwrümiziň hem-de geljegiň möhüm wezipelerini berjaý etmäge gönükdirilen aýdyň çözgütleriň bir bölegi sanly ulgamyň mümkinçiliklerinde jemlenýär. Häzirki döwürde diňe bir ählitaraplaýyn ösüş-özgerişleri däl, eýsem, bütin durmuşymyzy hem sanly ulgamsyz göz öňüne getirmek kyn. Bu gün ýurdumyzda maglumat tehnologiýalaryna daýanyp, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Sanly ykdysadyýet ýurdumyzyň şu günki we geljekki ösüşleri üçin wajyp şertleriň biridir. Hut şonuň üçinem, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna mynasyp goşant goşjak döwrebap sanly tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Eziz Watanymyzyň taryhy ösüşlere beslenýän zamanasynda sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly ylmy-tehniki we innowasion işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, ylmy-barlag işleriniň ykdysady bähbitliligini artdyrmak işjeň häsiýete eýe bolýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy bilim we ylym edaralarynyň özara hem-de halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda esasy köpri bolup hyzmat edýär. Bilim we ylym edaralarynyň ählisi ýokary tizlikli, giň zolakly tor aragatnaşygy bilen üpjün edilýär. Talyp ýaşlar sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen bilimiň ähli derej

«Akylly» şäherler konsepsiýasy maglumat jemgyýetiniň aýdyň geljegini nazarlaýar

Maglumatlar jemgyýeti, «akylly» şäher, «akylly» öý ýaly ençeme düşünjeler durmuşymyza giňden ornaşýar. Elbetde, bularyň ählisi häzirki zaman tehnologiýalarynyň we innowasiýalarynyň ösüşi esasynda kemala gelip, birnäçe aýratynlyklary, şol sanda ýaşaýyş-durmuş amatlyklaryny özünde jemleýär. Geljegi nazarlaýan bu ugruň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiziň 16-njy martda paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça amala aşyran iş sapary munuň nobatdaky subutnamasy boldy. Ilki bilen, «akylly» şäher düşünjesiniň häsiýetli aýratynlyklaryna hem-de mümkinçiliklerine göz ýetirmek gerek. Maglumatlar we aragatnaşyklar tehnologiýalary bilen internet ulgamynyň sazlaşygyndan döredilen «akylly» şäherde edara-kärhanalar, mekdepler, kitaphanalar, hassahanalar, ýol-ulag düzümleri, jemgyýetçilik hyzmatlary ýaly möhüm ugurlar bir bitewi elektron ulgam arkaly dolandyrylýar. Maglumatlaryň şeýle elýeterliligi hyzmatlar ulgamynyň hilini ýokarlandyrmaga, şäheriň ýaşaýjylarynyň durmuş derejesini ep-esli gowulandyrmaga, zerurlyklary gysga wagtda amala aşyrmaga şert döredýär. Hut şonuň üçin-de, ilatymyzyň sosial-durmuş derejesini ýokarlandyrmagy, olaryň ýaşaýşy, dynç alşy üçin amatly gurşawy döretmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan iň esasy wez

Innowasiýalar: sanly ulgam

Kitaphanalaryň, muzeýleriň, teatrlaryň, beýleki medeni ojaklaryň maksatlaýyn işini döwrebap guramak bilen, olarda häzirki zaman tehnologiýalarynyň tapgyrlaýyn ornaşdyrylmagy sanly ösüşi nazarlaýar. Ähli ulgamlarda önümçiligi guramagyň, dolandyrmagyň elektron-kompýuter meýilnamalaşmagy we maglumatlaşmagy, sanly ykdysadyýete geçilmegi ähli düzümiň tehniki we tehnologiýa esasyny özgerdýär. Elektron-kompýuter tehnologiýalarynyň döwrebap görnüşleriniň önümçilige barha giňden ornaşdyrylmagy işgärleriň bilim-başarnygynyň, medeniýetiniň yzygiderli ösmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň 16-njy martda paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça iş saparynyň barşynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplarynyň giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmalydyklary, olaryň ylmy işlerini peýdalanmak üçin zerur tagallalaryň edilmelidigi barada aýdanlary hem bu işe näderejede uly üns berilýändigini görkezýär. Durnukly ösüş diňe bir senagatyň ösüşini däl-de, her bir şahsyýetiň we jemgyýetiň ösüşini nazarlaýar. Ösen jemgyýetde her bir adamyň kämilleşmegi, başarnykly, ylymly, bilimli, hünärine ussat nesli ýetişdirmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar.

Sanly ulgam — ösüşleriň ygtybarly binýady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiz çalt depginler bilen ösýär. Watanymyz dünýä döwletleriniň arasynda ösýän ýurtlaryň hatarynda tanalýar. Milli Liderimiziň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda şeýle setirler bar: «Halkymyzyň dostluk, goňşuçylyk, myhmansöýerlik, sahawatlylyk däpleri Garaşsyz Watanymyzyň ösüşleriniň mazmunyny baýlaşdyrdy». Ýurdumyzda dost-doganlyk, goňşuçylyk gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berilmegi, Watanymyzyň sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde giňden tanalmagy ykdysady ösüşlerimiziň hem barha ilerlemegine getirýär. Çünki durmuşdaky bu baglanyşyk ykdysadyýetiňem, syýasatyňam, medeniýetiňem özara baglanyşygynyň mäkämdigini görkezýär. Ösüşlerden ösüşlere barýan Watanymyzda munuň özi möhüm ähmiýete eýedir.

Tehnologiýa dünýäsi

Gar tozgajygynyň iň dury suraty ♦ Gar bölejikleriniň bir-birine meňzemeýändigi aýdylýar. Tebigaty söýüjiler köp ýyldan bäri gaýtalanmajak gözellik bolan gar tozgajygyny surata alýarlar. Bilermenler garyň iň kiçi bölejiklerini ýokary durulykda surata almak üçin 18 aý zähmet çekdiler. ABŞ-nyň Kaliforniýa tehnologiýa institutynda fizika ugrundan iş alyp barýan professor Kennet Libbreht we köp ýyllar «Microsoft» kompaniýasynda zähmet çeken Natan Mihrwold bu taslamany amala aşyrmak üçin dürli usullardan peýdalanypdyrlar. Libbreht: «Gar bölejigi nähili emele gelýär, nähili görünýär?» diýen sowallaryň jogabyny gözländiklerini belleýär. Professor suwuň molekula gurluşynyň ýönekeýdigini, iki wodoroddan we bir kislorod atomyndan ybaratdygyny, şeýle-de howanyň ýylylygy 0 derejeden pese gaçan wagty molekulalaryň ýygjamlaşyp, doňmak hadysasynyň ýüze çykýandygyny belleýär. Onuň aýtmagyna görä, bulutdan emele gelýän gar bölejigi suw damjasyndan buz kristalyna öwrülýär. Suw molekulasynyň şekili gar bölejikleriniň altyburçluk bolmagyna sebäp bolýar. Asyl käri fotosuratçylyk bolan Natan Mihrwold paleontologiýa we astronomiýa ýaly ylymlar bilen meşgullanýar. Olar 2018-nji ýyldan bäri gar bölejiklerini surata almak üçin bilelikde işleýändiklerini aýdyp, bu işiň garaş

Döwrebap ösüş

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň peýdalanylmagyna esaslanýan ykdysady gatnaşyklaryň ulgamy ösdürilýär. Sanly ykdysadyýet wagty we harajatlary tygşytlamak, girdejileriň täze çeşmelerini ýüze çykarmak, sanly gurşawda harytlary we hyzmatlary dünýä bazaryna çalt çykarmak we dünýäniň islendik ýerindäki sarp edijilere elýeterli ýetirmek üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Prezidentimiz üstümizdäki ýylda «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklaýan Karara gol çekdi. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, täze Maksatnamanyň kabul edilmegi birnäçe wezipeleri öz içine alýar. Şolaryň hatarynda sanly bilim we sanly lukmançylyk ulgamyny kämilleşdirmek, bu ugurlarda hünärmenleri taýýarlamak, döwlet hyzmatlar portalyna sanly hyzmatlary tapgyrlaýyn ýerleşdirmek ýaly çäreler bar.

Sanly ulgamyň sapasy

Sanly ulgam. Bu sözler häzirki zaman dünýäsiniň döwrebap keşbiniň aňladylmasydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy» kabul edildi we häzirki wagtda bu konsepsiýa laýyklykda ýurdumyzyň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle ýurt möçberinde alnyp barylýan möhüm işe köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gatnaşygy, ony wagyz etmegiň zerurlygy has-da aýdyň ýüze çykýar. Çünki sanly ulgamyň artykmaçlyklaryny halk köpçüligine düşündirmek bilen birlikde, ony eziz Watanymyzyň raýatlarynyň özleriniň gündelik ýaşaýyş-durmuşyna ornaşdyrmagynyň wajyplygyny äşgär etmek möhümdir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak üçin ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýylyň 5-nji martynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ilatyň arasynda, aýratyn-da, oba ýerlerinde sanly ulgama geçmek syýasatyny giňden düşündirmegiň, täze tehnologiýalary ulanmagyň, welaýatlarda häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň artykmaçlyklaryny wagyz etmegiň zerurdygyny belledi.

Iýmit galyndysyny döküne öwürýän robot

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda işlenip taýýarlanan robot öýde üýşen iýmit galyndylaryny toplap, olary peýdaly döküne öwrüp bilýär. Iýmit galyndylarynyň aglaba bölegi dürli ýollar bilen ýene-de tebigata birigýär. Ýöne ýöriteleşdirilen robot bu aýlanyşygy has çaltlandyrýar. Netijede galyndylary 24 sagatdan soňra bakja ekinleri üçin ýokumly dökün hökmünde ulanyp bolýar. Ol öý şertlerinde güldanda ýetişdirilýän ösümliklerdir otag gülleri üçin has-da ýaramly.

Kiberhowpsuzlyk işi döwrebaplaşdyrylýar

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryna halkara ülňülere laýyk gelýän sanly ulgamy we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň täze gazananlaryny yzygiderli ornaşdyrmak işleriniň amala aşyrylýandygyny nazarda tutup, bu ulgamlaryň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça utgaşykly işleriň alnyp barylmalydygyny nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda, kiberhowpsuzlyk ulgamynyň işini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Kiberhowpsuzlyk maglumat ulgamlaryny, torlary we programmalary sanly hüjümlerden goramak bilen bagly düşünjedir. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Kiberhowpsuzlyk boýunça döwlet topary hakynda» Düzgünnama laýyklykda, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek boýunça döwlet maksatnamasyndan we ony ýerine ýetirmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeler talabalaýyk ýerine ýetirilýär. Häzirki wagtda Sanly ulgam merkezinde ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hem-de olaryň garamagyndaky düzümlerde, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen işler giň gerimde alnyp barylýar.

«Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýeti: täze pikirleriň, innowasion taslamalaryň dünýäsine syýahat

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň paýtagtymyzyň Oguz han köçesiniň ugrundaky okuw binasynyň ýanynda döredilen «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetine baranymyzda, bada-bat ikinji gata çykylýan basgançakdaky: «Ähli zat pikirden başlanýar» diýen ýazgyda nazarym eglendi. Munuň hakykatdan-da şeýledigine asla şübhe ýok. Ynsany beýleki janly-jandarlardan tapawutlandyrýan esasy aýratynlyk hem hut pikirlenip bilmek başarnygy ahyryn! Akylly-başly pikirlenmek bilen, adamzat özüni gurşap alan barlykda indi sanýetmez ýyllardan bäri ýaşamagyny dowam edip gelýär. Ýer ýüzündäki adamlaryň sany milliardlarça, pikirlere bolsa asla soňlanma ýok... Işläp başlanyna o diýen köp wagt geçmedigem bolsa, biziň gürrüňini etmekçi bolýan IT meýdançamyza gatnaýan ýaşlaryň täzeçil pikirlenmelerinden, görüň, eýýäm innowasion taslamalaryň näçesi kemala gelipdir! Olary önümçilige ornaşdyrmakda-da asla müşgillik ýok. Hormatly Prezidentimiziň sanly ykdysadyýete geçmegi ýurdumyzyň ösüşiniň esasy görkezijisi hökmünde kesgitlän zamanynda şu hili «akylly» çemeleşmelere zerurlyk barha artýar. Şoňa görä-de, IT hünärmenlere we olaryň önümlerine zähmet bazarynda-da isleg örän ýokary.

Tehnologiýanyň miweleri

Häzirki wagtda islendik ugur barada gürrüň edilende, onuň ösüşini täze tehnologiýalar, kompýuterler bilen baglanyşdyrýarlar. Häzirki zaman döredijilik adamlarynyň — ýazyjy-şahyrlaryň, suratkeşleriň, režissýorlaryň... özlerini kompýutersiz, işlemek üçin oňaýly bolan noutbuksyz göz öňüne getirip bilmeýändigini aýdýanlarynyň sany gitdigiçe köpelýär. Dogrudan-da, edil galam-kagyz ýaly, islendik ýere ýanyň bilen alyp gidibermeli noutbuklaryň oňaýlylygy oňa bolan islegiň barha artmagyna getirýär. Biz noutbuk diýenimizde olaryň ählisini umumylykda göz öňüne getirip öwrenipdiris. Ýöne kitap ýaly iki eplenilýän, özünde maglumatlaryň giden bir toplumyny saklamaga ukyply bu täsin kömekçimiziň belli-belli aýratynlyklaryna görä başgaça atlandyrylyşy-da bar. Mysal üçin, internetde işlemeklige niýetlenip ýörite döredilen, «Google» kompaniýasynyň «Chrome OS» operasion ulgamynda işleýän «Chromebook» noutbuklarynyň öndürijisi islendik kompaniýa-da bolup biler. Eger «Elitebook» diýen ýazgyny okasaňyz, öňüňizde «HP» kompaniýasynyň, «Lifebook» diýip ýazylgy bolsa «Fujitsu» şereketiniň önüminiň durandygyny biläýiň. Şonuň ýaly-da «Lenovo» kompaniýasynyň hem diňe özüniň öndürýän noutbuklary bar. Olaryň biri «Thinkpad» telekeçileriň işi üçin niýetl

Täze tehnologiýalar esasynda

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek, ony halk hojalygynyň ähli pudaklaryna we beýleki düzümlere giňden ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu babatda dünýä tejribesiniň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalaryň giňden ulanylmagynyň wajypdygyny nygtaýar. Döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen tassyklanan «Kiberhowpsuzlyk boýunça döwlet topary hakynda» Düzgünnama laýyklykda, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek boýunça Döwlet maksatnamasyndan we ony ýerine ýetirmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek maksady bilen, bellenen işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Sanly ykdysadyýet — ösüşiň möhüm şerti

Häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetinde durnukly ösüşi gazanmagyň, ykdysadyýetde we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda netijeliligi ýokarlandyrmagyň esasy şerti sanly ulgama geçmekdir. Dünýäniň ähli döwletlerinde sanly tehnologiýalary ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga uly üns berilýär. Bäsdeşlige ukyplylyk, innowasion ösüş we täze iş orunlarynyň, döwrebap mümkinçilikleriň döredilmegi häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ulanylmagy bilen baglydyr. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» ykdysadyýetiň ähli pudagyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Milli Liderimiziň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça pudagara toparyň döredilmegi, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara hökmünde kesgitlenilmegi we ýörite mejlislerde bu ugurda ýerine ýetirilmeli işleriň anyk ugurlarynyň bellenilmegi we beýleki işler sanly ykdysadyýete geçmegiň möhüm tapgyry boldy.