Ylym we tehnologiýa ösdürilýär

12 Oktýabr 2021
1339

Milli Liderimiziň ýurdumyzda tehniki, tehnologik we takyk ylymlary ösdürmek baradaky ähmiýetli başlangyçlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe uly mümkinçiliklere giň ýol açýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-barlag edaralarynda zehinli ýaşlary iň täze tehnologiýalary özleşdirmäge we ylym ulgamyna çekmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän bäsdeşlige ukyply, önümçilik hem-de ylmy taýdan netijeli iş alyp barýan hünärmenleriň, alymlaryň neslini kemala getirmek boýunça dürli çäreleriň durmuşa geçirilmegi netijeli häsiýete eýe bolýar. Çünki, häzirki zaman şertlerinde islendik döwletiň üstünlikli ösüşi, ozaly bilen, bilimiň we ylmyň ösüş derejesi, jemgyýetiň intellektual mümkinçiliklerini başarnykly ulanmagy bilen kesgitlenilýär.

Zehinli ýaşlar nanotehnologiýalar, ylmy barlaglar, energetika, biotehnologiýalar, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-kommunikasiýalar, häzirki zaman saglygy goraýyş we derman senagaty, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ulgamlarynda, sportda hem-de beýleki ugurlarda netijeli zähmet çekýärler. Şeýlelikde, döwlet tarapyndan ylmy goldamak işi giňeldilýär hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar.

Aşyrmyrat ÝAGŞYGELDIÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar