Hin­dis­tan aw­tou­lag sig­nal­la­ry­na üýt­geş­me gi­riz­mek­çi bol­ýar

17 Oktýabr 2021
1059

Hin­dis­ta­nyň ýer­li ne­şir­le­rin­de çy­kan ha­bar­la­ra gö­rä, ýur­duň trans­port mi­nist­ri Ni­tin Gat­ka­ri bu ýer­dä­ki aw­tou­lag­la­ryň sig­nal­la­ry­ny mil­li saz­lar bi­len ça­lyş­ma­gy tek­lip ed­ýär. Onuň söz­le­ri­ne gö­rä, hin­di halk saz gu­ral­la­ry­nyň se­si adam­la­ryň eşi­diş or­gan­la­ry üçin has ýa­kym­ly bo­lar. Şeý­le-de mi­nistr Ni­tin Gat­ka­ri «Tiz kö­mek» we beý­le­ki ýö­ri­te aw­tou­lag­la­ryň ças­ly ses­le­ri­ni hem «Akaş­wa­ni» mil­li ra­dios­tan­si­ýa­syn­da goý­be­ril­ýän mil­li saz­la­ry bi­len ça­lyş­ma­gy ýer­lik­li bo­lar di­ýip ha­sap­la­ýar.

Mag­lu­mat üçin, Hin­dis­tan­da bü­tin dün­ýä­niň aw­tou­lag­la­ry­nyň di­ňe 1 gö­te­ri­mi ha­sa­ba al­nan­dyr. Ýö­ne şeý­le-de bol­sa bu ýurt aw­tou­lag­la­ryň sig­nal­la­ry­nyň iň köp ula­nyl­ýan ýe­ri­dir.

Mekan ATAÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar