"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Lukmanlar maslahat berýärler

— Agyz-burun örtüklerini ulanyň! — Azyk önümleriniň howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý ediň! Çig we taýýar iýmitleri kesmek üçin aýratyn pyçaklary we tagtalary ulanyň!

Saglyk — baş baýlyk

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň işgärleri etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň we saglygy goraýyş edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde, etrabyň ilatynyň arasynda wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini alyp barýarlar. Howanyň düzümindäki tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy, şeýle-de howanyň sowamagy bilen baglanyşykly döräp biläýjek keselleriň öňüni almak maksady bilen, düşündiriş işleri etrabyň «Artyk» geňeşliginiň ýaşaýjylarynyň arasynda geçirildi. Wagyz-nesihat topary agzalan geňeşligiň ýaşaýjylarynyň öýlerine aýlanyp, möwsümleýin ýiti respirator ýokanç kesellerinden goranmak bilen baglanyşykly degerli maslahatlaryny berdiler. Olar öý şertlerinde bolan duşuşyklaryň barşynda pasla görä geýinmegiň, asgyrylanda, üsgürilende hökmany ýagdaýda elýaglyk bilen agzyňy we burnuňy ýapmagyň, elleri ýygy-ýygydan sabynly suw bilen ýuwup, elmydama arassa ýagdaýda saklamagyň, iki metr howpsuz araçägi saklamagyň möhümdigi barada aýratyn durup geçdiler. Agyz-burun örtüklerini dakynmak, bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhe

Saglyk hemmämiz üçin zerur!

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Melhemler hazynasynyň düri

Üzümiň dermanlyk häsiýeti gadymy döwürden bäri bellidir. Muhammet Gaýmaz Türkmen özüniň «Pygamber tebipçiligi» atly meşhur eserinde öt haltasynyň keselleriniň üzüm bilen bejerilişi barada gürrüň berýär. Meşhur tebip Muhammet Huseýiniň «Melhemler hazynasynda» ýazylyşyna görä, üzüm peýdaly miweleriň biri. Halk lukmançylygynda ösümligiň iýmişi gipertoniýanyň (arterial gan basyşynyň ýokarlanmagy), ganazlygyň, bronhial demgysmanyň, öýken inçekeseliniň, aterosklerozyň, babasylyň, dowamly nefritiň, daşly keselleriň başlangyç döwründe, şeýle hem bagyr kesellerinde, nerw ulgamynyň gowşaklygynda, bedende ýaglaryň we minerallaryň alyş-çalşy bozulanda ulanylýar. Onuň öt çykaryjy, gakylyk gopduryjy täsiri bolan melhemlikleri dürli kesellerde ulanmaga mümkinçilik berýär. Ýapraklarynyň jöwheri basykda (anginada) bokurdak çaýkamak üçin, başly ýaralarda ýaralary bitirmek üçin peýdalanylýar, ownuk kerçelen ter ýapraklary ýaralara, çybana ýapylýar.

Sarymsak — serim sag

Adam saglygyna peýdaly ekinleriň biri sarymsakdyr. Halk lukmançylygynda boz toprakly, döküni ýeten, bol suwly ýerde ekilip, alnan sarymsagyň adamyň ýüzüniň durkuny gowulandyrmakda, gözüniň görejini ýiteltmekde, gulagyň gowy eşitmeginde peýdasynyň köpdügi bellenilýär. Hatda ir döwürlerde-de saçyň düşmeginiň öňüni almak üçin hem sarymsagy saç düýbüne çalypdyrlar. Bu bolsa saç düşmeginiň öňüni alypdyr. Orta ýaşan adamlar sarymsagyň dişini ikä bölüp, dişiň etine çalypdyrlar. Şeýdip dişleriniň berkemegine şypa beripdirler. Adamyň bedenine düşen ýaralary-da sarymsak suwy bilen bejeripdirler.

Sagdynlyk — iň uly baýlyk

Hormatly Prezidentimiz «Biziň baş maksadymyz halkymyzyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakdyr» diýmek bilen, döwletiň iň uly baýlygy bolan adamlaryň saglygyny goramakda, saglygy goraýyş ulgamyny hil taýdan täze derejelere çykarmakda uly tagallalar edýär. Bu giň gerimli işler raýatlarymyzyň sagdyn bedenli we ruhubelent bolup ýaşamaklary baradaky aladalar bilen berk baglanyşyklydyr. “Saglyk” Döwlet maksatnamasy esasynda ilatyň saglygyny berkitmek, dürli keselleriň durnukly öňüni almak, raýatlaryň talabalaýyk iýmitlenmegini we sagdyn durmuşda uzak ýaşamagyny gazanmak babatda, şeýle hem ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça uly işler üstünlikli alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy” hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy hakynda Karara gol çekmegi aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Kabul edilen resminamanyň esasy maksady sagdyn iýmitlenmegiň kadalaryny we düzgünlerini ornaşdyrmak arkaly ilatymyzyň saglygyny berkitmekden we keselleriň öňüni almakdan, raýatlaryň ömrüniň ortaça dowamlylygyny artdyrmakdan we sagdyn durmuşda uzak ýaşamagyny gazanmakda

Saglygyň gadyryny bilgil...

Häzirki wagtda gyş paslynyň dowam edýän günlerinde möwsümleýin ýiti respirator keseller, sowuklama ýaly näsazlyklar ýüze çykyp bilýär. Howanyň häli-şindi üýtgäp durmasy, aram-aram ýagyşdyr garyň ýagmagy ýokary dem alyş ýollarynyň dowamly sowuklamasyndan, ýürek-damar ulgamynyň sökelliklerinden, bogun agyrysynyň dürli görnüşlerinden ejir çekýän adamlarda oňaýsyz ýagdaýlary döredip ýa-da gaýra üzülmelere sebäp bolup bilýär. Adam bedeninde Gün şöhlesiniň ýetmezçilik etmegi bedeni tapdan düşürip, nerw ulgamyny gowşadýar. Bu bolsa, öz gezeginde, adamyň ukuçyl, ysgynsyz bolmagyna sebäp bolýar. Şu ýagdaýlaryň öňüni almak üçin saglygymyz hakynda öz wagtynda alada edip, maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşyp durmaly. Bu günki gün Saglyk öýleri tarapyndan geçirilýän köpugurly öňüni alyş barlaglary keselleriň öňüni almaga gönükdirilen iň möhüm çäreleriň biridir. Olar keselleriň döremegine getirip biläýjek näsazlyklary gaýra goýman ýüze çykarmaga we bejermäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, Saglyk öýleri tarapyndan geçirilýän wagyz-nesihat çärelerinde sagdyn iýmitlenmek, möwsümde ýüze çykýan ýiti respirator ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, zyýanly endiklerden daşda durmak, olaryň adam saglygyna ýetirýän zyýanly tä

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Häzirki wagtda howanyň düzüminde ynsan saglygyna zyýan ýetirýän tozan bölejikleriniň kadadan artandygy sebäpli agyz-burun örtüklerini dakynmak bilen, köpçülik ýerlerine barlanda, bellenilen howpsuz araçägi saklamaly. Möwsümleýin ýiti ýokanç keselleriň öňüni almak üçin ýörite düzgünleri berk berjaý etmeli. 1. Otaglary we olardaky mebelleri, gapylaryň tutawaçlaryny, pollary zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen yzygiderli arassalap durmaly, penjireleri açyp, otaglary ýelejiretmeli.

Wagyz-ündew çäresi

Türkmenbaşy şäheriniň «Türkmenbaşyagyzsuw» önümçilik ulanyş müdirliginiň mejlisler otagynda edara-kärhanalaryň işgärleri we talyp ýaşlar bilen geçiren «Saglygymyz — baýlygymyz, seresaplylyk — goragymyz» atly wagyz-ündew çärämizde ýiti ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, jemgyýetçilik ýerlerinde agyz-burun örtügini dakynmagyň düzgünlerini berjaý etmek barada täsirli söhbet edildi. Şäher hassahanasynyň, saglyk öýüniň we şäher prokuraturasynyň işgärleri öz çykyşlarynda ýiti öýken sowuklama keseliniň we gaýry ýokanç hassalyklaryň ýaýramagyna garşy dünýäniň lukmançylyk tejribesinde maslahat berilýän ähli çäreleri kada laýyk berjaý etmegiň wajyp wezipämizdigini ündew etdiler. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgä esaslanýan il-ýurt bähbitli ynsanperwer döwlet syýasatynyň, jemgyýetimizde höküm sürýän durnuklylyk, agzybirlik, jebislik ýagdaýynyň, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň kämilliginiň netijesinde häzirki wagtda raýatlaryň saglygyny ygtybarly goramak meselesine ýokary üns berilýändigini bellediler. Şeýle hem ýiti öýken sowuklama keseliniň ýaýramagyna garşy ýurdumyzda geçirilýän çäreleriň biziň we ýakynlarymyzyň ömrüni goramak zerurlygy bilen şertlendirilýändigini düşündird

Adam saglygy — döwletiň baş baýlygy

Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler eýwanynda geçen maslahat ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň, beýik başlangyçlaryň adam hakyndaky aladalara gönükdirilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Ýokary guramaçylykly we işjeň ýagdaýda geçen bu maslahata syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, saglygy goraýyş we sport ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Adam saglygyny jemgyýetiň we döwletiň esasy baýlygyna deňeýän hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 25-nji dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde buýan köküniň adam saglygyna peýdasy barada beren tabşyryklaryndan ugur alnyp geçirilen bu maslahat baý mazmuna eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň gözel türkmen tebigatynyň goýnundaky «ýaşyl dermanhananyň» egsilmez mümkinçilikleri, buýan köküniň dermanlyk häsiýeti, biologik aýratynlyklary we himiki düzümi barada aýdan parasatly sözleri wagyz-nesihat häsiýetli bu maslahatyň dowamynda edilen çykyşlaryň esasy mazmunyny kesgitledi.

Derman otlar — tebigatyň serpaýy

Bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen okgunly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda ynsan saglygy barada edilýän alada örän uludyr. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda belleýşi ýaly, saglyk jemgyýetçilik gymmatlygy bolmak bilen, döwletiň ösüşiniň esasy kesgitleýjisi hökmünde häsiýetlendirilýär. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiz bu ulgamy barha kämilleşdirmek, onuň maddy-tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmak, hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak babatda uly işleri amala aşyrýar. Hormatly ýurt Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltden ybarat ylmy-ensiklopedik işi dünýä derejesinde ykrar edilen ajaýyp ylmy işdir. Halk lukmançylygynda giňden ulanylýan ösümlikleriň dermanlyk häsiýetlerini ylmy esasda açyp görkezýän bu ajaýyp eser alym Arkadagymyzyň öz halkyna eden uly peşgeşi boldy. Türkmen topragy — keremli toprak. Güneşli ülkämiz ösümlik dünýäsine örän baý. Türkmen sährasynda bitýän ösümlikleriň aglabasy hem dermanlyk häsiýetine eýedir. Häzirki zaman lukmançylyk tejribesinde derman ösümliklerden giňden peýdalanylýar.

Sagdyn durmuşyň kadalary

Buýan — derdiň dermany

Hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplary ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleri üçin gymmatly gollanmadyr. Milli Liderimiz bu ylmy-ensiklopedik işinde dürli keselleriň öňüni almakda we olary bejermekde türkmen topragynda bitýän ösümlikleriň bejerijilik häsiýeti, olardan dermanlyk serişdeleri we melhemleri taýýarlamagyň aýratynlyklary hakynda gymmatly maglumatlary beýan edýär. Ol maglumatlar ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri üçin hem aýratyn ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümlikleriň biri-de buýandyr. Buýanyň kökünden taýýarlanýan dermanlyk serişdeler antibakteriýal we antioksidant täsirlere eýedir. Onuň şeýle häsiýetleri düzüminde glisirrizin, flawonoidler, steroidler, askarbin turşusy, saponinler, selen mikroelementi ýaly maddalaryň saklanýandygy bilen baglydyr. Şeýle häsiýetlere eýe bolan buýan köki we ondan taýýarlanýan derman serişdeleri organizmiň zäherlenmelerinde, sowuklamada, gormonal, dem alyş, içege, aşgazan keselleri, inçekeseli bejermekde, immun ulgamynyň bozulmalarynda, böwregi

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda, agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Sagdyn iýmitlenmek — saglygyň girewi

Kadaly iýmitlenmek sagdyn durmuşyň möhüm ugry bolup durýar. Onuň esasy düzgünlerini çagalykdan berjaý etmeli. Häzirki döwürde dünýäde artykmaç agramlykdan kösenýän adamlaryň sany gitdigiçe artýar. Biziň saglygymyz, keýpimiz, işjeňligimiz iýýän iýmitimize baglydyr. Şonuň üçin sagdyn, peýdaly, tebigy, ekologiýa taýdan arassa iýmitlerden peýdalanmaly. Peýdaly iýmit hökman bedeniň gowy tarapa üýtgemegine getirýär. Sagdyn durmuşy alyp barmak üçin sagdyn iýmitiň käbir syrlaryny bilmek zerurdyr. Ol bolsa şulardan ybarat. Sintetiki önümlerden we konserwantlardan ýüz öwrüp, tebigy iýmit önümlerini köpräk ulanmaly, şübheli hilli we näbelli gelip çykyşly iýmitden boýun gaçyrmaly. Süýjüli nygmatlary iýmitden doly aýryp bolmaýar. Ýöne olary peýdaly, siziň keýpiňizi ýokarlandyrjak we bedene düşýän uglewodlaryň mukdaryny köpeltmeýän, syratyňyza zyýan ýetirmeýän süýjili nygmatlar bilen çalşyp bolar. Naharlaryň taýýarlanyş usullaryny täzeden seretmeli, gaýnatma, buglama, gyzgyn peçde bişirmek usullaryny makul bilip, önümleri ýaga gowurmakdan daşlaşmaly.

Lukman maslahat berýär

Bir gezeklik örtügi 2 sagatdan artyk ulanmak maslahat berilmeýär. Kesellemegiň öňüni almak üçin arassa agyz suwy we iýmit önümlerini ulanmaly.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Gyş paslynyň aýazly günleriniň dowam etmegi dürli ýokanç keselleriň ýüze çykmagyna getirýär. Şol keselleriň öňüni almak üçin pasla görä ýyly geýinmek şu günüň wajyp wezipesi bolup durýar. Şeýle wezipeden ugur alýan saglygy goraýyş işgärlerine jogapkärli wezipe degişlidir. Mary şäherindäki 2-nji saglyk öýüniň lukmanlarydyr şepagat uýalary ynsan saglygy hakda aladalanýandyklaryny iş ýüzünde subut edýärler. Olardan göreldeli işleýän maşgala lukmany Ýusup Annaýew bilen şepagat uýasy Gülşirin Ahmedowany görkezmek bolar. Olar näsaglary güler ýüz bilen garşylap, olara degerli maslahatlary berýärler. Şeýle hem olar özlerine degişli maşgalalara baryp, öýden çykanlarynda agyz-burun örtügini dakynyp, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeklerini, öýlerinde ýygy-ýygydan üzärlik tütedip durmaklaryny ýatladyp durýarlar.

Agyz-burun örtüklerini dakynyň!

Häzirki wagtda howada tozan bölejikleri zerarly döräp biläýjek dürli ýokanç keselleriň adam bedenine ýetirip biljek oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak üçin, raýatlara agyz-burun örtüklerini dakynmak maslahat berilýär. Agyz-burun örtügi nemli agyz we burun bardalaryny dürli ýokançlaryň düşmeginden goraýan serişdeleriň biridir.

Derde derman kök

Biziň Watanymyz, has, dogrusy, ene topragymyz dermanlyk ösümliklere örän baýdyr. Amyderýanyň goşa kenarynda buýan ösümligi näçe diýseň köpdür. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat” birleşiginiň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän “Buýan” obasenagat toplumy tutuş ýurdumyzy buýan köküniň melhemlik şiresi bilen üpjün edýär. Buýanyň köküniň melheminiň sowuklama bilen bagly keselleri bejerijiligi hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik kitabynda hem nygtalýar. Şeýle-de buýanyň kökünden taýýarlanýan melhemleriň bedeni ýokanç keselden saplamakda uly peýdasy bardyr. Gadymy döwürde tebipler, ýagny, Gippokrat, Galen, Ibn Sina ýaly alymlar hem böwrek, gyzzyrma, öýken kesellerinde, aşgazan-içege kesellerinde buýanyň kökünden melhemler taýýarlap ulanypdyrlar. Türkmenistandaky ýeke-täk «Buýan» obasenagat toplumynyň önümleriniň bir böleginiň daşary ýurtlara eksport edilýändigini hem belläp geçmelidiris. Buýanyň köküniň düzümindäki glisirrizin turşusynyň arassa görnüşinde alnanda, adaty gantdan 50 esse süýji bolýandygy anyklanyldy, şeýle-de buýanyň kökünden köpürjikli serişdeleri öndürmek mümkinçiligi bardyr. Buýanyň kökünden has giňişleýin peýdalanmak üç

Sogan

Sogan ynsan üçin ýokumly we sagaldyjy iýmit hökmünde bellidir. Onda dürli fermentler, kaliý duzy, şeker, fosfor, limon we alma turşulygy, A, B1, B2, PP, С witaminleri, ysy, ajysy bilen gözüň nemli bardasyny gyjyndyrýan efir ýagy bar. Ol işdäňi açýar, iýlen iýmitiň oňat siňmegi üçin suwuklyk bölünip çykyşyny güýçlendirýär. Sogan ýiti respirator, sowuklama keselleriniň öňüni alýar, bedeniň kesellere garşy göreşmek ukybyny pugtalandyrýar. Onuň düzümindäki fitonsidler mikroblara, wiruslara, bakteriýalara garşy göreşmek häsiýetli, aşgazaniçege ýollarynyň kesellerinde, garamükürde (singada), anginada (basyk), bronhitlerde we gurçuk kesellerinde täsirini ýetirýär, ganbasyşy kadalaşdyrýar.