Adam saglygy — döwletiň baş baýlygy

8 Ýanwar 2021
1102

Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler eýwanynda geçen maslahat ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň, beýik başlangyçlaryň adam hakyndaky aladalara gönükdirilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Ýokary guramaçylykly we işjeň ýagdaýda geçen bu maslahata syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, saglygy goraýyş we sport ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar.

Adam saglygyny jemgyýetiň we döwletiň esasy baýlygyna deňeýän hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 25-nji dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde buýan köküniň adam saglygyna peýdasy barada beren tabşyryklaryndan ugur alnyp geçirilen bu maslahat baý mazmuna eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň gözel türkmen tebigatynyň goýnundaky «ýaşyl dermanhananyň» egsilmez mümkinçilikleri, buýan köküniň dermanlyk häsiýeti, biologik aýratynlyklary we himiki düzümi barada aýdan parasatly sözleri wagyz-nesihat häsiýetli bu maslahatyň dowamynda edilen çykyşlaryň esasy mazmunyny kesgitledi.

Gurban GURBANOW,
«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar