Saglyk — baş baýlyk

10 Ýanwar 2021
1026

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň işgärleri etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň we saglygy goraýyş edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde, etrabyň ilatynyň arasynda wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini alyp barýarlar. Howanyň düzümindäki tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy, şeýle-de howanyň sowamagy bilen baglanyşykly döräp biläýjek keselleriň öňüni almak maksady bilen, düşündiriş işleri etrabyň «Artyk» geňeşliginiň ýaşaýjylarynyň arasynda geçirildi.

Wagyz-nesihat topary agzalan geňeşligiň ýaşaýjylarynyň öýlerine aýlanyp, möwsümleýin ýiti respirator ýokanç kesellerinden goranmak bilen baglanyşykly degerli maslahatlaryny berdiler. Olar öý şertlerinde bolan duşuşyklaryň barşynda pasla görä geýinmegiň, asgyrylanda, üsgürilende hökmany ýagdaýda elýaglyk bilen agzyňy we burnuňy ýapmagyň, elleri ýygy-ýygydan sabynly suw bilen ýuwup, elmydama arassa ýagdaýda saklamagyň, iki metr howpsuz araçägi saklamagyň möhümdigi barada aýratyn durup geçdiler. Agyz-burun örtüklerini dakynmak, bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary içmegi endik edinmek barada aýdylanlar ýerli ýaşaýjylarda uly täsir döretdi.

Beýleki habarlar