"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Yhlasly lukman

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda saglyk ulgamynda ençeme işler durmuşa ornaşdyrylýar. Adam saglygy ugrunda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Welaýatlardyr etrap-şäherlerde döwrebap hassahanalardyr saglyk öýleri gurlup, ulanmaga berilýär. Şeýle şertlerden netijeli peýdalanyp işleýän saglygy goraýyş işgärleri jogapkärli wezipä gowy düşünýärler. Ynsan saglygyny goramakda hem-de ony dikeltmekde, ýokary derejelere ýetilýändigine guwanýan ak ýektaýly lukmanlar gije-gündiz yhlasly zähmet çekýärler. Welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň işbaşarjaň, çaga newrolog lukmany Nury Akmyradow hem jogapkärli wezipeleri iş ýüzünde amala aşyryp, ýaş nesilleriň saglygyny dikeltmekde irginsiz zähmet çekýär. Ol 1991-nji ýylda häzirki M.Garryýew adyndaky lukmançylyk uniwersitetiniň pediatr bölümini üstünlikli tamamlady. Nury lukman işe başlan ilkinji günlerinden Magtymguly Çopanow, Gündogdy Ballyýew dagynyň halypalyk etmeginde, baý tejribe toplady. Iş tejribesini kämilleşdiren newrolog lukmanyň häzirki wagtda 10-a golaý şägirdi bolup, olardan Serdar Hojamyradow, Begenç Silgeldiýew daga halypalyk edip, gerek ýerinde maslahat berip, olar bilen özara pikir alyşýar.

Itburnuň peýdasy

Ýurdumyzyň «ýaşyl dermanhanasy» adamyň saglygy üçin peýdaly ösümliklere örän baý. Häzirki wagtda howanyň sowamagy, şeýle-de howadaky tozan bölejikleriniň mukdarynyň kadadan artmagy bilen baglanyşykly döreýän möwsümleýin ýiti respirator keselleriň öňüni almakda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynda beýan edilýän ösümlikler örän netijeli serişdeleriň biridir. Şolaryň hatarynda itburun ösümligi adam bedeni üçin peýdaly witaminlere baýdyr. — Onuň bary-ýogy birnäçe miwesi adam bedeni üçin 1 gije-gündizlik gerek bolan C witamini (askorbin turşusy) bilen üpjün edýär. Bu witamin bedeniň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrýar.

Sag başym — soltan başym

Ýyly ýerden derläp, daşaryk çykmak adamyň kesele garşy göreşýän immun ulgamynyň peselmegine getirýär. Möwsümleýin döreýän ýiti respirator keseli wiruslar arkaly döreýär we dem alyş ýollarynyň — burnuň, bokurdagyň, traheýanyň bronhlaryň nemli bardasynyň käte konýunktiwanyň zeperlenmegi bilen geçýär. Kesel syrkawdan, seýrek ýagdaýlarda ýokanjy göterijilerden ýaýraýar. Wirus ýokuşandan soň, kesel duýdansyz başlanýar. Syrkaw birdenkä tapdan düşýär, gyzdyryp, üşüdip başlaýar. Bedeniň temperaturasy 39-400 C, käte ondanam ýokary derejä ýetip bilýär. Syrkawyň bogunlary, myşsalary agyrýar, ýüzi gyzarýar, ýellenýär. Syrkawyň gaýtarmagy, ýüreginiň bulanmagy, burnunyň ganamagy mümkin.

Barlygyň bahasyz baýlygy

Döwletimiziň esasy baýlygy bolan ilatyň saglygy we milletiň geljegi hakyndaky alada hemişe ileri tutulýan ugur bolup çykyş edýär. Çünki ynsan saglygy diýlen düşünjäniň aňyrsynda dünýäniň ähli baýlygy, adamzat ösüşiniň düýp özeninde durýan hereketlendiriji güýç jemlenýär. Dogry iýmitlenmek, sport bilen meşgullanmak we zyýanly endiklerden daşda durmak adama sagdyn we güýçli bolmaga ýardam berýär. «Meniň iň esasy we iň ygtybarly daýanjym halkym bolar» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň bu esas goýujy ýörelgesi «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda, şeýle hem saglygy goraýyş ulgamynda kabul edilýän birnäçe kanunçylyk namalarynda öz beýanyny tapýar. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksiniň rejelenen görnüşini, «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda», «Derman üpjünçiligi hakynda», «Psihiatrik kömek bermek hakynda», «Psihologik hyzmatlar hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümleriniň ulanylmagynyň netijelerinden goralmagy hakynda», «Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda», «Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda

Sagdyn durmuşyň sakasy

Ahal welaýat Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginde geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynda kesellerden goranmak we sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek maksat edinildi. Welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň hem-de Saglygy goraýyş müdirliginiň işgärlerinden düzülen wagyz-nesihat toparynyň agzalarynyň gatnaşmagynda sportçularyň arasynda geçirilen duşuşykda täsirli çykyşlar boldy. Onda Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň mejlisleriniň çözgütlerinden, şol sanda ýiti ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça amala aşyrylmaly işleriň wagtlaýyn tertibinden gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, türgenlerdir tälimçilere degerli maslahatlar, öwüt-ündewler berildi.

Ýiti respirator keselinden ägä boluň!

Her bir adam öz saglygy barada alada etmekligi derwaýys zatlaryň biri hasaplamalydyr. «Görk agyzdan» diýlişi ýaly, kadaly we peýdaly iýmitlenmek, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmak, zähmet bilen dynç almagy utgaşdyrmak hem-de arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek, pasla görä geýinmek, bularyň ählisini gündelik durmuşyňa öwürseň, dürli kesellerden gorar hem-de sagdyn we berk bedenli bolmaga kömek eder. Möwsümleýin döreýän ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin her bir adam daşaryk çykanda, hökman, burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmaly, agyz-burun örtügini dakynmaly we daş-töwerekdäki adamlar bilen 2 metrden az bolmadyk howpsuz araçägi saklamaly. Şahsy arassaçylyk talaplaryny berk berjaý etmeli, elmydama ellerini arassa saklamaly, sabyn bilen ýygy-ýygydan ýuwmaly we zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmaly.

Buýan – taýsyz melhem

Türkmen topragy dermanlyk ösümliklere diýseň baýdyr. Ata-babalarymyz gadymy döwürlerden bäri olardan peýdalanyp gelipdirler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ensiklopediýasynda giňişleýin we düýpli söhbet edilýär. Şol ösümlikleriň biri-de buýandyr. Jülgelerinde we daglarynda ösýän buýan gadymyýetden bäri köpleriň ünsüni özüne çekmek bilen, ýurdumyzda onuň dört görnüşi, dünýäde bolsa on bäş görnüşi duş gelýär. Halk arasynda bu ösümlik «süýji buýan» ady bilen hem giňden mälimdir. Hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň 25-nji dekabrynda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde dünýäde giňden ýaýran koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek bilen bagly meselelere ünsi çekip, bu ugurda türkmen buýanynyň we ondan taýýarlanylan melhemleriň peýdaly bolup biljekdigine ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyz süýji buýanyň ähmiýeti boýunça dermanlyk ösümlikleriň arasynda öňdäki orunda durýandygyny belläp geçdi. Bu ösümlik häzirki zaman derman serişdeleriniň 350-den gowragynyň düzümine goşulýar. Buýan dünýäniň köp ýerlerinde ösýär. Olaryň arasynda türkmen buýany has gymmatly melhem ösümlik hasaplanylýar, çünki amatly howa şertleri, çölüň ekoulgamy bu ösümlikde köp

Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri

MAÝDA GÜLLI ÇYMYLGAN

Eller arassa bolmaly

Şahsy arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek — kesellerden goranmagyň iň ygtybarly usuly. Elleri ýygy-ýygydan ýuwmak peýdaly endik bolup, birnäçe ýokanç keselleriň öňüni almaga ýardam berýär. Sebäbi dürli kesel dörediji wiruslar we bakteriýalar ellerde toplanýar, ellän zatlarymyz arkaly bedene düşýär. Hut şonuň üçin hem hajathanadan soň, nahar iýmezden öň, daşarda gezelenç edilenden soň, asgyrylandan we üsgürilenden soň elleri sabyn bilen ýuwmaly. Eller ýuwulmadyk halatynda adam bedeniniň kesele garşy göreş ukyby gowşaýar. Beden gowşan ýagdaýynda «hapa elleriň keselleri» diýlip atlandyrylýan ýokanç keselleriň döremegi ähtimal. Bu keselleriň hataryna: ýiti iýmit zäherlenmeleri, ýiti içege ýokanç keselleri, ýiti respirator wirus ýokançlary, soguljanlaryň dürli görnüşleri degişlidir.

Limonyň peýdasy

Limon sitrus miweleriniň arasynda iň peýdalylarynyň biridir. Ol C, E witaminleriniň, B toparyndan başlap, ýokumly maddalaryň uly möçberiniň çeşmesi hasaplanýar. Onuň düzüminde demir, fosfor, kaliý we natriý saklanýar. Limonyň adam bedenine peýdasy örän köpdür. Ol adamyň ýokanç kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar. Häzirki wagtda, gyş günleriniň dowam edýän günlerinde wiruslara we bakteriýalara garşy göreşmekde limon taýsyz serişdedir.

Saglygym — baş baýlygym

Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, bedenterbiýe maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirmek, sport bilen meşgullanmak, arassa howada gezelenç etmek bilen öz saglygyňyzy gorap bilersiňiz. Şeýle-de möwsümleýin ýiti ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen ýörite düzgünleri berk berjaý etmeli. 1. Witaminlere we mikroelementlere baý gök önümleri, ter we kakadylan miweleri, süýt we süýt önümlerini iýmeli. Limonly, itburunly, bally çaý, dürli miweleriň ter şireleri örän peýdalydyr.

Sagdyn durmuş — saglyk ýörelgäm

«Halkymyzyň saglygy Berkarar Watanymyzyň rowaçlyklarynyň we üstünlikleriniň gözbaşydyr» diýip nygtaýan Gahryman Arkadagymyz, ynsan saglygyny gorap saklamak hakynda yzygiderli tagallalary edýär. Ynsan saglygyny gorap saklamak, jemgyýetimize sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak ýurdumyzyň durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy maksatlarynyň biridir. Sagdyn durmuş ýörelgesi öňümizde goýlan ähli maksatlardyr arzuwlarymyza ýetmäge, sagdynlyk, berk bedenlilik, adamyň uzak ýaşamagyna we ýaşan ömrüniň lezzetini duýmagyna kömek edýär. Saglyk — bu bahasyna ýetip bolmajak, her bir adamyň, maşgalanyň, şol sanda jemgyýetiň baýlygydyr. «Saglyk — bu her kimiň özbaşdak ýetmeli belentligidir!» diýen paýhasly pikirden ugur alyp, her bir adam saglygy hakynda alada etmelidir. Saglygyň gadyryny bilýän adam sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, öz şahsy durmuşynda üstünligi, işde öňegidişligi, owadanlygy we saglygyň hilini kepillendirýändir. Bu ýörelgäniň esasy ugurlary hemmelere aýan bolup durýar.

Arassaçylygy berjaý ediň!

Nahar iýlenden soň, gap-çanaklary dessine ýuwuň! * * *

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Şu günler howanyň düzümindäki ynsan saglygyna zyýan ýetirýän tozan bölejikleriniň kadadan artmagy sebäpli, agyz-burun örtüklerini ulanmagy, 2 metr howpsuz araçägi saklamagy maslahat berýäris.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda, agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar

Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ata Watanymyzda soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamy günsaýyn kämilleşýär. Paýtagtymyzda we ähli welaýatlarda halkara ölçeglerine laýyk gelýän saglygy goraýyş merkezleri, hassahanalar hem-de sport desgalary guruldy we bu ugurda ägirt uly işler üstünlikli dowam etdirilýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, bagtyýarlygyň we ruhubelentligiň sakasynda saglyk durýar. Saglyk bu biziň elýetmez baýlygymyzdyr. Hormatly Prezidentimiz bagtyýar ýaşaýşyň sakasynda saglygyň durandygyny nygtap, «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen ýörelgäni durmuşa geçirmekde düýpli özgertmelere badalga berýär. Ýurdumyzda bu ugurda birnäçe işler durmuşa geçirilip, welaýatymyzda hem dünýä nusgalyk iri hassahanalar, saglygy goraýyş merkezleri hem-de saglyk öýleri gurlup, ulanylmaga berildi. Welaýat merkezimizde sebitde iň uly köpugurly hassahana işleýär. Ähli mümkinçilikleri bolan bu iri saglygy goraýyş merkezinde çylşyrymly operasiýalaryň onlarçasy üstünlikli geçirildi. Merkeziň lukmanlary ýurdumyzyň beýleki sebitlerindäki kärdeşleri bilen onlaýn maslahatlaryny geçirip, bilelikdäki kämilleşigi ýola goýdular.

Arassaçylyk saglygyň girewidir

Her bir adam şahsy arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmelidir. Şeýle edilse, onda birnäçe ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni alyp bolar. Keseller hapa ellerden, talabalaýyk bişirilmedik iýmit önümlerinden we arassalanylmadyk suwdan hem geçýär. Ýokanç kesellerden goranmak üçin hem-de sagdyn we berk bedenli bolmak üçin biziň her birimiz kadaly iýmitlenmelidiris, zähmet we dynç alşy sazlaşykly gurap, yzygiderli fiziki maşklar bilen meşgullanmalydyrys.

Saglyk - baş baýlyk

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi halkymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýete eýe boldy. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasynda ilatyň jan saglygy baradaky aladanyň döwlet syýasaty derejesine göterilmegi bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagyny şertlendirdi. Saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerine yhlasly zähmet çekmäge itergi berdi. Häzirki wagtda bu ugurdaky wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň ählisinde, şol sanda, şypahana ulgamynda hem giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda bolsa «Saglyk» Döwlet maksatnamasy saglygy goraýyş işgärleriniň ýol görkezijisi bolup hyzmat edýär. Sanlyja ýyllaryň içinde dünýä derejesinde enjamlaşdyrylyp ulanylmaga berlen hassahanalaryň we saglyk merkezleriň, köpsanly sagaldyş-dynç alyş öýleriň, sport desgalaryň, şypahanalaryň, türkmen topragynyň müň bir derde derman ösümliklerinden derman serişdelerini öndürýän kärhanalaryň, anyklaýyş-bejeriş edaralaryň onlarçasynyň gurlup ulanylmaga berilmegi saglygy goraýyş ulgamyny uly ösüşlere eýe etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow golaýda geçiren ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde buýan köküniň adamyň saglygyna edýän netijeli täsiri dogrusynda aýraty

Arassaçylyk düzgünlerini berjaý edeliň!

Ýaşaýan, işleýän otagyňyzda üzärligi tütetmeli, otagyň içini, mebelleri, gapy tutawaçlaryny, pollary ýörite arassalaýjy serişdeler bilen arassalap durmaly. Şeýle hem, nahar iýilýän gap-gaçlary ulanmazdan öň we soň akar suwda gowy arassalamak, ýuwmak maslahat berilýär. Durmuşda arassaçylyk düzgünleriniň şertlerine biperwaý seredilmegi adamyň saglyk ýagdaýynyň we işe ukyplylygynyň pese düşmegine getirýär. Elbetde, munuň ilki bilen, öz saglygyňa, soňra daş-töweregiňizdäki adamlaryň saglygyna ýaramaz täsirini ýetirýändigini unutmaň. Şahsy arassaçylyk düzgünlerini dogry berjaý etmeklik uzak hem sagdyn ýaşamaklygyňyza şert döredýär.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Gymmatly baýlygyň aladasy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Soňky wagtlarda ýokanç keselleriň öňüni almakda uly işler bitirilýär. Bu babatda degerli çäreler düşündiriş, wagyz-nesihat işleri bilen utgaşdyrylýar. Ýokanç keselleriň ýaýramazlygy ugrunda etrabymyzyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminde uly işler alnyp barylýar.