Ýiti respirator keselinden ägä boluň!

14 Ýanwar 2021
1203

Her bir adam öz saglygy barada alada etmekligi derwaýys zatlaryň biri hasaplamalydyr. «Görk agyzdan» diýlişi ýaly, kadaly we peýdaly iýmitlenmek, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmak, zähmet bilen dynç almagy utgaşdyrmak hem-de arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek, pasla görä geýinmek, bularyň ählisini gündelik durmuşyňa öwürseň, dürli kesellerden gorar hem-de sagdyn we berk bedenli bolmaga kömek eder.

Möwsümleýin döreýän ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin her bir adam daşaryk çykanda, hökman, burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmaly, agyz-burun örtügini dakynmaly we daş-töwerekdäki adamlar bilen 2 metrden az bolmadyk howpsuz araçägi saklamaly. Şahsy arassaçylyk talaplaryny berk berjaý etmeli, elmydama ellerini arassa saklamaly, sabyn bilen ýygy-ýygydan ýuwmaly we zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmaly.

Gülnabat ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň keselleriň öňüni alyş bölüminiň lukmany.
Beýleki habarlar