Buýan – taýsyz melhem

14 Ýanwar 2021
1485

Türkmen topragy dermanlyk ösümliklere diýseň baýdyr. Ata-babalarymyz gadymy döwürlerden bäri olardan peýdalanyp gelipdirler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ensiklopediýasynda giňişleýin we düýpli söhbet edilýär. Şol ösümlikleriň biri-de buýandyr. Jülgelerinde we daglarynda ösýän buýan gadymyýetden bäri köpleriň ünsüni özüne çekmek bilen, ýurdumyzda onuň dört görnüşi, dünýäde bolsa on bäş görnüşi duş gelýär. Halk arasynda bu ösümlik «süýji buýan» ady bilen hem giňden mälimdir.

Hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň 25-nji dekabrynda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde dünýäde giňden ýaýran koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek bilen bagly meselelere ünsi çekip, bu ugurda türkmen buýanynyň we ondan taýýarlanylan melhemleriň peýdaly bolup biljekdigine ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyz süýji buýanyň ähmiýeti boýunça dermanlyk ösümlikleriň arasynda öňdäki orunda durýandygyny belläp geçdi. Bu ösümlik häzirki zaman derman serişdeleriniň 350-den gowragynyň düzümine goşulýar. Buýan dünýäniň köp ýerlerinde ösýär. Olaryň arasynda türkmen buýany has gymmatly melhem ösümlik hasaplanylýar, çünki amatly howa şertleri, çölüň ekoulgamy bu ösümlikde köp peýdaly maddalaryň toplanmagyna we saklanmagyna şert döredýär. Hormatly Prezidentimiz türkmen we daşary ýurtly alymlaryň buýan köküni howply ýokanja garşy serişdeleriň biri hökmündäki ähmiýetini öwrenmekde bilelikde işlemegi üçin mümkinçiligiň açylýandygyny belläp, bu ugurda täze wezipelere ünsi çekdi.

Gülnara Myradowa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.
Beýleki habarlar