"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Sagdyn durmuş - bagtyýar ýaşaýyş

Ata Watanymyz eziz Türkmenistan dünýä ýüzünde sagdynlygyň hem ruhubelentligiň mekany hökmünde giňden tanalýar. Bedenterbiýe-sport hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işler bu ulgamyň rowaç geljegini kepillendirýär. Hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde we bu ugurda ildeşlerimize şahsy görelde görkezmegi, ýurdumyzda adam hakdaky aladanyň döwlet syýasatynda ilkinji orunda durýandygyny görkezýär. Ýurdumyzda, welaýat merkezlerinde gurulýan saglyk öýlerini, hassahanalary, sport toplumlaryny, şeýle hem dynç alyş öýlerini göreniňde, bu Watanda ýaşaýandygyňa buýsanjyň artyp, kalbyňa rahatlyk, bedeniňe sagdynlyk aralaşyp, bu ugurlarda alyp barýan işlerimiziň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenjekdigine aýdyň göz ýetirýärsiň.

Möwsümleýin näsaglykdan goranalyň!

Agyz-burun örtükleri üsgürilende ýa-da asgyrylanda adamyň tüýküliginiň daşa ýaýramagynyň, howadaky zyýanly tozan bölejikleriniň bedene aralaşmagynyň öňüni alýar we daş-töwerekdäkilere keselleriň ýokuşma howpuny azaldýar. Daş-töweregindäkilere keseli ýokuşdyrmazlyk we öz wagtynda bejergi almak üçin, näsag keseliň ilkinji alamatlaryndan başlap, öýde bolmaly we lukmana ýüz tutmaly. Näsagyň köpçülik ýerlerine barmaklygyny çäklendirmeli. Keseliň kesgidi we bejergisi diňe lukman tarapyndan bellenip bilner. Ol hem degişli derman serişdeleriniň haýsysyny içmelidigini, wagtyny we möçberini kabul etmegini näsaga maslahat berip biler.

Sag başym — soltan başym

Bir gezeklik agyz-burun örtügini 2 sagatdan artyk ulanmak maslahat berilmeýär. Birek-birek bilen 2 metr howpsuz aralygy saklaň!

Il saglygy — ýurt baýlygy

Mary etrap hassahanasynyň maslahat beriş we anyklaýyş bölüminiň newropatolog lukmany Enejan Tahyrowa we şepagat uýasy Gülnabat Akgaýewa näsaglaryň tiz sagalmagy ugrunda yzygiderli alada edýärler we olara özleriniň maslahatlaryny berýärler. Bölüme ýüz tutup gelýän näsaglar bu ýerdäki lukmanlardyr şepagat uýalaryndan hoşal bolup gidýärler. Çünki, her bir işde yhlas bar. Bölümiň lukmanlarynyň we şepagat uýalarynyň yhlasy ýerine-de düşýär.

Ysmanagyň saglyga peýdasy

Ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikler bedende witaminleriň, minerallaryň ýetmezçiliginiň öwezini dolmaga ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işi bu ugurda möhüm çeşmedir. Ýurdumyzda dermanlyk ösümlikleriň iň köp duş gelýän görnüşleriniň biri hem ysmanakdyr. Ol bir ýyllyk otjumak ösümlikdir. Onuň ýabany we bakja görnüşi bar. Ýabany ysmanak ýaz paslynda tebigy ýagdaýda gögerýär. Bakja görnüşi ýörite ekilýär. Ondan dürli görnüşli milli tagamlar we işdäaçarlar taýýarlanylýar.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Almanyň saglyga peýdasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz halkymyzyň sagdyn durmuşda ýaşamagy, sagdyn nesilleriň kemala gelmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek saglygymyzyň girewidir. Şunda sagdyn iýmitlenmek hem örän möhümdir. Sagdyn iýmitlenmek kadaly iýmitlenmekdir. Oňa peýdaly miweleri iýmek hem degişlidir. Ynsan saglygyna peýdaly miweleriň biri hem almadyr. Alma ynsan ýaşaýşynda uly orun tutýar. Ol saglyga peýdaly, keselleriň öňüni almaga ýardamly, bejeriş häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Almanyň eti sowuklama, bakteriýalara, skleroza garşy, iç sürüji, peşew ýörediji, gakylyk gopduryjy, derlediji, ýara bitiriji, öt çykaryjy, ýatkeşligi gowulandyryjy täsirlere eýedir. Ol gan öýjükleriniň döreýiş, ösüş, kemala geliş hadysalaryny tijendirýär. Almanyň düzümindäki kaliý ýüregiň işini kadalaşdyrýar, pektinler bolsa içegeden zäherli maddalary, bakteriýalary, holesterini çykarýar. Bu miwe uzak wagtlap saklananda-da, düzümindäki maddalaryň täsiri ýitmeýär, pektin bolsa almanyň gabygynda-da köp saklanýar. Şonuň üçin onuň gabygyny artman iýmek peýdalydyr.

Geliň, örtüklerimizi dakynalyň!

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Saglygyň goragynda

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Tejen etrap komiteti, etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan düzülen bilelikdäki meýilnama esasynda etrabyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminde «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen şygar astynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa etrabyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň işgärleri, işjeň partiýa agzalary gatnaşdy. Duşuşykda çykyş edenler ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ilatyň saglygyny goramakda alnyp barylýan ägirt uly işleriň ähmiýeti, ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, howanyň sowamagy bilen baglanyşykly döräp biläýjek möwsümleýin kesellerden goranmak, pasla görä geýinmek, agyz-burun örtüklerini ulanmak, iki metr aralykdaky howpsuz araçägi saklamak, sagdyn iýmitlenmek, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek boýunça maslahatlary berdiler.

Ýylyň ähli ylyň ähli pasyllarynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlary

Ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, degişli çäreler döwlet derejesindäki talaplara laýyk geçirilýär. Pasyllaryň çalyşmagy bilen baglylykda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, pasyllara görä gün tertibini dogry alyp barmaklyk zerur bolup durýar.

Kadaly ukynyň peýdasy

Adamyň sagdyn we netijeli zähmet çekmäge ukyply bolmagy üçin kadaly uky zerur. Uky öz wagtynda we doly alynmaly. Uly adamlar günüň dowamynda 8, çagalar bolsa 10 sagat uklamaly. Adam uklap ýatan wagty onuň merkezi nerw ulgamynyň işjeňligi seljerme tapgyryna girişip, dürli gyjyndyryjylara täsirini peseldýär. Ukudaky adam belli bir sesleri, yşyklary saýgarmaýar. Ýürek, gan-damar, dem alyş we iýmit siňdiriş ulgamlarynyň işi sazlaşykly hereket edýär. Gündizki arakesme-de adam 15 — 45 minudyň dowamynda gözlerine dynç bermeli ýa-da uklamaly. Uky döwründe beden rahatlanýar we onuň ähli ulgamlarynyň işjeňligi kadalaşýar. Hut şonuň üçin hem zähmet bilen dynç alşy sazlaşdyryp, öz wagtynda doly ukyňy almak zerur. Sebäbi uky beden üçin kislorodyň zerur bolşy ýaly, merkezi nerw ulgamynyň kadaly işlemegi üçin hökmandyr. Ukynyň rahat bolmagy üçin agşam ýatmazdan öň, agyr siňýän tagamlary iýmezlige çalyşmaly. Ýatmazdan öň, azyndan bir bulgur arassa agyz suwuny ýa-da gatyk içmek, arassa howada pyýada gezelenç etmek saglyk üçin peýdalydyr. Kadaly uky bedeniň kesellere garşy göreşijiligini ýokarlandyrýar. Ukynyň kadaly bolmagy sagdynlygyň girewidir. Şeýle-de häzirki wagtda howanyň sowamagy we ondaky tozan bölejikleriniň mukdarynyň kadadan artmagy sebäpli, agyz-burun örtükler

Saglygymyz — baýlygymyz

Jemgyýetçilik ýerlerinde agyz-burun örtüklerini dakynmaly we howpsuz aralygy saklamaly! Elleriňizi hapa

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda, agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Lukmanyň maslahatlary

Ýaşlar Watanymyzyň geljegi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ynsan saglygyna aýratyn üns berlip, bu ugurda sanlyja ýylyň içinde uly üstünlikler gazanyldy. Ýurdumyzda adam saglygy ähli zatdan ileri tutulýar.Beýik söz ussady Magtymguly Pyragy: «Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmazdan burun» diýip belläp geçipdir. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi Saglygy goraýyş ulgamynda bitirilýän beýik işlerde hem özüniň mynasyp ornuna eýe boldy. Sagdyn durmuş, sagdyn jemgyýet ösüşleriň baş şertleriniň biridir. Bu işler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatlylygyny, syýasy durnuklylygyny, halkara abraýyny artdyrýar. Jemgyýetiň aň-bilimini, medeniýetini kämilleşdirmek bilen bir hatarda, dünýäniň ösen döwletleri bilen aýakdaş gitmeklige oňaýly şertler döredilýär. Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy barha ösýär. Bu bolsa, her bir türkmenistanlyny buýsandyrýar. Şunda jemgyýetiň ahlak ýörelgesi raýatlaryň sagdynlygy, edep-ekramlylygy, watansöýüjiligi, maşgalanyň halallygy bilen kesgitlenýär. Terbiýäniň düýp binýady, hemişe we her bir ýurtda, ilkinji nobatda, maşgalada goýulýar. Türkmeniň aňyrdan gelýän ýaşaýyş-durmuş kadalary haýsy maşgalada göwnejaý berjaý edilse, şol öýde hemmetaraplaýyn sagdyn aň-düşünjeli nes

Hereket — saglygyň girewi

Biziň gün-günden pajarlap ösýän Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar. Bu bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde gönüden-göni milli Liderimiziň tagallasy bilen adam hakyndaky aladanyň ilkinji orunda durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Saglyk her bir ynsan üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly baýlykdyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň ynsanperwer syýasatyndan ugur alyp, halkyň saglyk babatda bilim we medeni derejesini ýokarlandyrmakda sagdyn durmuşda ýaşamagyň ýollaryny wagyz etmek möhümdir. Halkyň saglygyny, işjeňligini we ömrüni uzaltmagyň ýollaryny üpjün edýän sagaldyş çärelerini, duşuşyklaryny geçirmekde wagyz-nesihat işleriniň yzygiderli geçirilmegi örän ähmiýetlidir. Şonuň netijesinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş we medeni çärelere giň gerim berilýär. Bu işleriň ählisi halkymyzyň sagdyn, asuda, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir.

Lukman maslahat berýär

Gyşyň aýazly günlerinde adamlar limonly, itburunly, bally çaýa has köp isleg bildirýärler. Dürli miweleriň ter şireleri, hususan-da, naryň şiresi örän peýdalydyr. Ýöne gartaşan adamlara bulary degişli lukmanlar bilen maslahatlaşyp peýdalanmak zerur. Adam bedeniniň iýmiti kabul etmeklige bolan islegi hem pasla görä sazlaşýar. Mysal üçin, tomusda her bir adam uly isleg bilen garpyzdyr gawun ýaly bakja önümlerini iýmäge ymtylýar. Çünki bu döwürde beden köp suwuklygy talap edýär. Ýylyň sowuk pasyllarynda bolsa kädi, şugundyr ýaly ýokumly tagamlary kabul etmäge isleg döreýär. Diýmek, adam tagam kabul edende-de, geýnende-de, tebigat bilen sazlaşykly bolup, öz duýgularyny diňlemeli. Olara ünsli bolmaly.

Unaşyň dermanlyk häsiýeti

Unaş, bedenden bölünip çykýan der arkaly, kesel dörediji bölejikleri, alyş-çalyş hadysasy netijesinde emele gelen, beden üçin zerur bolmadyk galyndylary ep-esli derejede daşary çykarýan, ganaýlanyşygy çaltlandyrýan, damarlary giňeldýän tagamdyr. Unaşyň irki döwürlerden sökelliklerde dermanlyk hökmünde ulanylandygy mälimdir. Unaşyň düzümine girýän önümleriň ähmiýeti barada hormatly Prezidentimiziň «Bereketli türkmen saçagy» atly ajaýyp kitabynda: «Elde taýýarlanan unaş hem berhiz naharlara degişlidir. Ony sowuklamada we dümewlemede iýýärler. Işdäniň ýok wagty gyzylburç goşulan unaş iýilýär. Bu nahar hem derlediji serişde hasaplanýar» diýlip bellenilýär.

Il saglygy ýurt baýlygy

Ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, degişli çäreler döwlet derejesindäki talaplara laýyk geçirilýär. Pasyllaryň çalyşmagy bilen baglylykda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, pasyllara görä, gün tertibini dogry alyp barmak zerur bolup durýar.

Netijeli işleriň beýany

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bedew bady bilen ýagty geljegine sary ynamly öňe barýar. Eziz Watanymyzyň ykdysady ösüşini belent derejelere ýetirmek, raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, adamlaryň saglygyny gorap saklamak wezipeleri döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda we keselleriň öňüni almakda ýerine ýetirilýän işler barha giň gerime eýe bolýar. Ýurdumyzda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň hereket etmegi gönüden-göni ynsan hakynda edilýän aladanyň beýany bolup durýar.