Ysmanagyň saglyga peýdasy

18 Ýanwar 2021
1175

Ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikler bedende witaminleriň, minerallaryň ýetmezçiliginiň öwezini dolmaga ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işi bu ugurda möhüm çeşmedir.

Ýurdumyzda dermanlyk ösümlikleriň iň köp duş gelýän görnüşleriniň biri hem ysmanakdyr. Ol bir ýyllyk otjumak ösümlikdir. Onuň ýabany we bakja görnüşi bar. Ýabany ysmanak ýaz paslynda tebigy ýagdaýda gögerýär. Bakja görnüşi ýörite ekilýär. Ondan dürli görnüşli milli tagamlar we işdäaçarlar taýýarlanylýar.

Gurbanjemal ARTYKOWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň lukmany.
Beýleki habarlar