Hereket — saglygyň girewi

15 Ýanwar 2021
1022

Biziň gün-günden pajarlap ösýän Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar. Bu bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde gönüden-göni milli Liderimiziň tagallasy bilen adam hakyndaky aladanyň ilkinji orunda durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Saglyk her bir ynsan üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly baýlykdyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň ynsanperwer syýasatyndan ugur alyp, halkyň saglyk babatda bilim we medeni derejesini ýokarlandyrmakda sagdyn durmuşda ýaşamagyň ýollaryny wagyz etmek möhümdir. Halkyň saglygyny, işjeňligini we ömrüni uzaltmagyň ýollaryny üpjün edýän sagaldyş çärelerini, duşuşyklaryny geçirmekde wagyz-nesihat işleriniň yzygiderli geçirilmegi örän ähmiýetlidir. Şonuň netijesinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş we medeni çärelere giň gerim berilýär. Bu işleriň ählisi halkymyzyň sagdyn, asuda, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir.

Maral ÖWEZOWA,
Aşgabat şäherindäki 5-nji Saglyk öýüniň maşgala şepagat uýasy.
Beýleki habarlar