Ýaşaýyş çeşmesi
Ýaşaýşymyzyň gözbaşy bolan suw hakynda gürrüň gozgalanda pederlerimizden miras galan «Suw damjasy — altyn dänesi», «Suwly ýer gülli, suwsuz ýer ýelli», «Sil suwy bal suwy», «Suw hasylyň enesidir», «Gyş suwy — gyzyl suw», «Hasyly bişirýänem suw, ýitirýänem» diýen ýaly gyzyla gaplaýmaly pähimler biygtyýar ýadyňa düşýär. Şu pähimlerden görnüşi ýaly, ata-babalarymyz suwuň her damjasyny altyna deňäp, ony hemişe tygşytly ulanmagy başarypdyrlar. Kärizler arkaly dag etegindäki ýerasty çeşmeleriň süýji suwlaryny ýeriň üstüne akdyrypdyrlar. Taryhy çeşmelerde bellenilişi ýaly, 1958-nji ýyla çenli Türkmenistanda kärizleriň 180-e golaýy bar eken. Ýaş nesillerimize suwa aýawly çemeleşmek duýgusyny döretmekde hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplarynyň ähmiýeti juda uludyr. «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda hem Kesearkajyň (Kesearkaç — Gyzylarbat (häzirki Serdar etraby) bilen Kaka aralygyny tutup ýatan giň meýdan, Köpetdagyň etegi) gadymy çaýlarydyr, çeşmeleri barada buýsanç bilen söhbet edilýär. Kitapdaky: «Bakja, Arwaz çaýlary, Degirmenjik, Pantyş, Kyrkgyz çeşmeleri, Hankäriz, Guryçaý, Hüntüş kärizleri bilen bagly gürrüňler bolsa, il içinde häzir hem aýdylyp ýör» diýen sözleri okan her bir adam öz döwründe Kesearkajyň ilatyny