Jeýtun — gadymy ekerançylyk ojagy

3 Ýanwar 2022
2342

Hormatly Prezidentimiz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda «Maddy we ruhy medeni gymmatlyklar adamzadyň inkär edip bilmejek beýik buýsanjydyr, müňýyllyklaryň dowamynda döreden, kämilleşdirip gelýän paýhas hem gözellik genjidir» diýip belleýär. Bagtyýar zamanamyzda halkymyzyň şöhratly geçmişiniň sahypalaryny özünde jemleýän taryhy-medeni ýadygärlikleri ylmy taýdan öwrenmek, gorap saklamak we dikeltmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Taryhy ýadygärliklerimizi aýawly saklamak diýmek, ýurdumyzyň şöhratly taryhyny geljekki nesiller üçin goramak diýmekdir. Muňa her bir türkmenistanlynyň pugta düşünmegi zerurdyr. Çünki Türkmenistanyň ähli ýerlerinde umumadamzat taryhynyň altyn sahypalarynyň beýany bolan iňňän wajyp medeni gymmatlyklar saklanyp galandyr.

Gadymy medeni ojaklardan tapylýan arheologik tapyndylaryň umumadamzat taryhyny öwrenmekde örän möhüm maglumatlary ýüze çykarjakdygy ikuçsuzdyr. Keremli topragymyzda döräp, umumadamzat aňyýetiniň ösüşine saldamly goşant goşan baý medeniýetli şäherlerimiz, oba-kentlerimiz, olarda ýaşan, döreden beýik şahsyýetlerimiz barada birtopar kitaplar ýazylsa-da, az boljakdygyny ikirjiňlenmän aýtsa bolar. Medeniýet irki döwürlerden bäri halkyň ýaşaýyş derejesini kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýedir.

Aýgül HOJAMOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar