Meşhur neberäniň beýany

23 Dekabr 2021
2265

Halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhynda şöhratly zamanalar näçe diýseň bar. Ol beýik zamanalary öwrenmek mukaddes işdir. Ata-babalarymyz tarapyndan orta asyrlarda gurlan we umumadamzat mirasyna uly goşant goşan Beýik Seljuk türkmen döwletiniň baý taryhy mirasy, medeniýeti we sungaty alymlaryň hemişe diýen ýaly ünsüni özüne çekip gelipdir.

Dünýä taryhynda döwletiň gurluşy we edara edilişi taýdan «Beýik» diýlip at berlen örän az sanly döwletleriň bardygyny ýatlamalydyrys. Nesilbaşymyz Oguz han Türkmeniň altynjy ogly Deňiz hanyň körpe nesli bolan kynyklaryň guran bu beýik döwleti juda meşhurlyga eýe bolupdyr. «Oguznamalary» ýazan belli taryhçylar Reşiteddin, Abulgazy, Salyr baba Gulaly ogly kynyklar neberesiniň juda meşhurlyga eýe bolandygyny belleýärler.

Agajan ATAÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar