"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Sport baýramçylygy

«7/24. tm» №14 (201), 01.04.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­ni baş­dan ge­çir­ýän eziz hal­ky­myz hor­mat­ly Pre­ziden­ti­mi­ziň da­şy­na je­bis­le­şip, sport­da ga­zan­ýan şah­sy gö­rel­de­sin­den nus­ga alyp, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe we sport maşk­la­ry bi­len giň­den meş­gul­lan­ýar­lar. Ýur­du­my­zyň dür­li kün­je­gin­de gur­lan sport bi­na­la­ryn­da yzy­gi­der­li sport gör­nüş­le­ri bi­len türgenleşýärler, şeý­le-de dün­ýä de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän sport ýa­ryş­la­ryn­da üstünlikli çykyş edip, uly ne­ti­jeleri ga­zan­ýar­lar.

Türk­me­nis­tan­da il­kin­ji ge­zek spor­tuň fi­ji­tal gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ýa­ryş­lar ge­çi­ril­ýär

«7/24. tm» №14 (201), 01.04.2024 2024-nji ýy­lyň 1 — 6-njy ap­re­l ara­ly­gyn­da Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­tyn­da ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry­nyň we umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­le­ri­niň okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da spor­tuň tä­ze fi­ji­tal gör­nüş­le­ri (phy­sical+di­gi­tal) bo­ýun­ça ýa­ryş­lar hem-de «Açyk ga­py­lar» hep­de­li­gi ge­çi­ri­ler.

Türgenleriň taýýarlygy esasynda ýeňiş gazanmagyň ygtybarly ýollary

«7/24. tm» №14 (201), 01.04.2024 Ýur­du­myz­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň esas­la­ry­nyň yk­rar edil­me­gi­ne, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti­ni we ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­ty ös­dürmä­ge gö­nük­di­ri­len bi­möç­ber ala­da­lar ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky, şol san­da ýaş­lar ta­ra­pyn­dan be­den­ter­bi­ýä, spor­ta uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Türk­me­nis­tan­da ýaş ýet­gin­jek­le­riň spor­ty saý­lap al­mak­da nus­ga­lyk gör­ke­zi­ji­le­rini yl­my esas­da öz­leş­dir­mek hü­när­men­le­riň we alym­la­ryň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýar. Çün­ki tür­gen­le­riň sport bäs­le­şik­le­rin­de gör­kez­jek ne­ti­je­le­ri hut şo­nuň bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Hor­matly Pre­zi­den­ti­mi­ziň, Mil­li Li­de­ri­mi­ziň Türk­me­nis­tan­da be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek ha­kyn­da­ky köp­ýyl­lyk mak­sat­na­ma­syn­da hem gel­je­gi­miz bo­lan ýaş ýet­gin­jek­le­riň be­den ösü­şi­ni we ola­ryň fi­zi­ki he­re­ket­le­re ukyp­la­ry­ny yl­my esa­syn­da öw­ren­mek­ aý­ra­tyn nyg­tal­ýar.

Türkmenistanda geljegiň sporty hasaplanylýan fijital sport ösdürilýär

«7/24. tm» №14 (201), 01.04.2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň, Mil­li Liderimi­ziň ýaş­lar ba­ra­da­ky ala­da­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de ata Wa­ta­ny­my­za, hal­ky­my­za, oňyn ýö­rel­ge­le­ri­mi­ze, mil­li däp-des­sur­la­ry­my­za we­pa­ly, bi­li­mi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga, hü­när öw­ren­mä­ge, zäh­met çek­mä­ge hö­wes­li, ru­hu­be­lent ýaş­lar ke­ma­la gel­ýär. Ösen komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­na ez­ber­lik bi­len erk ed­ýän ýaş ne­sil­le­riň ara­syn­da in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len bag­ly sport gör­nüş­le­ri uly meş­hur­lyk ga­zan­ýar.

Hokkeý. Aşgabatda halkara ýaryşy geçiriler

«7/24. tm» №14 (201), 01.04.2024 Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bi­möç­ber ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de gys­ga döw­rüň için­de iri sport ýa­ryş­la­ry­nyň ge­çi­ril­ýän mer­ke­zi­ne öw­rül­di. Bu asyl­ly ýö­rel­ge­ler Ar­ka­dag­ly Gah­ryman Ser­da­ry­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da hem üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ri­lip, döw­le­ti­mi­ziň sport ab­ra­ýy­ny has-da ýo­ka­ry de­re­je­le­re çy­kar­mak­da en­çe­me iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň 15 — 20-nji ap­re­li ara­ly­gyn­da ýe­ne bir iri sport baý­ram­çy­ly­gy — hok­keý bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­şy gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çi­ri­ler. Mu­nuň özi hormat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň: «Ýo­ka­ry sport­da Türk­me­nis­ta­ny dün­ýä ta­nat­mak me­niň esa­sy mak­sat­la­ry­myň bi­ri­dir» di­ýen pa­ra­sat­ly se­tir­le­ri­niň iş ýü­zün­de do­lu­ly­gy­na ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­nyň ýe­ne bir aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Sport ähli üstünlikleriň girewidir

«7/24. tm» №14 (201), 01.04.2024 Sport bi­len meş­gul­lan­mak sag­ly­ga peý­da­ly bo­lup, onuň sag­dyn jem­gy­ýe­tiň bin­ýa­dy­ny ke­ma­la ge­tir­ýän­di­gi­ni unut­ma­ly däl­di­ris. Ça­ga­lyk­dan spor­tuň öz­le­ri üçin dog­ry gör­nü­şi bi­len meş­gul­lan­mak gel­jek­de il-gü­nü­mi­ze ab­raý, ata Wa­ta­ny­my­za şan ge­tir­jek tür­gen­le­riň ke­ma­la gel­me­gin­de mö­hüm baş­lan­gyç­dy­r. Biz äh­li ün­sü­mi­zi ýaş ne­sil­le­riň be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn­ly­gy­nyň saz­la­şyk­ly ut­gaş­ma­gy­ny üp­jün et­me­gi­ne çek­ýä­ris.

Hokkeý boýunça halkara ýaryşy

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Halk­la­ryň ara­syn­da dost-do­gan­ly­gy, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gy has-da pug­ta­lan­dyr­mak, be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty wa­gyz et­mek, jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni iş­jeň or­naş­dyr­mak, ösüp gel­ýän ýaş nes­li sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga giň­den çek­mek, şeý­le hem ýur­du­my­zyň hal­ka­ra sport ab­ra­ýy­ny mun­dan beý­läk-de be­len­de gö­ter­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­ne 2024-nji ýy­lyň 15 — 20-nji ap­re­li ara­ly­gyn­da Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki Gyş­ky oýun­lar sport top­lu­myn­da hok­keý bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­şy ge­çir­mä­ge yg­ty­ýar be­ril­di.

«Aşgabat» köpugurly stadiony — döwrebap sport desgasy

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Ýurdumyzda sportuň we bedenterbiýäniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy ugrunda çäksiz aladalar edilýär. Türkmen türgenleriniň halkara giňişliginde geçirilýän ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri, ýetilýän sepgitler bu günki gün biziň başymyzy göge ýetirýär. Munuň özi ýurdumyzda sport bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny aýdyň görkezýär. Paýtagtymyzda ýerleşýän «Aşgabat» köpugurly stadiony şeýle mümkinçilikleriň döredilen ýeridir.

Sport ýa­ryş­la­ry ýurdumyzda giňden ýaý­baň­lan­ýar

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pä­him-paý­ha­sy bi­len ýur­du­myz sport döw­le­ti­ne öw­rül­di. Ýur­du­my­zyň ösüp gel­ýän ýaş nes­li­niň sag­dyn we berk be­den­li, ru­hu­be­lent ýaş­lar bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri­ni, ola­ryň zy­ýan­ly en­dik­ler­den daş­da dur­mak­la­ry­ny we sport bi­len meş­gul­lan­mak­la­ry­ny ga­zan­mak mak­sa­dy bi­len in­di en­çe­me ýyl bä­ri «Türk­me­nis­tan — ru­hu­be­lent­li­giň we sag­dyn­ly­gyň ýur­dy» at­ly Spar­ta­kia­da we Uni­wer­sia­da sport ýa­ryş­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry­nyň, ta­lyp­la­ry­nyň hem-de or­ta hü­när we baş­lan­gyç hü­när okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry­nyň, or­ta mek­dep­le­ri­niň okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär. Bu sport ýa­ryş­la­ry­na ýaş­la­ry­myz uly ru­hu­be­lent­lik bi­len gat­naş­ýar­lar we öz­le­ri­niň tej­ri­be­le­ri­ni art­dyr­ýar­lar. Bu ýa­ryş­lar däp bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti we Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan bi­l

Hal­ka­ra sport hyzmatdaşlygy

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Türk­me­nis­tan­da sport ul­ga­my­ny ös­dür­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Öň­de goý­lan mak­sat­na­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, ýurt­da bu ugur­da­ky he­re­ket­le­riň tä­ze usul­la­ry ke­ma­la ge­ti­ril­ýär, us­sat tür­gen­le­ri taý­ýar­la­mak ug­run­da top­lum­la­ýyn öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar, Olim­pi­ýa he­re­ke­ti­niň ös­dü­ril­me­gi­ne iter­gi be­ril­ýär. Ýur­du­myz­da be­den­ter­bi­ýä­niň we spor­tuň kä­mil­leş­me­gi, ada­myň kuw­wa­ty­nyň mad­dy we ru­hy taý­dan saz­la­şyk­ly ut­gaş­ma­gy ne­ti­je­sin­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne eýe bol­ma­gy, şeý­le-de sport bo­ýun­ça hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň has-da gi­ňel­me­gi döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bol­dy.

Bedenterbiýe we sport

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Sport — ýetilýän sepgitlere go­şant

Türk­menis­tan – ruhubelentligiň mekany

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Ber­ka­rar döw­le­ti­miz­de ýurt baý­ly­gy bo­lan il sag­ly­gy­ny go­rap sak­la­mak we ber­kit­mek mö­hüm döw­let we­zi­pe­le­ri­niň ha­ta­ryn­da dur­ýar. Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy­na ag­za bo­lan gü­nün­den bä­ri gu­ra­ma we oňa ag­za döw­let­ler bi­len iş­jeň ara­gat­na­şyk sak­la­ýar. Şun­luk­da dün­ýä tej­ri­be­si bi­len ut­ga­şyk­ly al­nyp ba­ryl­ýan ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my ýyl-ýyl­dan kä­mil­leş­ýär. Bu ul­gam­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­le­riň ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da ila­tyň öm­rü­niň or­ta­ça do­wam­ly­ly­gy art­ýar. Hal­ky­myz iň tä­ze en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len sag­lyk mer­kez­le­rin­de ýo­ka­ry hil­li luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ryn­dan peý­da­lan­ýar­lar. Ne­ti­je­de, dün­ýä­de luk­man­çy­lyk ul­ga­myn­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler tej­ri­be alyş­mak ar­ka­ly ýur­du­myz­da or­naş­dy­ryl­ýar.

Çyn­la­kaý tür­gen­le­şik­ler gel­jek­ki ýe­ňiş­le­riň buş­luk­çy­sy

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň be­den­ter­bi­ýe we sport ul­ga­my­ny ös­dür­mek, ýaş­la­ryň ara­syn­da wa­gyz et­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di. Şu ugur­da top­lum­la­ýyn çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ke­ma­la ge­tir­mek we spor­ty wa­gyz et­mek mil­li tag­ly­ma­ta, adam­la­ry bir­leş­dir­ýän hem-de Wa­ta­ny­my­zyň ok­gun­ly ösü­şi­ne ýar­dam ber­ýän kuw­wat­ly je­bis­leş­di­ri­ji güýç bo­lup dur­ýar.

«Sag­dyn maş­ga­la — sag­dyn ne­sil» at­ly sport bäs­le­şi­gi

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Hal­ky­my­zyň ara­syn­da türk­men maş­ga­la­sy mu­kad­des­lik ha­sap­lan­ýar. Maş­ga­la ki­çi­jik döw­let­dir. Her bir maş­ga­la­nyň ag­zy­bir­li­gin­de, je­bis­li­gin­de ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ga­dym­dan gel­ýän ýol-ýö­rel­ge­le­ri, däp-des­sur­la­ry, edim-gy­lym­la­ry, aň kä­mil­li­gi aý­ra­tyn or­ny eýe­le­ýär. Maş­ga­la­nyň her bir ag­za­sy­nyň şol ýö­rel­ge­le­re jo­gap­kär­li çe­me­leş­me­gi we my­na­syp eýer­me­gi bol­sa maş­ga­la­nyň berk­li­gi­niň bin­ýa­dy bo­lup çy­kyş ed­ýär. Me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň, sun­ga­ty­my­zyň, mil­li­li­gi­mi­ziň gal­ky­nan döw­rün­de her bir türk­men maş­ga­la­sy edep-ter­bi­ýä­niň, ag­zy­bir­li­giň, sag­dyn­ly­gyň oja­gy­dyr.

Arkadag şäheri — sport şäheri

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Gö­zel­lik — gud­ra­ta eýe bo­lan tä­sin güýç. Arkadag şä­he­ri ba­ra­da-da gö­zel­li­giň nus­ga­sy hök­mün­de gür­rüň edip bo­lar. Bu şä­he­re ga­da­my­ňy ba­syp, gör­ka­na­lyk şa­ly­gy­nyň ýe­si­ri­ne öw­rü­le­niň­de, kal­by­ňy san­syz pi­kir­ler eýe­läp al­ýar. Şon­da: «Ar­ka­dag şä­he­ri aja­ýyp za­ma­na­my­zyň was­py­ny gö­zel­li­giň üs­ti bi­len ýe­tir­ýän aja­ýyp eser» di­ýen pi­kir se­ri­ňe dol­ýar. Çün­ki ol ýö­ne bir şä­her däl, eý­sem o ba­şyn­dan bu ba­şy­na edil gy­zyk­ly ki­tap ki­min okap gi­dip otur­ma­ly aja­ýyp eser.

Mil­li oýun­lar we sport

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow özü­niň «Ýaş­lar — Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly ki­ta­byn­da: «Ga­raş­syz Türk­me­nis­tan hä­zir­ki wagt­da ösen sport ul­ga­my­na eýe bo­lan, dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki ýa­ryş­la­ry üs­tün­lik­li ge­çir­mek­de baý tej­ri­be top­lan, hal­ka­ra sport hyz­mat­daş­ly­gy­na iş­jeň gat­naş­ýan ýurt hök­mün­de ta­nal­ýar» di­ýip jaý­dar bel­le­ýär.

Mekdep okuwçylary sport meýdançasynda

Berk be­den­li nesil ug­run­da

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ryn­da be­ril­ýän bi­li­miň hi­li bar­ha kä­mil­leş­ýär. Biz ça­ga­la­ra di­ňe bi­lim ber­mek bi­len çäk­len­män, ola­ryň berk be­den­li, sag­dyn ösüp ke­ma­la gel­mek­le­ri üçin spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak­la­ry­na hem hö­wes dö­red­ýä­ris. Mu­ňa mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­myz­da gu­ra­ýan dür­li sport ýa­ryş­la­ry­ny mysal edip al­sak bo­lar. Ge­çi­ril­ýän sport ýa­ryş­la­ry ça­ga­la­ryň öz wagt­la­ry­ny şat­lyk-şow­hun­ly, gy­zyk­ly ge­çir­mek­le­ri­ne hem öz ýar­da­my­ny ber­ýär.

Tomusky olimpiýa oýunlary

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zy ga­zan­ma­gy­myz, Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan, hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň tä­ze tap­gyr­lar­da ama­la aşyr­ýan me­de­ni, yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­ri mäh­ri­ban hal­ky­my­zy, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­zi ab­raý­ly iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň işi­ne, dün­ýä we se­bit möç­ber­le­rin­de gu­ral­ýan iri me­de­ni, jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy we sport çä­re­le­ri­ne da­hyl­ly et­di. Şol be­lent da­hyl­ly­ly­gyň çäk­le­rin­de hal­ka­ra sport çä­re­le­ri­ne, gat­naş­mak, ýur­du­my­zyň sport ab­ra­ýy­ny be­lent bas­gan­çak­la­ra çy­kar­mak, sport ar­ka­ly dün­ýä halk­la­ry­nyň, döw­let­le­ri­niň ara­syn­da dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ber­kit­mek ýa­ly asyl­ly baş­lan­gyç­lar bar.

Bok­suň ta­ry­hyn­dan

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da Fran­si­ýa­nyň Pa­riž şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek XXXIII to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ryň sa­na­wyn­da spor­tuň boks gör­nü­şi hem bar. Dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­rin­de bu sport gör­nü­şi­niň us­sat­la­ry hem, jan­kö­ýer­le­ri hem örän kän­dir.