Sport ýa­ryş­la­ry ýurdumyzda giňden ýaý­baň­lan­ýar

30 Mart 2024
983

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pä­him-paý­ha­sy bi­len ýur­du­myz sport döw­le­ti­ne öw­rül­di. Ýur­du­my­zyň ösüp gel­ýän ýaş nes­li­niň sag­dyn we berk be­den­li, ru­hu­be­lent ýaş­lar bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri­ni, ola­ryň zy­ýan­ly en­dik­ler­den daş­da dur­mak­la­ry­ny we sport bi­len meş­gul­lan­mak­la­ry­ny ga­zan­mak mak­sa­dy bi­len in­di en­çe­me ýyl bä­ri «Türk­me­nis­tan — ru­hu­be­lent­li­giň we sag­dyn­ly­gyň ýur­dy» at­ly Spar­ta­kia­da we Uni­wer­sia­da sport ýa­ryş­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry­nyň, ta­lyp­la­ry­nyň hem-de or­ta hü­när we baş­lan­gyç hü­när okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry­nyň, or­ta mek­dep­le­ri­niň okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär. Bu sport ýa­ryş­la­ry­na ýaş­la­ry­myz uly ru­hu­be­lent­lik bi­len gat­naş­ýar­lar we öz­le­ri­niň tej­ri­be­le­ri­ni art­dyr­ýar­lar. Bu ýa­ryş­lar däp bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti we Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan bi­le­lik­de gu­ral­ýar. Olar suw­da ýüz­mek, ýe­ňil at­le­ti­ka, ten­nis, sto­luň üs­tün­de oý­nal­ýan ten­nis, küşt, 3х3 bas­ket­bol, ku­raş, er­kin gö­reş, grek-rim gö­re­şi, fut­zal, bas­ket­bol, bad­min­ton, gand­bol, we­los­port we boks ýa­ly sport gör­nüş­le­ri­ni öz içi­ne al­ýar.

Kakamyrat Sähetdurdyýew,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bedenterbiýe kafedrasynyň müdiri.
Beýleki habarlar