Mekdep okuwçylary sport meýdançasynda

30 Mart 2024
185

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024

Türk­me­nis­tan­da be­den­ter­bi­ýe we sport ar­ka­ly hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek hem-de köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sport he­re­ke­ti­ni we ýo­ka­ry de­re­je­li spor­ty ös­dür­mek be­den­ter­bi­ýe we sport ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­niň esa­sy mak­sa­dy bo­lup dur­ýar. Şu mak­sat bi­len hem ýur­du­myz­da dür­li ýaş­ly og­lan-gyz­la­ryň ara­syn­da spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça yzy­gi­der­li sport ýa­ryş­la­ry ge­çi­ril­ýär. Şeý­le ýa­ryş­la­ryň bi­ri-de 2008 — 2010-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da dog­lan mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň ne­sil­le­ri» ady bi­len ge­çi­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň or­ta mek­dep­le­ri­niň okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da sag­dyn-dur­muş ýö­rel­ge­si­ni üp­jün et­mek, ola­ryň ara­syn­da ru­hu­be­lent­li­gi, päk­li­gi, dost-do­gan­ly­gy ber­kit­mek, güýç­li, ba­şar­jaň tür­gen­le­ri saý­lap-seç­mek we ola­ryň sport bi­len mak­sat­la­ýyn meş­gul­lan­mak­la­ry­ny ga­zan­mak ýa­ry­şyň esa­sy we­zi­pe­le­ri­ni düz­ýär.

Orazjemal Çaryýewa,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar