"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Sport — biziň hemramyz

Ajaýyp ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty giňden ösdürmek we häzirki zaman türkmen jemgyýetinde zyýanly endikleriň öňüni almakda wajyp orun eýelän sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şunda sport güýç-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň hem-de täze belentliklere ruhy taýdan okgunlylygyň kepilidir. Şu günler hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň orta mekdeplerinde, ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň arasynda dürli sport dabaralary, duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. Watandaşlarymyzyň her biri «Sagdyn bedende — sagdyn ruh», «Jany sagyň — göwni çag» ýaly pähimlere eýerýär. Ýurdumyzda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga uly mümkinçilikleriň döredilmegi halkymyzyň saglyk ýagdaýynyň gowulanmagyna, ýaş nesilleriň ruhy we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmegine oňyn täsir edýär.

Sport syýasatynyň gadamlary

Sagdynlygyň ygtybarly ýörelgesi Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň saglygyny goramakdaky tagallalarynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde öňde goýýan wezipeleri uly ähmiýete eýe bolýar. Sebäbi, bu ulgama üns berilmegi ýurt Baştutanymyzyň sport syýasatynyň rowaç almagynda, il-günümiziň saglygyny berkitmekde täze mümkinçiliklere ýol açýar. Sport syýasatynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň berkararlygynyň gazanylmagynda-da bähbitli tarapy guwançlydyr.

Sporta söýgini artdyrýan çäreler

Ikinji aýlawyň ilkinji oýunlary

Futbol Futbol boýunça ýurdumyzyň milli çempionatynyň ikinji aýlawynyň ilkinji tapgyrynda, ýagny 10-njy tapgyrda Balkanabadyň «Nebitçi» topary Mary şäherinde ýerli «Merw» bilen duşuşdy. Ikitaraplaýyn hüjümlere baý bolan oýunda hasap esasy wagtyň tamamlanmagyna bäş minut galanda açyldy we şol hem duşuşygyň ykbalyny kesgitlän gol boldy. Ýer eýeleriniň 85-nji minutda guran hüjümini netijeli tamamlan Guwanç Berdimyradowyň geçiren pökgüsi «Merwiň» möwsümde bäşinji sapar ýeňiş gazanmagy üçin ýeterlik boldy.

Beden we ruhy sazlaşygyň heamaýatçysy

Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn nesilleri kemala getirmek babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, jemgyýetimize ornaşdyrmak işleri giň gerim alýar. Raýatlarymyzy köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta çekmäge, ösüp gelýän ýaş nesli sporta we halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemäge gönükdirilen işler bu gün tutuş ýurdumyzy gurşap aldy. Sport bilen köpçülikleýin meşgul bolmak berkarar Watanymyzda mizemez ýörelgä öwrülýär. Diýmek, sport tutuş Diýarymyzy gurşap alan giň gerimli özgertmeleriň hereketlendiriji güýji bolan sagdynlygyň, ruhubelentligiň berk binýadydyr. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýokary halkara ülňülere laýyk gelýän sport mekdepleridir stadionlar, bedenterbiýe we sagaldyş toplumlary açylyp ulanmaga berildi.  Sport ýagşylygy, ynsanperwerligi ýaýradyjy, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyryjy serişde bolup, adamyň intellektual ösüşine, ýaşaýşyna goltgy berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedenterbiýe we sport ulgamyna işjeňlik mahsusdyr. Ähli ýaşdaky raýatlaryň bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmagyna, ilatyň saglygynyň ygtybarly goralmagyna uly mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany

Ýaryş güýçli toparlary saýlady

«Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi hem-de welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan bilelikde guralýan «Altyn top» atly futbol ýaryşynyň Kaka etrap tapgyry etrapdaky 14-nji orta mekdebiň sport meýdançasynda geçirildi. Oňa etrapdaky orta mekdeplerden toparlar gatnaşdy. Okuwçy ýaşlar ýeňiş gazanmak üçin öz aralarynda gyzykly duşuşyklary alyp bardylar. Şol duşuşyklar güýçli toparlary öňe saýlady. Şeýlelikde etrapdaky 15-nji orta mekdebiň topary birinji, 18-nji orta mekdebiň topary ikinji, 14-nji orta mekdebiň topary üçünji orna mynasyp bolup, hormat hatlary bilen sylaglandy.

Welosport ýaryşy geçirildi

Gökdepe etrabynyň Gökdepe obasyndaky sport mekdebinde weloşosse boýunça Ahal welaýatynyň birinjiligi geçirildi. Welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň ýyllyk iş meýilnamasy esasynda geçirilen ýaryş güýçli türgenleri ýüze çykardy. Welaýatyň birinjiliginde ýekelikde 15 kilomert aralykda Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň sport mekdebiniň türgeni Orazmuhammet Nurýagdyýew 26,28 minut wagt görkezijisi bilen birinji orna, Tejen etrabynyň sport mekdebiniň türgeni Gadyr Sähetdurdyýew 26,43 minut wagt görkezijisi bilen ikinji orna, Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň sport mekdebiniň türgeni Hekimmyrat Baýrammyradow 26,58 minut wagt görkezijisi bilen üçünji orna mynasyp boldy. Toplumlaýyn 50 kilometr aralykdaky ýaryşda Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň sport mekdebiniň türgenleri Kakamyrat Penamyradow, Täçdurdy Gurbangeldiýew, Tejen etrabynyň sport mekdebiniň türgeni Gadyr Sähetdurdyýew baýrakly orunlary eýeledi.

Futbol ýaryşy

Babadaýhan etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň sport meýdançasynda «Altyn top» atly futbol ýaryşynyň etrap tapgyry geçirildi. «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikdäki meýilnamasynyň çäginde geçirilen ýaryşa etrapdaky orta mekdeplerden toparlar gatnaşdy. Ýurdumyzda ýaş nesliň ruhy-ahlak taýdan sagdyn, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly bolmagy, sagdyn durmuş kadalaryna eýermegi, sport bilen meşgullanmagy ugrunda edilýän tagallalardan ugur alnyp, ýaşlaryň sport ussatlygyny ýokarlandyrmak, futbol boýunça güýçli toparlary ýüze çykarmak we höweslendirmek maksady bilen geçirilen ýaryş uly gyzyklanma döretdi.

Welaýatyň çempionaty geçirildi

Türkmenabat şäheriniň köpugurly sport toplumynda ýeňil atletika boýunça welaýatyň çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherinden we Saýat, Dänew, Çärjew, Halaç, Köýtendag etraplaryndan oglan-gyzlaryň 100-den gowragy gatnaşdy. Türgenler bellenilen 100, 200, 400, 800, 1500 metr, 3 we 5 kilometr aralyklara ylgamak, 110 we 400 metr aralykda päsgelçiliklerden geçmek, uzynlygyna bökmek, disk we naýza zyňmak boýunça ýaryşdylar. Şeýle-de 4x100 we 4x400 metr aralyklara estafeta ylgawy hem guraldy. Çekeleşikli häsiýete eýe bolan ýaryşyň umumy netijelerine görä, welaýat merkeziniň topary birinji orna mynasyp boldy. Türgenler Jemal Çopanowa, Diana Baýazitowa, Atajan Bagyýew, Walentina Lawrenýun toparyň bu üstünligine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşdular. Olary ýaryşa tälimçiler Swetlana Pessowa bilen Eldar Hojaýew taýýarladylar.

Sport — sagdynlygyň gözbaşy

Ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmak maksady bilen mekdep okuwçylarynyň, edara-guramalaryň işgärleriniň, harby gullukçylaryň gatnaşmaklarynda etrabymyzdaky 3-nji sport mekdebinde «Sport — sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy» atly köpçülikleýin sport çärelerini we bäsleşikleri guradyk. Sport çäreleri tälimçileriň sport ulgamynda ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak, ýaşlaryň sport ussatlyklaryny ýüze çykarmak ugrunda alnyp barylýan işleriň ähmiýetine bagyşlanan çykyşlary bilen başlandy. Şeýle-de çykyşlarda şu günler giň gerime eýe bolýan sport çäreleriniň we ýaryşlaryň netijeli taraplaryna aýratyn üns çekildi. Soňra etrabyň sport mekdepleriniň toparlarynyň arasynda woleýbol, kiçi futbol, badminton, göreş boýunça ýaryşlar guraldy we ýeňijiler yglan edildi. Sport mekdebiniň türgenleriniň görkezme çykyşlary ildeşlerimize uly ruhubelentlik paýlady.

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli

Baýramçylyk at çapyşygy Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde tutýan Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen baýramçylygyň toý dabaralarynyň toý tutumy bedew janköýerleriniň ahalteke atlaryna bolan buýsançlaryny dünýä ýaýdy.

Sport

Çekeleşikli geçen ýaryş Golaýda Wekilbazar etrabynyň 1-nji sport mekdebinde sportuň grek-rim görnüşi boýunça etrabyň açyk birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Ýaryş 2013 — 2014-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda bolup, türgenler 23-26-29-32-35-38-42-47-52-62 we ondan ýokary agramlarda çykyş edip, olar özleriniň ukyp-başarnyklaryny ussatlyk bilen görkezdiler. Ýaryşda emin agzalarynyň adalatly baha bermeginde ýeňijiler belli boldy.

Çekeleşikli geçen ýaryş

Tejen etrabyndaky 42-nji orta mekdebiň sport meýdançasynda “Altyn top” atly futbol ýaryşynyň etrap tapgyry geçirildi. Umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasyndaky bu ýaryşy “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi hem-de etrap bilim bölümi bilelikde gurady. Ýaryşa etrapdaky orta mekdeplerden toparlar gatnaşyp, öz aralarynda bäsleşdiler. Gyzykly duşuşyklara baý bolan ýaryşyň netijesinde etrapdaky 36-njy orta mekdebiň topary birinji, 31-nji orta mekdebiň topary ikinji, 37-nji orta mekdebiň topary üçünji orna mynasyp boldular hem-de hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

«7/24. tm» №18 (205), 29.04.2024 Şu gün ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenildi. Şanly senäniň hormatyna Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda esasy baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyryldy.

Ýewro — 2024-de jürlewük çalanlar näçe gazanar?

Şu ýylyň tomsunda geçiriljek futbol boýunça Ýewropa çempionatynda işlejek eminleriň gutarnykly sanawy yglan edildi. Oňa laýyklykda, yklym ýaryşynda Ýewropa ýurtlaryndan 18 we Argentinadan 1 emin jürlewük çalar. UEFA eminleriň sanawyny yglan etmek bilen bir hatarda olaryň her bir oýun üçin aljak haklaryny hem mälim etdi. Şeýlelikde, baş eminler toparçalaýyn tapgyrda jürlewük çalan her bir oýny üçin 5 müň ýewro, kömekçi we dördünji eminler 2,5 müň ýewro, VAR-daky eminler bolsa 3 müň ýewro gazanarlar. Pleý-off tapgyrynyň her bir oýny üçin baş emine 10 müň ýewro, kömekçi, dördünji we VAR-daky eminlere bolsa 5 müň ýewro tölener.

Bedenterbiýe we sport ugurly internet olimpiadasy geçirildi

«7/24. tm» №18 (205), 29.04.2024 Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty innowasion tehnologiýalar arkaly bedenterbiýäni we sporty ylmy esasda öwrenmek boýunça Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda internet olimpiadasyny gurady. Bu barada «www.tdbsi.edu.tm» resmi web-saýty arkaly habar berilýär.

Sport ― ag­zy­bir­li­ge gur­lan köp­ri

«7/24. tm» №18 (205), 29.04.2024 Paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ri­len Hok­keý bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­şy Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň sport döw­le­ti­ne üs­tün­lik­li öw­rül­ýän­li­gi­ni aýan ed­ýän şan­ly wa­ka­la­ryň bi­ri bol­dy. Biz bu mö­hüm hal­ka­ra çä­re­si my­na­sy­bet­li paý­tag­ty­myz­da bo­lan myh­man­la­ryň bir­nä­çe­si bi­len gür­rüň­deş bol­duk. Şolaryň biri Öz­be­gis­ta­nyň Hok­keý fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň di­rek­to­ry El­bek Mahmudow.

Kik­bok­sin­giň dö­re­ýiş ta­ry­hy

«7/24. tm» №18 (205), 29.04.2024 Kik­bok­sing ba­şa-baş gö­re­şiň bir gör­nü­şi ha­sap edil­ýär. Ol il­kin­ji ge­zek 1900-nji ýyl­da dö­räp­dir.

Türkmenistan — Sport ýurdy

«7/24. tm» №18 (205), 29.04.2024 25 — 29-njy ap­rel ara­ly­gyn­da Dur­res şä­he­rin­de (Al­ba­ni­ýa Res­pub­li­ka­sy) küş­tüň çalt (ra­pid) we ça­la­syn (blitz) oý­nal­ýan gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça 8, 10 we 12 ýa­şa çen­li ça­ga­la­ryň ara­syn­da dün­ýä çem­pio­na­ty ge­çi­ril­di. Bu ab­raý­ly ýa­ry­şa ady ag­za­lan ýaş­da­ky ýa­şa­jyk tür­gen­le­ri­miz­den yba­rat mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­myz hem gat­naş­dy.

Sportuň suwda oýnalýan görnüşleri

«7/24. tm» №18 (205), 29.04.2024 Dün­ýä­de sportuň suwda oýnalýan birnäçe gör­nü­şleri bar­dyr. Olar­dan ga­ýyk­da ýüz­mek, suw­da ýüz­mek, ka­noe ga­ýy­gyn­da ýüz­mek ýa­ly bir­nä­çe gy­zyk­ly suw sport­la­ry­ny my­sal ge­ti­rmek bo­lar. Şeý­le-de, bi­ziň döw­le­ti­miz­de esa­sy ýör­gün­li suw sport­la­ry­nyň bi­ri suw­da ýüz­mek­dir. Suw­da ýüz­mek spor­tu­na ýaş­la­ry uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär­ler. Türk­men tür­gen­le­ri­miz suw­da ýüz­mek bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­na gat­na­şyp, ýur­du­my­zyň sport ab­ra­ýy­ny go­ra­ýar­lar.