Ýewro — 2024-de jürlewük çalanlar näçe gazanar?

28 Aprel 2024
158

Şu ýylyň tomsunda geçiriljek futbol boýunça Ýewropa çempionatynda işlejek eminleriň gutarnykly sanawy yglan edildi. Oňa laýyklykda, yklym ýaryşynda Ýewropa ýurtlaryndan 18 we Argentinadan 1 emin jürlewük çalar. UEFA eminleriň sanawyny yglan etmek bilen bir hatarda olaryň her bir oýun üçin aljak haklaryny hem mälim etdi. Şeýlelikde, baş eminler toparçalaýyn tapgyrda jürlewük çalan her bir oýny üçin 5 müň ýewro, kömekçi we dördünji eminler 2,5 müň ýewro, VAR-daky eminler bolsa 3 müň ýewro gazanarlar.

Pleý-off tapgyrynyň her bir oýny üçin baş emine 10 müň ýewro, kömekçi, dördünji we VAR-daky eminlere bolsa 5 müň ýewro tölener.

Taýýarlan: Azamat ATAMURADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.
Beýleki habarlar