Ikinji aýlawyň ilkinji oýunlary

1 Maý 2024
155

Futbol

Futbol boýunça ýurdumyzyň milli çempionatynyň ikinji aýlawynyň ilkinji tapgyrynda, ýagny 10-njy tapgyrda Balkanabadyň «Nebitçi» topary Mary şäherinde ýerli «Merw» bilen duşuşdy. Ikitaraplaýyn hüjümlere baý bolan oýunda hasap esasy wagtyň tamamlanmagyna bäş minut galanda açyldy we şol hem duşuşygyň ykbalyny kesgitlän gol boldy. Ýer eýeleriniň 85-nji minutda guran hüjümini netijeli tamamlan Guwanç Berdimyradowyň geçiren pökgüsi «Merwiň» möwsümde bäşinji sapar ýeňiş gazanmagy üçin ýeterlik boldy.

Aşyr Berdiýew.
Beýleki habarlar