"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Türkmen sportuna bagyşlanan dabara

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan eziz Diýarymyzda ynsan saglygy baradaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda esasy orny eýeleýär. Sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmak ynsan saglygy üçin möhüm ähmiýetlidir. Bu babatdan, ýurdumyzda giň möçberli işler alnyp barylýar, halkara talaplara laýyk gelýän milli sport ulgamy döredilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, «Hormatly Arkadagymyzyň ýol-ýörelgelerine eýerip, eziz Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen asylly başlangyçlarymyz dünýäniň abraýly sport düzümleri tarapyndan giň goldawa eýe bolýar». Bu hakykaty paýtagtymyzda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde  Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlen çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi hem doly tassyklaýar. Paýtagtymyz Aşgabatda soňky ýyllarda gurlan Olimpiýa şäherçesi, Olimpiýa suw sport toplumy, Milli Olimpiýa sport köşgi, Gyşky oýunlar sport toplumy, «Aşgabat» köpugurly stadiony ýaly iri sport desgalary sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmekde giň mümkinçilikleri açýar.

Şanly senä bagyşlandy

Kaka etrabynyň sport mekdebinde “Sport sagdynlygyň, ruhubelentligiň, abadanlygyň we dostlugyň çeşmesidir” ady bilen geçirilen duşuşyk Bütindünýä welosiped gününe bagyşlandy. Ony Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komiteti hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi bilelikde gurady. Wagyz-nesihat duşuşygynda Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen sportunyň şan-şöhratynyň arşa göterilýändigi, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň barha rowaçlanýandygy dogrusynda täsirli gürrüň edildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sport-sagaldyş hereketiniň ösüşine uly üns gönükdirilýär. Bu ugurdaky tagallalar eziz Diýarymyzyň obalarynda, şäherçedir şäherlerinde yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýän sport maksatly desgalaryň, olarda ildeşlerimiz üçin döredilýän giň şertlerdir mümkinçilikleriň mysalynda aýdyň ýüze çykýar.

Bütindünýä welosiped güni

Şu gün Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde  Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny ,«Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilen  Kararnama laýyklykda,  Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi. Bütindünýä welosiped güni mynasybetli  ýurdumyzyň welaýatlarynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde köpçülikleýin sport çäreleri  uly ruhubelentlik bilen, guramaçylykly geçirildi. Welosiped sporty boýunça guralýan ýaryşlar, köpçülikleýin ýörişler, maslahatlar  ekologik taýdan arassa ulag serişdesi bolan welosipediň sagdyn durmuş ýörelgesine laýyk gelýändigini subut edýär. 

Bagtyýar çagalaryň köňül buýsanjy

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 Ýur­du­myz­da ösüp gel­ýän bag­ty­ýar ça­ga­la­ryň bagt­ly, şa­dy­ýan we sag­dyn gel­je­gi ba­bat­da ägirt uly ta­gal­la­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu ugur­da gu­ral­ýan, Türk­me­nis­ta­nyň sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny bü­tin dün­ýä­de da­ba­ra­lan­dyr­ýan iri sport çä­re­le­ri, bäs­le­şik­le­ri aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýedir.

Bedenterbiýe we sport

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 28-nji maý­da Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň we Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň uly mej­lis­ler za­lyn­da «Ta­lyp joş­gu­ny — 2024» at­ly dö­re­di­ji­lik fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­di.

Ulu­dan toý­lan­ýan sport baý­ra­my

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 Sport — yn­san öm­rü­niň mü­di­mi­lik hem­ra­sy. Ta­ryh sahypalary spor­tuň yn­san sag­ly­gy­na peý­da­sy­nyň, yn­sa­nyň spor­ta bo­lan söý­gü­si­niň soň­suz­dy­gy­ny äş­gär ed­ýär. Sport di­ňe bir sag­dyn­ly­gyň, ru­hu­be­lent­li­giň göz­ba­şy däl, eý­sem pa­ra­hat­çy­ly­gyň hem ke­pi­li­dir. XIX asyr­da ýa­şap ge­çen fran­si­ýa­ly jem­gy­ýet­çi­lik iş­gä­ri Pýer de Ku­ber­te­niň spor­ta ba­gyş­la­nan oda­syn­da­ky: «Eý, sport! Sen — pa­ra­hat­çy­lyk!» di­ýen se­tir­le­ri hem sö­zü­mi­ziň aý­dyň my­sa­ly­dyr.

Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň her bir gü­ni şan­ly wa­ka­la­ra bes­len­ýär. Öň­den gel­ýän baý­ram­çy­lyk­lar bol­sa ge­çen ýyl­ky­lar­dan has-da da­ba­ra­ly­dy­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. 3-nji iýun­da bel­len­ilýän Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni my­na­sy­bet­li we­lo­si­ped ýö­ri­şi­ni gu­ra­mak öz­bo­luş­ly dä­be öw­rül­di. Em­ma bu ýyl bu se­ne di­ňe bir we­lo­si­ped ýö­ri­şi gör­nü­şin­de ge­çi­ril­mek bi­len çäk­len­män, Aş­ga­bat­da­ky Olim­pi­ýa şä­herçesiniň «We­lot­rek» sport top­lu­myn­da 27-nji maý — 3-nji iýun ara­ly­gyn­da «Siz bi­len sport­da ga­dam­lar bat­ly, // Ak gel­je­ge ýö­rel­gä­miz Ar­ka­dag» at­ly we­lot­rek bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň bi­rin­ji­li­gi­niň ge­çi­ril­me­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Şeý­le-de baý­ram­çy­lyk my­na­sy­bet­li 31-nji maý — 3-nji iýun ara­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň we­los­port bo­ýun­ça ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň tür­gen­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň Ma­ry — Te­jen — Aş­ga­bat

Şu gün — Bütindünýä welosiped güni

Sagdynlygyň we ekologiýa abadançylygynyň dabaralanmasy Şu gün welaýatymyzda Bütindünýä welosiped gününiň baýramçylyk dabaralary ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna beslendi. Ir bilen welaýat merkeziniň gözel künjeginde ýerleşýän «Magtymguly» meýdançasyndan welosipedli ýörişe badalga berildi. Welaýatymyzyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, bilim, sport, medeniýet ulgamynyň işgärleriniň hem-de ýaşlaryň uly ruhubelentlik bilen gatnaşan köpçülikleýin sport çäresi ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň giňden dabaralanýandygyny alamatlandyrdy.

Welosipediň taryhy

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 We­lo­si­ped dün­ýä­de eko­lo­gi­ýa taý­dan iň aras­sa, el­ýe­ter­li we yg­ty­bar­ly ula­gyň gör­nü­şi hö­k­mün­de giň­den ula­nyl­ýar. Onuň dö­re­ýiş ta­ry­hy göz­ba­şy­ny ir dö­wür­ler­den alyp gaýd­ýar. XVIII çen­li dür­li pi­kir­ler we oý­lap ta­pyş­lar öňe sü­rül­ýär. Kä­bir mag­lu­mat­la­ra gö­rä, we­lo­si­pe­diň kä­bir görnüşlerine Leo­nar­do da Win­çi­niň eser­le­rin­de hem duş gel­mek bol­ýar.

Sport habarlary

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 Li­ma şä­he­rin­de (Peru) agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça ýet­gin­jek­le­riň ara­syn­da dün­ýä çem­pio­na­ty ge­çi­ril­di. Ýa­ry­şa dün­ýä­niň 50 ýur­dun­dan 280 tür­gen gat­naş­dy. Bu ba­ra­da «Türk­me­nis­tan» ga­ze­tin­de ha­bar be­ril­di. Ýa­ryş­da 102 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram­da çy­kyş eden Sü­leý­man Ja­fa­row ýet­gin­jek­le­riň ara­syn­da dün­ýä­niň çem­pio­ny bol­dy. Ze­hin­li tür­gen ştan­ga­ny sil­ter­läp gö­ter­mek­de 143 ki­log­ram agyr­ly­gy bo­ýun eg­di­rip, al­tyn me­dal ga­zan­dy.

Futbol janköýeri

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 Maý aýy­nyň il­kin­ji gün­le­rin­de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bü­tin­dün­ýä fut­bol gü­nü­ni dö­re­den­di­gi ba­ra­da­ky ha­bar ýaý­ran wag­ty bu wa­ka­nyň kal­byn­da şat­lyk dö­re­den adam­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da bar­dy­gym üçin ga­la­ma ýa­pyş­man bil­me­dim. Res­mi mag­lu­mat­la­ra sal­gy­lan­saň, dün­ýä ýü­zün­de fut­bol bi­len meş­gul­lan­ýan we oňa to­ma­şa ed­ýän ada­mla­ryň sa­ny 5,5 mil­liard­dan hem geç­ýär. Mu­nuň özi dün­ýä­de her ikin­ji ada­myň bu tä­sin oý­nuň tä­si­ri­ni du­ýup ýa­şa­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Şol tä­sir hak­da gür­rüň et­mek üçin jan­kö­ýer bol­mak ge­rek. Çün­ki jan­kö­ýer di­ňe bir fut­bo­la to­ma­şa edip oňa­n­ok. Ol fut­bol bi­len ýa­şa­ýar. Ony he­mi­şe­lik hem­ra­sy­na öwür­ýär. Diý­mek, söý­ýär. Söý­gi hem hil-hil bol­ýar.

Dä­be öw­rü­len ýö­rel­ge

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Ka­rar­na­ma­sy bi­len dö­re­di­len Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni her ýy­lyň 3-nji iýu­nyn­da giň­den bel­le­ni­lýä­r. Sag­dyn­lyk, raý­daş­lyk, dost­luk we yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly­lyk ýa­ly umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­nyň äh­mi­ýe­ti­ni açyp gör­kez­ýän bu hal­ka­ra baý­ram öza­ra yna­nyş­mak we dü­şü­niş­mek ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­ma­gyň ny­şa­ny hök­mün­de spor­ty giň­den wa­gyz et­mä­ge uly müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar.

Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumy «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edildi

1-nji iýunda, asylly däbe görä, Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli çagalar tennis festiwalynyň açylyş dabarasy, şeýle hem Aziýanyň tennis federasiýasy (ATF) tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyşy boldy. Dabaralar Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek maksady bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda bina edilen paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň düzümine girýän Tennis toplumynda geçirildi. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň esasy girelgesiniň öňünde türkmen türgenleriniň gazanan üstünlikleriniň sergisi guraldy. Onda abraýly halkara ýaryşlarda gazanylan dürli derejedäki baýraklar, şekillendiriş we amaly-haşam sungatlary eserleriniň nusgalary görkezildi.

Sport hem saglyk baýramy

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 2018-nji ýyl­dan bä­ri her ýy­lyň 3-nji iýu­ny Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Ka­rar­na­ma­sy bi­len Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni diý­lip yg­lan edil­di. BMG-niň se­ne­na­ma­syn­da bu se­nä­niň peý­da bol­ma­gy Mil­li Li­de­ri­mi­ziň be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş we sport he­re­ke­ti­ni ös­dür­mä­ge, mil­li, se­bit hem-de äh­lu­mu­my möç­ber­de jem­gy­ýe­tiň eko­lo­gi­ýa me­de­ni­ýe­ti­ni kä­mil­leş­dir­mä­ge goş­ýan ägirt uly go­şan­dy­nyň ýo­ka­ry ba­ha­sy­nyň su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di. Şu­nuň bi­len bag­ly her ýy­lyň 3-nji iýu­nyn­da bü­tin­dün­ýä­de we­lo­si­ped gü­ni giň­den bel­le­ni­lip ge­çil­ýär.

Ýer ýüzünde sarpaly sene

Bütindünýä welosiped güni welaýatymyzda ýokary ruhubelentlige beslendi Bütindünýä welosiped güni her ýylda bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ýurdumyzyň çar künjeginde giňden bellenilip geçildi. Welaýatymyz boýunça esasy baýramçylyk çäreleri Balkanabat şäherinde ýaýbaňlanyp, şol gün ir säherden «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndan köpugurly welosipedli ýörişe badalga berildi. Edara-kärhanalaryň, guramalaryň işgärleri, talyp ýaşlar birnäçe kilometre uzan baýramçylyk ýörişini ýokary ruhubelentlikde geçdiler. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sportuň barha rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň güwäsi bolan ýörişe gatnaşyjylar ýol ugrunda welaýat merkeziniň gözelliklerine syn etdiler, medeni-sport çäreleriniň şaýatlary boldular.

«Real» ÝÇL-de 15-nji gezek çempion boldy

Geçen hepdäniň şenbe güni Ýewropa çempionlar ligasynyň 2023-2024-nji ýylky möwsüminiň ýeňijisi kesgitlendi. Londondaky «Uembli» stadionynda geçirilen oýunda Madridiň «Realy» Dortmundyň «Borussiýasy» bilen güýç synanyşdy. Çekeleşikli geçen oýun 2:0 hasabynda «Realyň» peýdasyna tamamlandy. «Realyň» düzüminde gollara Dani Karwahal (74-nji minut) we Winisius Žuniýor (83-nji minut) awtorlyk etdiler.

Mahaçýew Porýeni wagtyndan öň ýeňlişe sezewar etdi

Aşgabat wagty bilen düýn irden Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda «UFC 302» turniri geçirildi. Turniriň esasy tutluşygynda ýeňil agramyň çempiony russiýaly Islam Mahaçýew amerikaly çempionlyga dalaşgär Dastin Porýe bilen güýç synanyşdy. 5 raunda niýetlenen tutluşygyň soňky raundynda Islam Mahaçýew garşydaşyna bogmak usulyny ulanyp, ony wagtyndan öň ýeňlişini boýun almaga mejbur etdi. Şeýlelikde, Islam Mahaçýew özüne degişli çempionlyk guşagyny mynasyp goramagy başardy.

Petekleriň ortaça bahasy rekord derejä ýetdi

Milli basketbol assosiasiýasynyň (MBA) final seriýasynda «Dallas Maweriks» bilen «Boston Seltiksiň» arasyndaky oýunlar üçin satylýan petekleriň ortaça bahasy 4 müň 150 amerikan dollaryna barabar. Bu barada «Basket News» habar berýär. Çeşmäniň bellemegine görä, bu görkeziji petekleriň ortaça bahasy babatda MBA-nyň täze rekordydyr. Bu ugurda mundan ozalky rekord 2019-njy ýylda «Golden Steýt Uorriorz» bilen «Toronto Reportsyň» arasynda oýnalan final seriýasynda hasaba alnypdy. Şonda final seriýasynyň petekleriniň ortaça bahasy 3 müň 899 amerikan dollaryna deň bolupdy.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy 5:0 hasabynda ýeňiş gazandy

1-nji iýunda futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Grenlandiýanyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen oýun ildeşlerimiziň uly hasapdaky ýeňşi bilen tamamlandy. Has takygy, türkmen futbolçylary garşydaşdan 5:0 hasabynda üstün çykmagy başardylar. Milli ýygyndymyzyň düzüminde Elman Tagaýew dubl etdi, şeýle-de Şanazar Tirkişow, Didar Durdyýew, Alibek Abdyrahmanow dagy bir gezekden tapawutlandylar. Bu ýoldaşlyk duşuşygy milli ýygyndymyzyň şu aýda Özbegistan we Gonkong bilen boljak oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde guraldy.

«Roland Garrosda» 11 ýyldan soň top-4-lik 1/8 finala ýitgisiz geldi

1-nji iýunda «Roland Garros» «uly tuwulgasynyň» zenanlaryň arasyndaky ýaryşynyň üçünji aýlawy tamamlandy. Oňa laýyklykda, häzirki wagtda dünýä sanawynyň öňdäki dört ornuny eýeleýän tennisçileriň ählisi turniriň 1/8 final tapgyryna çykmagyň hötdesinden geldiler. Has takygy, WTA reýtinginiň lideri polşaly Iga Swýontek, dünýäniň ikinji raketkasy belarusly Arina Sobolenko, dünýä sanawynda üçünji orny eýeläp duran amerikaly Kori Gauff hem-de dünýäniň dördünji raketkasy gazagystanly Ýelena Rybakina 1/8 finala ýollanma aldylar. Şeýle ýagdaý — dünýäniň iň güýçli dört tennisçisiniň hem ýaryşyň 1/8 final tapgyryna çykmagy soňky 11 ýylyň içinde birinji gezek hasaba alynýar. Mundan ozal, 2013-nji ýylda amerikaly Serena Uilýams (1), russiýaly Mariýa Şarapowa (2), belarusly Wiktoriýa Azarenko (3) hem-de polşaly Agneşka Radwanska (4) «Roland Garrosyň» 1/8 finalyna çenli bilelikde ýetmegi başarypdylar.