Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumy «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edildi

3 Iýun 2024
453

1-nji iýunda, asylly däbe görä, Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli çagalar tennis festiwalynyň açylyş dabarasy, şeýle hem Aziýanyň tennis federasiýasy (ATF) tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyşy boldy. Dabaralar Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek maksady bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda bina edilen paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň düzümine girýän Tennis toplumynda geçirildi.

Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň esasy girelgesiniň öňünde türkmen türgenleriniň gazanan üstünlikleriniň sergisi guraldy. Onda abraýly halkara ýaryşlarda gazanylan dürli derejedäki baýraklar, şekillendiriş we amaly-haşam sungatlary eserleriniň nusgalary görkezildi.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar