«Roland Garrosda» 11 ýyldan soň top-4-lik 1/8 finala ýitgisiz geldi

3 Iýun 2024
113

1-nji iýunda «Roland Garros» «uly tuwulgasynyň» zenanlaryň arasyndaky ýaryşynyň üçünji aýlawy tamamlandy. Oňa laýyklykda, häzirki wagtda dünýä sanawynyň öňdäki dört ornuny eýeleýän tennisçileriň ählisi turniriň 1/8 final tapgyryna çykmagyň hötdesinden geldiler.

Has takygy, WTA reýtinginiň lideri polşaly Iga Swýontek, dünýäniň ikinji raketkasy belarusly Arina Sobolenko, dünýä sanawynda üçünji orny eýeläp duran amerikaly Kori Gauff hem-de dünýäniň dördünji raketkasy gazagystanly Ýelena Rybakina 1/8 finala ýollanma aldylar. Şeýle ýagdaý — dünýäniň iň güýçli dört tennisçisiniň hem ýaryşyň 1/8 final tapgyryna çykmagy soňky 11 ýylyň içinde birinji gezek hasaba alynýar. Mundan ozal, 2013-nji ýylda amerikaly Serena Uilýams (1), russiýaly Mariýa Şarapowa (2), belarusly Wiktoriýa Azarenko (3) hem-de polşaly Agneşka Radwanska (4) «Roland Garrosyň» 1/8 finalyna çenli bilelikde ýetmegi başarypdylar.

Taýýarlan: Melike ABDULLAÝEWA, Ak bugdaý etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň okuwçysy.
Beýleki habarlar