Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Makalalar

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 2-nji fewralda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +1... +3°, gündizine +13... +15° maýyl bolar. Howanyň basyşy 738 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2022-nji ýylyň fewral aýynyň 02-ne bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +1... +3°, gündizine +13... +15° maýyl bolar. Howanyň basyşy 738 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 1-nji fewralda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... +2°, gündizine +12... +14° maýyl bolar. Howanyň basyşy 736 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 31-nji ýanwarda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, irden ümürli bolmagy mümkin. Günorta-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1° sowukdan +1° çenli, gündizine +11... +13° maýyl bolar. Howanyň basyşy 738 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 29-njy ýanwarda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... +2°, gündizine +8... +10° maýyl bolar. Howanyň basyşy 741 mm. Çyglylygy 60 — 80%.

Ýaşlaryň dünýägaraýşyna tebigatyň täsiri

Tebigat! Bu sözüň jümmüşinde halkyň ýaşaýyş-durmuşy, geçen taryhy ýoly, şu günki ýeten sepgitleri öz many-mazmuny bilen ýazylyp ýatyr. Tebigat ynsanyň içki dünýäsine-de, daşky keşbine-de, saglygyna-da öz täsirini ýetirýär. Gündogarda aýdylyşy ýaly, bir obanyň ýa-da şäheriň çetinden gireniňde, ol ýerde gurulýan binalardyr ýollar, köprüler şol ýeriniň tebigaty hem-de şol ýerde ýaşaýan adamlaryň lybasydyr. Şol nukdaýnazardan ser salanymyzda, hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawy goramak baradaky taglymaty esasynda türkmen tebigaty ählitaraplaýyn özgerişlere eýe boldy. Taryha ser salsak hem, halkymyz tebigatyň gözelligini gorap, oňa elmydama aýawly çemeleşipdir. Ýagny kerwen ýollarymyzda guýy gazyp, kerwensaraýlar gurup, daş-töweregine-de bag ekipdirler. Kerwensaraý gurulman, ýöne gazylan guýularyň töwereginde hem adamlar yssydan goranar ýaly saýaly agaçlary ekipdirler. Her saýalan kerweniň bolsa guýudan suw çekip, baglary suwarmagy parz hasaplanypdyr.

Köý­ten­dag döw­let go­rag­ha­na­sy

Köýtendag döwlet goraghanasy Köýten daglarynyň, Gowurdak pes daglyklarynyň, oňa ýakynlaşýan ýerleriň, derýa jülgeleriniň ekologik ulgamynyň toplumyny dikeltmek, gorap saklamak, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň genetki goruny hem-de sebitiň tebigatyny goramaklygyň ylmy esalaryny işläp taýýarlamak maksady bilen 1986-njy ýylyň 11-nji iýulynda döredildi. Onuň meýdany 37139 gektara deň bolup, ol esasan, Köýtendagyň demirgazyk ýapgydynyň merkezi böleginiň ýokarky guşaklaryny öz içine alýar. Goraghana Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýerleşýär.  Go­rag­ha­na Gar­lyk (40000 ga), Ho­ja­pil (31635 ga), Ho­ja­bur­jy­be­lent (17592 ga) we Ho­ja­ga­ra­wul (6011 ga) çäk­li go­rag­ha­na­la­ry de­giş­li­dir.

Ählumumy borç

Tebigat — ählimiziň bilelikdäki öýümiz. Şonuň üçin hem ony gözümiziň göreji ýaly goramak her birimiz üçin mukaddes borç bolup durýar. Şeýle maksady bolan Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň işine watandaşlarymyzyň ýerli-ýerden ýardam berýändikleri bizi diýseň begendirýär. Yzygiderli geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklary bolsa bu babatda alnyp barylýan işleriň netijeliligini artdyrýar. Ýakynda bu jemgyýetiň welaýat bölümi welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölümi bilen bilelikde wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Türkmenabat şäherindäki ýangyna garşy göreş edaralarynyň birinde geçirilen duşuşyga köpsanly myhmanlar, şol sanda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabatdaky Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary, şäheriň orta mekdeplerinde işleýän bilim işgärleri we okuwçylar, şeýle-de welaýat merkezindäki pagta egriji kärhananyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Dag obasynyň täsinlikleri

Biziň hemmämiz ýaz paslynda daglaryň, gaýalaryň çekilen surat kimin ýaşyl dona bürenýändigini bilýäris. Emma gyşyň aňzakly günlerinde uçut gaýalardan Zemine göz aýlanyňda, ynsan göwnüni gülletmek üçin ýazyň gelerine garaşmagyň gerek däldigini aýdyňlaşdyrýar. Bu gözelligi bürgüt gözi bilen synlamak üçin keremli daglaryň eteginde mekan tutunan Nohur iline syýahata baraýmaly. Çopan taýagyndan heder edip ikiýana ylgaşýan mallar, sowugy bütin süňňüň bilen gagşadyp barýan çygjymak dagyň howasy, aýak basan ýeriňde haýsydyr bir derdiň dermany bolan dürli görnüşli ösümlikler, nätanyş kişiniň garasyny göreninden sesiniň ýetdiginden haw-hawlaýan oba itleri, daş ýerden gelýän myhmany ýürek ýylysy, roýunyň ýylgyrşy bilen garşy alýan dag adamlarynyň mekan tutunan ilidir Nohur obasy.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 28-nji ýanwarda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 12 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +1... +3°, gündizine +7... +9° maýyl bolar. Howanyň basyşy 739 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Tebigy baýlyklar — halkyň hazynasy

Umumy öýümiz bolan bu gözel tebigaty dowamat-dowam edýän, ony ähli görki hem durky bilen asyrlardan-asyrlara aşyryp, nesillerden-nesillere ýetirýän güýç adamyň öz dogup-dörän topragyna söýgüsidir. Daş-töweregimizi gurşap alan tebigat gymmatlyklaryna ata-babalarymyz hem örän aýawly garapdyrlar. Türkmen halk döredijiliginde-de, nusgawy edebiýatymyzda-da ynsanyň tebigata, tebigatyň hem ynsana howandar çykyp, biri-birini halas edýän ýagdaýlaryna mysallary näçe diýseň tapmak mümkin. Bu sazlaşygyň aňyrsyndaky mukaddes hakykat tebigata bolan söýginiň Watana söýgi bilen aýrylmaz baglylygydyr. Şoňa görä-de, bu ugurdaky işler döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda yzygiderli we üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny aýawly saklamak, baýlaşdyrmak hem-de goramak babatdaky tagallalar örän giň gerimlidir. Şol işleriň hatarynda döwletimiziň aw edilýän meýdanlaryny goramak we netijeli ulanmak boýunça çäreler görülýär. Ýurdumyzda seýrek duş gelýän, ýitip gitmek howpy bolan haýwanlaryň görnüşlerini goramak we sanyny artdyrmak boýunça işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda geçirilýän çäreleriň kanunçylyk esasyny talabalaýyk getirmek maksady bilen, geçen ýyl «Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kab

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 27-nji ýanwarda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günüň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1° sowukdan +1° çenli, gündizine +12... +14° maýyl bolar. Howanyň basyşy 736 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Şirin-şeker miweler

■ Bir ýertudanasynda ortaça 200 töweregi tohum bar. ■ Alma agajy ýylda 400-e çenli miwe berip bilýär.

Ýaýlasy ýaýlymly Ýerbent

Paýtagtdan ugranyňda Ýerbende çenli esli ýol bar. Asty altyn, üsti ýalkym Garagumuň ezber nakgaşyň çeken suratyna çalymdaş görnüşine — sazakly-selinli ýerlere, gözüňe kaklyşyp gidýän çopan goşlaryna, uzaklara ýaýylyp gidýän çäge alaňlaryna ünsüňi baglaýşyňa, ol ýere nädip ýeteniňi duýman galýarsyň. Biziň myhman bolan ýerimiz ýaşuly — Hommat agalar boldy. Uzak ömrüne sürüji bolup işläp, gum obalarynda aýagynyň basmadyk ýeri galmadyk Hommat Durdy ogly sährada bitýän seýrek ösümlikler, guýular, guş-gumrular hakda bilmek isleýän zatlarymyzy aýdanymyzda, «Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýip, biziň bilen syrly Garagumuň oýlaryna tarap ýola düşdi.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 26-njy ýanwarda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... -2° sowuk, gündizine +9... +11° maýyl bolar. Howanyň basyşy 738 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Gyş täsinlikleri

Alymlaryň köpýyllyk derňewleriniň netijesinde tebigatda düýbünden birmeňzeş gar tozgajyklarynyň bolmaýandygy anyklandy. 1944-nji ýylyň 30-njy aprelinde Moskwada iň täsin galdyryjy gar ýagypdyr. Ol gar tozgajyklarynyň ululygy adamyň eliniň aýasyna barabar eken.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň 26-na bolmagyna garaşylýan

 HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup,  gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... -2° sowuk, gündizine +9... +11° maýyl bolar. Howanyň basyşy 738 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 25-nji ýanwarda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1... -3° sowuk, gündizine +7... +9° maýyl bolar. Howanyň basyşy 741 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Ümür

Her paslyň özüne mahsus tebigy aýratynlygy bar. Gyş pasly, adatça, sowuk bolup, köplenç gar ýagýar. Agaçlaryň, ösümlikleriň şahajyklary burjy baglaýar. Kähalatda bolsa howa ümürli bolýar. Ümürli howa güýz paslynda peýda bolup başlaýar. Bug bilen örtülen, duman gurşap alan tutuk howa «ümür» diýilýär. Bu howada gözýetim bir kilometrden az, hatda birnäçe metr hem bolup bilýär. Ýagny şeýle howada edil tüssäniň içinde duran ýaly uzak aralygy görüp bolmaýar. Ümrüň güýz paslynda köp gabat gelmeginiň sebäbi bu pasylda howa toprakdan we suwdan has çalt sowaýar. Gijesine toprak sowansoň, ýere ýakyn howa hem sowaýar. Sowuk howa gatlagynyň çygly we yssy howa bilen birigýän ýerinde bolsa ümür emele gelýär. Ümür köplenç dag gerişleriniň arasynda ýa-da dag eteklerinde ýüze çykýar. Bu ýerlerde emele gelýän ümür şemalyň howany dag eteginden ýokaryk itmegi netijesinde ýüze çykýar. Bu ýagdaý howanyň çygly wagty gabat gelýär. Kähalatlarda ümür bulutlaryň ýere ýakyn bolmagy netijesinde hem emele gelýär. Ümürli howada örän az mukdarda owunjak damja görnüşli ýagyş çisňeýän wagty hem bolýar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 24-nji ýanwarda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -3... -5° sowuk, gündizine +6... +8° maýyl bolar. Howanyň basyşy 739 mm, çyglylygy 55 — 75%.