Ümür

24 Ýanwar 2022
1277

Her paslyň özüne mahsus tebigy aýratynlygy bar. Gyş pasly, adatça, sowuk bolup, köplenç gar ýagýar. Agaçlaryň, ösümlikleriň şahajyklary burjy baglaýar. Kähalatda bolsa howa ümürli bolýar. Ümürli howa güýz paslynda peýda bolup başlaýar. Bug bilen örtülen, duman gurşap alan tutuk howa «ümür» diýilýär. Bu howada gözýetim bir kilometrden az, hatda birnäçe metr hem bolup bilýär. Ýagny şeýle howada edil tüssäniň içinde duran ýaly uzak aralygy görüp bolmaýar. Ümrüň güýz paslynda köp gabat gelmeginiň sebäbi bu pasylda howa toprakdan we suwdan has çalt sowaýar. Gijesine toprak sowansoň, ýere ýakyn howa hem sowaýar. Sowuk howa gatlagynyň çygly we yssy howa bilen birigýän ýerinde bolsa ümür emele gelýär. Ümür köplenç dag gerişleriniň arasynda ýa-da dag eteklerinde ýüze çykýar. Bu ýerlerde emele gelýän ümür şemalyň howany dag eteginden ýokaryk itmegi netijesinde ýüze çykýar. Bu ýagdaý howanyň çygly wagty gabat gelýär.

Kähalatlarda ümür bulutlaryň ýere ýakyn bolmagy netijesinde hem emele gelýär. Ümürli howada örän az mukdarda owunjak damja görnüşli ýagyş çisňeýän wagty hem bolýar.

Laçyn KULLAÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.