Ýaşlaryň dünýägaraýşyna tebigatyň täsiri

28 Ýanwar 2022
1582

Tebigat! Bu sözüň jümmüşinde halkyň ýaşaýyş-durmuşy, geçen taryhy ýoly, şu günki ýeten sepgitleri öz many-mazmuny bilen ýazylyp ýatyr. Tebigat ynsanyň içki dünýäsine-de, daşky keşbine-de, saglygyna-da öz täsirini ýetirýär. Gündogarda aýdylyşy ýaly, bir obanyň ýa-da şäheriň çetinden gireniňde, ol ýerde gurulýan binalardyr ýollar, köprüler şol ýeriniň tebigaty hem-de şol ýerde ýaşaýan adamlaryň lybasydyr. Şol nukdaýnazardan ser salanymyzda, hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawy goramak baradaky taglymaty esasynda türkmen tebigaty ählitaraplaýyn özgerişlere eýe boldy.

Taryha ser salsak hem, halkymyz tebigatyň gözelligini gorap, oňa elmydama aýawly çemeleşipdir. Ýagny kerwen ýollarymyzda guýy gazyp, kerwensaraýlar gurup, daş-töweregine-de bag ekipdirler. Kerwensaraý gurulman, ýöne gazylan guýularyň töwereginde hem adamlar yssydan goranar ýaly saýaly agaçlary ekipdirler. Her saýalan kerweniň bolsa guýudan suw çekip, baglary suwarmagy parz hasaplanypdyr.

Ogulmaýa PÜRLIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 59-njy orta mekdebiň mugallymy.