Köý­ten­dag döw­let go­rag­ha­na­sy

28 Ýanwar 2022
2002

Köýtendag döwlet goraghanasy Köýten daglarynyň, Gowurdak pes daglyklarynyň, oňa ýakynlaşýan ýerleriň, derýa jülgeleriniň ekologik ulgamynyň toplumyny dikeltmek, gorap saklamak, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň genetki goruny hem-de sebitiň tebigatyny goramaklygyň ylmy esalaryny işläp taýýarlamak maksady bilen 1986-njy ýylyň 11-nji iýulynda döredildi. Onuň meýdany 37139 gektara deň bolup, ol esasan, Köýtendagyň demirgazyk ýapgydynyň merkezi böleginiň ýokarky guşaklaryny öz içine alýar. Goraghana Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýerleşýär. 

Go­rag­ha­na Gar­lyk (40000 ga), Ho­ja­pil (31635 ga), Ho­ja­bur­jy­be­lent (17592 ga) we Ho­ja­ga­ra­wul (6011 ga) çäk­li go­rag­ha­na­la­ry de­giş­li­dir.

«Haýran galdyrýan Köýtendag» atly kitapdan.