Dag obasynyň täsinlikleri

28 Ýanwar 2022
1361

Biziň hemmämiz ýaz paslynda daglaryň, gaýalaryň çekilen surat kimin ýaşyl dona bürenýändigini bilýäris. Emma gyşyň aňzakly günlerinde uçut gaýalardan Zemine göz aýlanyňda, ynsan göwnüni gülletmek üçin ýazyň gelerine garaşmagyň gerek däldigini aýdyňlaşdyrýar. Bu gözelligi bürgüt gözi bilen synlamak üçin keremli daglaryň eteginde mekan tutunan Nohur iline syýahata baraýmaly.

Çopan taýagyndan heder edip ikiýana ylgaşýan mallar, sowugy bütin süňňüň bilen gagşadyp barýan çygjymak dagyň howasy, aýak basan ýeriňde haýsydyr bir derdiň dermany bolan dürli görnüşli ösümlikler, nätanyş kişiniň garasyny göreninden sesiniň ýetdiginden haw-hawlaýan oba itleri, daş ýerden gelýän myhmany ýürek ýylysy, roýunyň ýylgyrşy bilen garşy alýan dag adamlarynyň mekan tutunan ilidir Nohur obasy.

Ogulnar GURBANMÄMMEDOWA,
«Diýar».