Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Makalalar

Hazar döwlet tebigy goraghanasy:

Goraghanada baldakly ösümlikleriň 418 sany görnüşi duş gelýär. * * *

Tebigat biziň öýümiz

Ýer görki — bag Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda milli urp-adatlarymyzy ýörelge edinip, daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmek we netijeli peýdalanmak, geljekki nesillerimize şu wagtky durkundan hem has gözel görnüşde ýetirmek boýunça alnyp barylýan uly möçberli işleriň netijesinde söýgüli Diýarymyzyň halkara derejesinde eýeleýän orny has-da ýokarlanýar.

Güýz

Altyn güýzde ýagyş ýaganda, tebigat has-da gözel görnüşe girýär. Güýz tebigata öz hökümini ýöredip, ony altynsow-gyzyl reňke boýasa-da, sowuk ýagyş damjalary sarylygyň reňkini ýuwup, daş-töwerege nuranalyk çaýýan ýaly bolýar. Güýz ýagşynyň astynda ezilip, seýilgähiň öl ýodajyklary bilen gezim etmegiň özboluşly gyzygy bar. Ýagyşly günlerde öz-özüň bilen ikiçäk galyp, agras tebigatyň sazlaşygyna goşulyp, dünýä barada, özüň barada pikir ýöretmäge mümkinçilik döreýär. Seýilgählerde ýapraklary seýrekläp başlan agaçlary synlap, bu günler guşlaryň öňkülerden has az saýraýan ýalydygy barada oýlanýarsyň. Çygly howa, ýagyş damjalarynyň şabyrdaýan sesleri ojar közüne lykyrdap gaýnaýan çäýnegi ýatladýar. Ýene ýylysy siňen çaýy küýsäniňi duýman galýarsyň. Indi Gün hem ir ýaşýar, derrew iňrik garalýar. Penjiräniň öňünde eliňe gülli käsäni alyp, demli çaýdan käte bir owurtlap, güýz ýagşynyň birsydyrgyn sesine gulak salyp, garalyp barýan gözýetime seredip oturmagyň özi hem göwnüňi göterýär. Säher bilen bolsa, eýýäm ýagyş ýagmadyk ýalydyr. Dogry, noýabryň Güneşi öňküler ýaly gyzdyrmasa-da, daş-töwerege nur saçyp, gözýetim ýagty, aýdyň görünýär. Bu görnüşlerde ylahy ajaýyplyk bar. Tebigat her hili howa şertlerinde

Dünýäniň täsin agaçlary

Afrikada ösýän gara agaç – grenadil agajy dünýä ýüzünde iň gymmat agaç hasaplanýar. Dykyz, ýalpyldawuk agajyň reňki gyzyl reňkden gara reňke çenli üýtgeýär. Bu agaç, saz gurallaryny ýasamakda ulanylýar. Grenadil agajy Tanzaniýanyň we Mozambikiň gurak sebitlerinde ösýär. Bu agaç reňkli agaçlara degişli bolup, olaryň ömrüniň dowamlylygy 60 ýyla ýetýär. Agar agajy hili boýunça ýokary derejeli hasaplanýar. Ol günorta-gündogar Aziýanyň tropiki tokaýlarynda ösýär. Ondan köp mukdarda nebit alynýar we ol özünden ýakymly ys bölüp çykarýar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +2... +7 gradusdan +7... +12 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +15... +20 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +10... +15 gradus maýyl bolar.

Di­ýa­ry­myz ba­gy-bos­san

Ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri has-da ýaý­baň­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, her ýy­lyň ýaz we güýz aý­la­ry agaç na­hal­la­ry otur­dyl­ýar. Yn­ha, şu ýy­lyň 5-nji no­ýab­ryn­da hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da bag ek­mek da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Hal­ky­myz­da ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri köp­ri gur­mak, ýol çek­mek, gu­ýy gaz­mak so­gap iş ha­sap edil­ýär. Şo­nuň ýa­ly-da, bag ek­mek, daş-tö­we­re­gi ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek, eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mek asyl­ly ýö­rel­ge­ler bo­lup dur­mu­şy­my­za or­naş­dy. Şo­nuň üçin hem bu gün­ki gün­de türk­men top­ra­gy, eziz Di­ýa­ry­my­zyň çar ýa­ny ba­gy-bos­san­ly­ga bü­ren­di. Bu ba­gy-bos­san­lyk­lar, to­kaý­lyk­lar adam eli­niň gy­zyl gül­dü­gi­ni, zäh­me­tiň mi­we eçil­ýän­di­gi­ni aý­dyň be­ýan ed­ýär.

Melhemli tebigatymyz bar

«7/24. tm», № 45 (128), 07.11.2022 Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly  Berdimuhamedowyň köp ýyllyk

Bu güller güýz bilen gyşyň sepgidinde açylýar

Güýzüň agramly bölegi yzda galyp, gyş golaýlap gelýär. Al-elwan gülleri synlamak, olaryň atyr ysyndan ganmak üçin, elbetde, bahara garaşmaly bolýarys. Ýöne Ýaponiýanyň Hökümeti ýurda gelýän syýahatçylary haýran etmegiň bir usuly hökmünde oktýabr ― noýabr aýynda köpçülikleýin açylýan gülleri ýetişdirmäge aýratyn üns berýär. Täsin tarapy bu güller hiç hili ýyladyşhana şertlerinde däl-de, açyk asmanyň astynda, adaty seýilgähde açylyp dur. «MIR-24» halkara teleradiokompaniýasynyň resmi saýty Ýaponiýanyň Hitaçi milli seýilgähinde şu günler 30 müň düýpden gowrak gülüň açylyp, diňe bir syýahatçylary däl, ýerli ýaşaýjylary hem haýran galdyrýandygyny ýazýar. Elbetde, diňe şu täsin gülleri synlamak üçin Hitaça ýöriteläp barýan syýahatçylaryň sany hem juda kän.

Bagy-bossan Diýarym

Adam islendik ýurda, islendik ülkä düşende, ilki bilen, onuň ünsüni çekýän zat, şol ýeriň tebigaty, ösümlik we haýwanat dünýäsidir. Eger-de ýurt şu zatlara baý bolsa, onda jahankeşdeleri-de, syýahatçylary-da özüne çekýär. Çünki tebigatyň goýnunda ýaşaýan ynsanyň kalby mydama gözelligiň telwasynda. Şu nukdaýnazardan, türkmen halkynyň-da bagty çüwendir diýip, ynamly aýtmak bolar. Çünki keremli ýurdumyzyň sährasy sähra, dagy dag, derýasy derýa, deňzi deňiz ýerinde. Türkmen topragynda dünýäniň hiç ýerinde duşmaýan täsin ösümlikleriň onlarça görnüşi ösýär. Ýurdumyzyň haýwanat dünýäsi-de köpdürlüdir. Şoňa görä-de, tebigy baýlyklarymyzyň gadyryny bilip, olary gorap, baýlaşdyryp, geljekki nesillere geçirmek mukaddes borjumyzdyr. Diýarymyzyň döwlet tebigy goraghanalary hut şu işler bilen meşgullanýarlar. Ondan daşary-da, her ýyl ýazda we güýzde geçirilýän ählihalk bag ekişlik dabarasynda dürli görnüşli agaç nahallarynyň millionlarça düýbi oturdylýar. Netijede, ýurdumyzyň ähli künjekleri bag-bossanlyga bürenýär. Güýzki bag ekişlik möwsümine hem ykjam taýýarlykly geldik. Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýän Döwletli şäherçesiniň daş-töweregini ýörite bezeg agaçlary bilen örtmek üçin ýazda, tomusda we güýzde gülleýän bezeg agaç

Agajyň peýdaly taraplary

1. Bütin dünýäde howanyň maýlamagynyň öňüni alýar. Agaçlar kömürturşy gazyny özünde saklap, kislorod bölüp çykarýar. Kömürturşy gazy bolsa Ýer togalagynda iň köp ýaýran elementleriň biridir. Ol aşa agdyklyk eden ýagdaýynda howa gyzyp ugraýar.

Gözel künjegiň goýnunda

Ýurdumyzyň gündogar-günortasynda ýerleşýän Köýtendagyň adynyň «geçmesi kyn dag» diýen manyny aňladýandygyny aýdýarlar. Hakykatdan-da, bu dag köp sanly jülgedir dereler bilen dilkawlanandyr. Olaryň iň uzyny Hojaçilgez baba (28 km), iň owadany bolsa çuňlugy 600 metr çemesindäki Daraýyderedir. Ol ýerde grek hozundan, üzümden, Kawkaz dagdanyndan, injirden, sütükli kerkawdan, zerewşan arçasyndan ybarat tokaýlyk ýerleşýär. Gün şöhlesi düşmeýän agaçlaryň aşagynda ýylyň bütin dowamynda sowuk, dury suwly çeşme akyp durandyr. Bu jülgede beýikligi 27 metre ýetýän täsin şaglawuk ýerleşýär. Eňňitleri kert darajyk Umbardere jülgesi-de görenleri haýran galdyrýar... Tebigaty we tebigy baýlyklary goramagyň halkara birleşiginiň (TGHB) Gyzyl kitabyna girizilen burma şahly dag tekelerini (marhur), Týan-Şan aýylaryny, alajagaplaňlary, geçigaplaňlary, körýalaňaç balyklary, zerewşan arçalaryny we başga tebigatda gaýtalanmajak, ýitme howpy abanýan ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak we ylmy taýdan öwrenmek, köpeltmek «Köýtendag» döwlet tebigy goraghanasynyň işiniň esasy ugurlarydyr.

Nahal ekseň, ýaşyň baky

Bag ekmegiň halkymyzda iň sogaply işleriň biri saýylýandygyna «Bir nahal ekseň, ýaşyň baky» diýen nakyl hem şaýatlyk edýär. Bag-bossanlygyň diňe bir gözelligiň däl, eýsem, saglygyň, arassalygyň çeşmesidiginden ugur alnyp, agaç nahallaryny ekmek işleri Diýarymyzda yzygiderli alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda badalga berlen bu sogaply işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan işleri, bu künjegiň gysga wagtyň içinde özgerişini synlanyňda, halkymyzyň: «Döwlet bir är başyna geler, bir hem ýer başyna» diýen nakyly ýadyňa düşýär. Ýakyn wagtda müňlerçe raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşy möwç urjak bu döwletli toprak golaýda ýene bir ajaýyp wakanyň şaýady boldy. Bu künjekde geçirilen «Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy» atly açyk asmanyň astyndaky okuw sapagy oba hojalyk pudagynyň 500-den gowrak hünärmenini bir ýere jemledi. Bu özboluşly okuw sapagynda üzümi ýetişdirmegiň agrotehniki kadalary, ideg etmekde ylmy çemeleşmeler, onuň görnüşleriniň aýratynlyklary barada gürrüň edildi.

Adamzat ýaşaýşynyň gönezligi

Adam durmuşdaky ähli zerurlyklaryny, ilkinji nobatda, tebigatdan alýandygy nukdaýnazaryndan seredeniňde, tebigatyň ýaşaýşyň gönezligi bolup çykyş edýändigi hemmelere mälim hakykatdyr. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 28-nji oktýabrynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda guralan ekologiýa ugurly okuw sapagynyň ähmiýeti, maksatlary we netijeleri dogrusynda durup geçmek maksadalaýyk bolar. «Organiki bakjaçylyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy»  ady bilen açyk asmanyň astynda geçirilen bu okuw sapagynyň hem-de onuň dowamynda hünärmenleriň gatnaşmaklarynda üzüm nahallarynyň 500-den gowrak düýbüni oturtmak bilen baglanyşykly çärä giň gerim berilmegi, ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Giň meýdana üzüm nahallarynyň oturdylmagy täze edara ediş merkeziniň ekoulgamyny sazlamaga, şemally günlerde howa akymlaryna goşulyp gelýän tozany özüne siňdirmäge, ýurdumyzda üzüme bolan islegi kanagatlandyrmaga itergi berer. Bu ekologik çäre ýaş nesil üçin görelde mekdebidir.  Halkymyzyň «Bag eken baky ýalkanar» diýen parasatly pähiminiň many taýdan uly ähmiýete eýedigini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyçlaryna esaslanýan

Dünýäniň täsin agaçlary

Iň gadymy agaç günorta Amerikanyň «Alerce Costero» milli seýilgähinde ösýän «Gran Abuelo» atly agaç iň gadymy agaç hasaplanýar. Alymlaryň 1933-nji ýyldaky ylmy gözlegleriniň netijesi boýunça agaç şol wagt 3622 ýaşly diýlip çaklanyldy. Bu bolsa Gran Abuelonyň biziň eýýamymyzdan öňki

Bag — tebigatyň bezegi

Şäher içinde, tebigy zolaklarda, landşafty söýýänleriň howlusynda we onuň çäklerinde ösdürilip ýetişdirilýän ösümlikler howanyň arassalygyny üpjün etmek bilen birlikde daşky gurşawa oňyn täsir edip, ynsanlara aýratyn ruhy lezzeti bagyşlaýar. Ine, şeýle ähmiýetli we netijeli tarapdan tebigy gözellikleri, landşaft gurşawy emele getirmek bilen meşgullanyp, iki ýyla golaý wagt bäri şu ugurda halkymyza giň gerimli hyzmatlary hödürleýän telekeçi ildeşimiz Alişir Ergeşow hem «Jadyly bag» arkaly tebigaty duýmaga çagyrýar. Onuň daşary döwletleriň tebigatyna mahsus dürli bezeg agaçlaryny, baglary, gülleri türkmen topragynda, ýurdumyzyň gündogar sebitine mahsus bolan toprak-howa şertlerinde ösdürip ýetişdirmegi hem-de halkymyza hödürlemegi şu ugurda alnyp barylýan ekologiýa syýasatyna, medeniýetine mynasyp goşantdyr. Eziz Diýarymyzyň bagy-bossanlyga, gülzarlyga beslenýän döwründe şeýle asylly maksatly işleriň ýola goýulmagy tebigatdan lezzet almagy halaýan halkymyzyň hem islegini doly derejede kanagatlandyrýar. Onuň hödürleýän baglarynyň, gülleriniň daşky görnüşi, häsiýetleri, reňk taýdan dürlüligi, görnüş, ösüş babatdaky täsinligi «jadyly baglaryň» dünýäsine syýahata alyp gidýär. Has dogrusy, tebigaty ýürekden duýmaga mümkinçilik berýär.

Labrador

Labradoryň reňki, adatça, çal, gara ýa-da goňur-sary bolýar, ýöne daşyň ýüzünde solak ýaşyl, mawy, gök we benewşe reňkleriň öwüşginini hem görmek bolýar. Labradoryň süýt-ak, ot-gyzyl we ýaşyl reňkli görnüşleri birleşende, daş içinden şöhle saçýan ýaly görünýär. Mineral älemgoşaryň ähli reňkinde bolup, owadan öwüsýändigi üçin, Hindistanda oňa «tawus guşuň daşy» hem diýilýär. Zergärlikde şaý-sepler gaýtadan işlenenden soň, daş has gözel görnüşe eýe bolýar. Zergärler bu daşdan ajaýyp sungat eserini ýasamagy başarýarlar.

Ýyldyzlar näme diýýär? Size gowulyk garaşýar! 2022-nji ýyl Noýabr

1. Hamal (Guzy 21.03. — 20.04.) Noýabr aýy hamallar üçin hereketli geçse gerek. Bu aýda köp zady üýtgedesiňiz geler. Siziň işleriňize kömek etmek isleýänlerem, maslahat berýänlerem köp bolar. Herhal siz öňki aýlarda bitirip bilmän, soňa goýan işleriňiz üçinem jan etmelisiňiz. Her bir başlangyçda diňe özüňize bil baglap, arzuwlaryňyzy hasyl etmek üçin yhlas bilen zähmet çekmekden gaçmaň, ýaltalyga ýol bermäň.

Köýtendaga gar ýagdy

Barha golaýlaşyp gelýän ak paslyň ― gyşyň ilkinji gary Köýtendaga ýagdy. Şeýlelikde türkmen topragy ýene bir gezek ak gar bilen didarlaşdy. Elbetde, oktýabr aýy dowam edýär. Howa birneme salkynlaşan hem bolsa, heniz maýylganlyk höküm sürýär. Bu bolsa oba hojalyk işlerini öz wagtynda tamamlamak üçin amatly mümkinçilikdir. Ýerli ilat Türkmenistanda täze gyşyň ilkinji garynyň Köýtendaga ýagandygyny habar berdi.

Ysy ýakymly ysbatan

Ýaz gelende obamyzyň ýaşulularydyr ýaşlary ysbatanyň gürrüňini edip başlaýarlar. Bitýän ýerlerine ýöriteläp gidýänler-de az däl. Ony tapyp, şäherdäki dogan-garyndaşlaryna sowgat iberip ýörenler-de bar... Meniň bolsa ejemiň doganlarymy, soňra agtyklaryny ýatyrjak bolandaky hüwdüsi gulagymda ýaňlanýan ýaly:

Tut — peýdaly agaç

Ylmy çeşmelere görä, tut agajy Merkezi Aziýa ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda mundan 3 müň ýyl ozal giňden ýaýrapdyr. Şol döwürlerden bäri adamlar onuň tudanasyny iýmit, agajyny bolsa, dürli hojalyk hajatlary üçin peýdalanypdyrlar. Ol biziň yssy we gurak howaly şertlerimizde saýaly agaç hökmünde hem ähmiýetlidir. IV-V asyrlarda ýüpek gurçuklaryny idedip, pile öndürmek, ýüpek almak we ýüpek matalary dokamak senetçiliginiň sebitleriň ilatynyň arasyna ýaýramagy bilen, tut agajyny ýüpekçilik pudagy üçin ýörite ösdürip ýetişdiripdirler. Şunlukda köp asyrlaryň dowamynda adamlar tut agajynyň iri ýaprakly, hatda dänesiz görnüşlerini hem döredipdirler. Tohumy bolmadyk sortlary sapyp, köpeltmegiň-de dürli usullaryny oýlap tapypdyrlar. XX asyryň ikinji ýarymynda tut agajy ekerançylyk meýdanlarynyň daş-töwereginde ekinleri yssy-epgekden goramak maksady bilen ýetişdirilipdir. Tut agajynyň leýlisaça, söwüde meňzeş, şahalary aşak sallanyşyp duran görnüşleri hem bar. Ol seýilgählere, şaýollara, köçelere örän owadan görk berýär. Tut çybyklary sebet, çolpy we hojalykda ulanylýan enjamdyr gurallary ýasamak, mallara agyl etmek üçin hem peýdalanylýar.