Dünýäniň täsin agaçlary

8 Noýabr 2022
992

Afrikada ösýän gara agaç – grenadil agajy dünýä ýüzünde iň gymmat agaç hasaplanýar. Dykyz, ýalpyldawuk agajyň reňki gyzyl reňkden gara reňke çenli üýtgeýär. Bu agaç, saz gurallaryny ýasamakda ulanylýar. Grenadil agajy Tanzaniýanyň we Mozambikiň gurak sebitlerinde ösýär. Bu agaç reňkli agaçlara degişli bolup, olaryň ömrüniň dowamlylygy 60 ýyla ýetýär.

Agar agajy hili boýunça ýokary derejeli hasaplanýar. Ol günorta-gündogar Aziýanyň tropiki tokaýlarynda ösýär. Ondan köp mukdarda nebit alynýar we ol özünden ýakymly ys bölüp çykarýar.

Oguljemal BATYROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.