Tut — peýdaly agaç

26 Oktýabr 2022
863

Ylmy çeşmelere görä, tut agajy Merkezi Aziýa ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda mundan 3 müň ýyl ozal giňden ýaýrapdyr. Şol döwürlerden bäri adamlar onuň tudanasyny iýmit, agajyny bolsa, dürli hojalyk hajatlary üçin peýdalanypdyrlar. Ol biziň yssy we gurak howaly şertlerimizde saýaly agaç hökmünde hem ähmiýetlidir. IV-V asyrlarda ýüpek gurçuklaryny idedip, pile öndürmek, ýüpek almak we ýüpek matalary dokamak senetçiliginiň sebitleriň ilatynyň arasyna ýaýramagy bilen, tut agajyny ýüpekçilik pudagy üçin ýörite ösdürip ýetişdiripdirler. Şunlukda köp asyrlaryň dowamynda adamlar tut agajynyň iri ýaprakly, hatda dänesiz görnüşlerini hem döredipdirler. Tohumy bolmadyk sortlary sapyp, köpeltmegiň-de dürli usullaryny oýlap tapypdyrlar. XX asyryň ikinji ýarymynda tut agajy ekerançylyk meýdanlarynyň daş-töwereginde ekinleri yssy-epgekden goramak maksady bilen ýetişdirilipdir.

Tut agajynyň leýlisaça, söwüde meňzeş, şahalary aşak sallanyşyp duran görnüşleri hem bar. Ol seýilgählere, şaýollara, köçelere örän owadan görk berýär. Tut çybyklary sebet, çolpy we hojalykda ulanylýan enjamdyr gurallary ýasamak, mallara agyl etmek üçin hem peýdalanylýar.

Gülnara BIGAMOWA,
Döwletli etrabynyň Dostluk şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy.