Adamzat ýaşaýşynyň gönezligi

3 Noýabr 2022
756

Adam durmuşdaky ähli zerurlyklaryny, ilkinji nobatda, tebigatdan alýandygy nukdaýnazaryndan seredeniňde, tebigatyň ýaşaýşyň gönezligi bolup çykyş edýändigi hemmelere mälim hakykatdyr. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 28-nji oktýabrynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda guralan ekologiýa ugurly okuw sapagynyň ähmiýeti, maksatlary we netijeleri dogrusynda durup geçmek maksadalaýyk bolar. «Organiki bakjaçylyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy»  ady bilen açyk asmanyň astynda geçirilen bu okuw sapagynyň hem-de onuň dowamynda hünärmenleriň gatnaşmaklarynda üzüm nahallarynyň 500-den gowrak düýbüni oturtmak bilen baglanyşykly çärä giň gerim berilmegi, ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Giň meýdana üzüm nahallarynyň oturdylmagy täze edara ediş merkeziniň ekoulgamyny sazlamaga, şemally günlerde howa akymlaryna goşulyp gelýän tozany özüne siňdirmäge, ýurdumyzda üzüme bolan islegi kanagatlandyrmaga itergi berer. Bu ekologik çäre ýaş nesil üçin görelde mekdebidir. 

Halkymyzyň «Bag eken baky ýalkanar» diýen parasatly pähiminiň many taýdan uly ähmiýete eýedigini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyçlaryna esaslanýan, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini, zähmetsöýerligi rowaçlandyrýan, agzybirligiň nyşany bolan bag ekmek boýunça ählihalk dabarasynyň  ýurdumyzyň ähli künjeginde döwlet derejesinde geçirilmeginiň asylly däbe öwrülendigini bellemek ýakymlydyr.

Welimyrat ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni.